Teswirler (17)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jemgyýetçilik işgäri

"Maňa söýmegi öwret!"

6 minut alar

Senekanyň makalasy maşgala durmuşynyň binýady bolan söýginiň näme üçin krizis ýagdaýyna düşüp, soňam gutarýandygy barada.

Häzirki zaman dünýäsinde ýaş ynsanlar esasan öz saýlap-seçenleri bilen söýgi, özara ymtylma, ysnyşyk esasynda maşgala gurýarlar. Öňki nesilleriň iňňän kämil wekilleriniň hem öň tanamaýan ýa-da daşyndan tanaýan ynsanlary bilen gudaçylyk esasynda bagtly maşgala bolup ýaşanlary bolandyr, oňa söz ýok. Bagtly maşgala bolup ýaşamak üçin, belki, nika çenli söýgi hökmanam däldir. Är-aýallyk söýgüsi nikadan soňam başlanyp biler. Käbir beýik şahyrlarymyz üçin bu, megerem, şeýle-de bolandyr. Emma bu mysallar makalada gozgalýan tema degişli däl. Makala hut erkin, öz-özünden başlanan söýginiň näme üçin öz-özünden gutarýandygy barada. Gudaçylyk esasynda maşgala gurmagy niýet edinýän adamlar beýle makalany okamazam. Olar öz sulhy alyşjak adama duşmagy däl-de, maşgalalaryň ylalaşygy esasynda duşan adamy hormat, mähir, yhlas bilen gurşamagy, öz maşgala borçaryny dürs berjaý edip, öý-ojak gurmagy isleýändirler. Elbetde, söýgini birinji orunda goýýanlaram ahyrynda şony isleýändir, emma söýgüsiz – bolmaz!  Onsoň, elbetde, olar söýdüniň näme üçin gutarýandygyny pikir edýändirler. Olarça, söýgi gutarandan soň, maşgala bagtynyň manysy ýok.

Ine, onsoň Seneka ýaly hünärmenlerimiz söýgüsi krizise düşen şolar ýaly jübütlere kömek etmek bilen meşgullanýarlar. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýallaryň arasyny (şeýle hem ata-eneler bilen perzentleri arasyny) düzetmäge kömek edýän psihologlardan, psiho-analitiklerden, psiho-terapewtlerden, maşgala gatnaşyklary boýunça bloggerlerden, konsultantlardan, kouçerlerden... başlap, jynsy gatnaşyklardaky näsazlyklar bilen meşgullanýan seksolog-konsultanlara çenli söýgi gatnaşyklaryny sazlaýan hünärmenleriň bütin dünýäde giden leşgeri bar. Seneka bu barada bir agyz dil ýaranda biz söýginiň ylma dahylynyň ýokdugyny aýdyp, garşy çykyp bileris, emma, mysal üçin, Türkmenistanyň tutuş raýatlary bir agyz bolup garşy bolsagam, ýene-de şolary diňleýänler dünýäde bizden köp bolar. Şol sferada aýlanýan pullar Türkmenistanyň býudjetinden köp bolar. Bu hünärmenleriň geçirýän bejergileri, berýän sapaklary hem-de ýazýan kitaplary – barysy ylma daýanýar. Olardan peýda tapyp, maşgala gatnaşyklaryny düzedýänler kän.

Umuman, Türkmenistanda hem bu ylymlara garşy çykylanok, ýöne häzirlikçe mümkiçilik ýok. Dogry, bu zatlarsyz, Gurbannazar Ezizowyň döwründäki ýaly ýönekeý we sap ýürekli maşgala ýörelgelerimizi dowam etdirsek, belki, oňa ýetesi zadam bolmajak ýaly. Emma, birinjiden, taryhyň jylawyny yza aýlap bolanok, ikinjiden bolsa, geçmişdäki bagt bize görnüşinden has az bolan. Gurbanazar Ezizow gudaçylyk nikasynda bagtly bolsa, beýle nikada bagtsyzlaryň  müňlerçesi bardy.

Indi, edebiýatyň söýgini düşündirmäge ukyby barada.  

 Elbetde, edebiýat we sungat eserleri durmuşyň aýnasy bolup, ýaş nesil üçin dünýä akyl ýetirmegiň serişdesi hökmünde dünýä barada, jemgyýet barada olara çuň we içgin düşünje berýärler. Edebiýat, umuman alnanda, ynsanyň aň-düşünjesi ynsanperwerleşýär, kalbyny tämizleýär, paýhasyny kämilleşdirýär.  Ruhy medeniýet – ynsanlary ýakynlaşdyrýan, olary birleşdirýän, olary belli-belli ruhy, ahlak, gözellik, çeperçilik gymmatlyklar esasynda jebisleşdirýän güýç. Ruhy baýlyk ynsany diňe bir ajaýyp, asylly duýgulary baş-dan geçirmäge däl, eýsem şol duýgulary paýlaşyp, başga ynsanda oýarmaga hem ukyply edýär. Ruhy hemdemlik, özara düşünişmek ýaşlaryň arasynda, dostlardyr joralaryň arasynda, aýratynam erkeklerdir aýallaryň arasynda kadaly, sazlaşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda zerur şert bolup durýar. Hut ruhy-medeni ysnyşyk ynsan söýgüsiniň kämilligini üpjün edýär.

Emma söýgi hakda şunça köp ündewleri özünde saklaýan ruhy baýlyk, ýagny edebiýat jynsy söýgi barada ylym ýaly peýdaly bolup bilmese gerek. Ylym jynsy söýgi (bu ýerde aýal-erkek arasyndaky sagdyn jynsy-psihologik gatnaşyk barada gürrüň gidýär) barada edebiýata garanda başgaça rol oýnaýar.

Meselem, ol jynsy gatnaşyklary sazlamagyň aňsat, ýönekeý, amaly ýollaryny salgy berip, bu ugurdaky krizislerde kömek edýär.

Edebiýatyň, sungatyň bu ugurda kömegi ýok. Olar gaýtam işi çylşyrymlaşdyryp bilýärler. Bu barada eýýäm aýdylan. Dünýäniň iňňän (eger “iň” bolmasa) uly ýazyjysy L.Tolstoý “Krýserow sonatasy” diýen eserinde sungatyň gaýtam maşgala ahlagyny ýumurýandygyny görkezýär.

Belki, edebiýat we sungat maşgala söýgüsini ýumurýan däldir, emma onuň maşgala söýgüsine degişsiz, gaýtam söýgi düşünjesini çylşyrymlaşdyrýan ýerleri kän.

1-NJI MESELE. Köp ägirt şahyrlaryň, aýratynam filosofik, dini we mistiki äheňli şahyrlaryň “söýgi” diýýäni ynsanyň sagdyn jynsy söýgisi däl. Jelaleddin Rumynyň we beýleki sopy şahyrlaryň şygyrlarynda, şeýle hem olar boýunça aýdymlarda giň ýaýran söýgi motiwleriniň ynsan söýgüsine dahyly ýok. Şeýle söýgi Pyragy atamyzyň sopuçylyk goşgularynda hem bar (“Söýmüşem seni” – Muhammet SAW bagyşlanan, “Aşyk bolmuşam”, “Dilberiň”, “Sataşdym” – Haktagala başyşlanan). Türk, eýran, owgan, arap... sahyrlarynyň aýdym-şygyrlaryndaky “Ýar”, “dost”, “Şa” ýaly ýüzlenmeleriň Hudaýamy, söýgüli gyzamy, hezret Alamy, özi ýaly sopamy... degişlidigini hiç kim, hatda özleri hem bilmeýär. Gyzlar, zenanlar şeýle edebiýaty halamaýan bolsalar gerek. Çünki olaryň sagdyn jynsy söýgä edýän täsiri şübheli.

2-NJI MESELE. Diňe sopuçylyk edebiýaty däl, orta asyr söýgi edebiýaty tutuşlygyna diýen ýaly adaty maşgala gatnaşyklaryndan üzňe bolan. Göräýmäge gös-göni erkek-zenan söýgüsine bagyşlanan dessanlaram maşgala gatnaşyklary üçin nusga bolup hyzmat ederden howaýy bolupdyr. Adamlar olary toý-üýmeleňlerde diňläp hezil etselerem, olary durmuşda gollanma edinmek barada pikirem etmändirler. Sebäbi olarda beýan edilýän adaty sagdyn söýgi däl-de, “sewda” diýilýäni. Adatça gahrymanlaryň 7 ýaşynda başlanan bu söýgi 7 ýyl aýrylykdan soň heläkçilik ýa-da bagt bilen tamamlanypdyr. Bagt bilen tamamlananda olaryň maşgla ojagyny gurup, çagaly-çugaly ýaşandyklary aýdylmaýar. Ol dessanlary diňläp, jadyly täsirine maýyl bolup oturanlaryň hiç biri hem öz öýüne gelende, ogluna ýa gyzyna beýle söýgüni islän däldir. Meslem, haýsy ata öz ogluna Mežnunyňky ýaly söýgini islär? Beýle söýgi dessanda ýagşy. Mežnun Leýliniň sypatynda aslynda Haky söýüpdir diýýärler. Her niçigem bolsa, ol telbeligini goýsa, Leýlini bermäge razy bolýarlar, ol açylmak islemeýär. Ýa-da aşyk Hemranyň aýdymlaryndan näçe diýseň lezzet alanlar öz ogullarynyň iki gyza aşyk bolup, ikisine hem öýlenjek bolup ýörmesini oňlamazlardy. “Ol bir dessan ahyry” diýýärlerdi. Ýa-da dessany diňleýärkä Şasenemiň namalaryna şunça maýyl bolan ata öz gyzynyň onuňky ýaly nikadan öň söýgülisi bilen aýlap-aýlap bile ýaşaşmasyny göz öňüne getirip bilmezdi. Mahlasy, bu dessanlar, bu edebiýat adaty söýgä nusga däldi.

3-NJI MESELE. Edebiýatdaky söýgi köplenç eflatun söýgüsi (platonik söýgi) bolup bilýär. Beýle söýgi bolsa maşgala gatnaşyklaryna binýat bolup bilmeýär. Orta asyrlarda rysar söýgi aýdymlarynda aşyk rysarlaryň söýgüsi esasan wysal bolmajagy bes-belli obýektlere bagyşlanypdy. Meselem, öz hojaýyny bolan senýorlaryň aýallaryna. Bu söýgini senýorlaram bilýärdiler, emma garşy däldiler, gaýtam guwanýardylar (diňe daşyndan ahyryn). Käbir rysar şahyrlar bolsa, musulman sopular ýaly, dini obýekte, ýöne Hudaýa däl-de, bibi Merýeme aşykdylar. Bu barada Puşkide-de bardyr. Has beteri hem, orta asyr däplerinde erkekleriň platonik söýgüsi hökman zenana däl, eýsem erkege hem degişli bolup bilýärdi. Meselem, Şekspir öz sonetlerinde söýgi barada pylan soragy orta goýupdyr diýýärler. Şekspiriň söýgüsiniň Senekanyň çykyşynda gozgalýan normal söýgi baradaky meselä dahyly bolup bilmez. Şekspiriň  sonetalaryndaky gahrymanyň (ol awtobiografik häsiýetde bolsa gerek) söýgülisiniň biri erkek, beýlekisi zenan. Ýagny onuň iň esasy söýeni – saryýagyz erkek, soň bir garaýagyz zenany hem söýýär. Şekspiriň iň ajaýyp söýgi şygyrlary şol erkege başyşlanan. Bu Şekspiriň geý bolandygyny aňlatmaýar. Bu orta asyrlarda giň ýaýran platon söýgüsi.

Mahlasy, jemläp aýdanymyzda ýönekeý ynsan söýgisini şol bolşy ýaly düşündirip, syrlaryny açyp, häzirki zamanyň her bir adamyna söýgi, jynsy, seksual, maşgala abadançylygyny elýeterli etmäge çalyşýan ylym (elbetde, bu ýerde biznes hem bar) bilen deňedirilende, edebiýatda beýan edilýän söýgi hakdaky düşünjeleriň gaty giň, ummasyz we adaty durmuşa amaly taýdan dahylsyzdygyny aýtjak bolýaryn.  

 

375 |