Teswirler (10)

Ýüklenýär...

Gurbannazar näme üçin goşgyny gowy gördi?

2 minut alar

Gurbannazaryň ýazan beýdiniň haýsydygyny aýtmankam goşgy hakynda biraz gürrüň bereýin.  Ýalňyşan söýgini görmedik bolsam ony ýazyp bilmezdim. On dokuz ýaşymda ol maňa şeýlebir täsir etdi, özüm şeýle güne galan ýaly boldum. 

Hiç kimem söýgiň ýalňyşmasyn diýmeýärdi. Maňa söýjegiňi bilip, tanap söýgün, ýalňyşmagyn diýýärdiler. Emma seniň bilmegiň, tanamagyň ýalňyşmajagyňa kepil bolup bilýärmi? Ýok. Onda näme etmeli? Men söýgiň özüne ýalňyşma diýdim. Söýgüden dileg edip bolmaýar. Dileg Alladan edilýär. Men dilegi Alladan etdim. Ýogsa goşguda söýgüden dileg edilýän ýaly okalýar. Ýöne men özüm ýaly birine ýüzlenen ýaly söýgüme ýüzlendim. Oňa tämizlikde synaljakdygyny, bu dünýede meniň goýup gitjek yzlarymyň (neslimiň) onuň bilen yzlanjakdygyny aýtdym. Şonuň üçin ol özi ýaly başga bir söýgüniň jogaby boljak bolmaly däldir. Öz söýgüsi üçinem jogap islemeli däldir. Eger muny etse, söýenleri üçin zor bilen söýmeli bolar. Söýmeselerem kyn güne düşüp, Asmanyň çagbalap ýagýan ýagyşy ýaly aglamaly bolar. Iň ýamanam iki söýgi algy-bergi ýaly bir zada öwrüler. Özem şeýle bir öwrüler, ony mazaryň öň ýüzünde, ýagny soňky demleriňde bilip galarsyň. Eger sen ýalňyşaýsaň ony düzetjek bolaryn. Ähli güýjümi, gaýratymy goýaryn. Emma etjek alajym bolmaz. Çünki söýgi ýürekden gaýdýar. Söýgä söýgüden başga erk edýän zat ýokdur. Kebelekler aşyk bolan ýagtysyna, oda dogry urulýandyrlar. (Hakykatdanam, kebelekler öz jübütini gözlänlerinde ýagtylyk çykarýarlar. Şol ýagtyny görübem jübüti oňa tarap uçup gaýdaýar). Şonuň üçinem hak söýgüni söý, özem ýalandan bolmasyn. 

Bu goşguda adaty söýgi lirikasyndaky göz-gaşam ýok, gara zülplerem. Hatda owadan gülem, tebigatam ýok. Oňa derek söýgiň özi bilen, ony şeýle hormatlap gürleşmek, ýüzlenmek bar. Hemme aýdylýan zatlaram ýürekden. 19-ýaşlyň çyny bilen aýdan zatlary. 

Gurbannazar muny bada-bat bildi. Goşgymy begenip alyp gitdi. Menem ýazan zatlaryňy mydam şeýdip ýüregiňde näme bar bolsa şony aýdyp ýazmalydygyna düşündim. Häzirem şoňa eýermäge çalyşýaryn. Ony okap kim “ýürejige” ikirjiňläp bassyn, ýa asla basmasyn meniň işim däl. Meniň işim ýürekden ýazmak.

Gurbannazaryň küplediniň tanatmaýandygyny ýaşlaryň oňa şeýle ökde öýkünip bilendikleri bilen düşündirmäge çalyşýarlar. Hawa men ýazan zadyňy ýürekden ýazmalydygyny Gurbannazardan öwrendim. Ýöne hiç wagt oňa öýkünjeňlik etmedim. Onda näme üçin onuň setirleri tanadanok? Bu ussadyň ussatlygy. Onuň goşgyň süňňüne düşünenligi hem oňa goşan kupledini onuň süňňünden çykarandygy, onuň zoňtaryp durmazlygyny gazanyp bilendigi üçindir. Okyjylaryň hersiniň bir kupledi tutandygam muňa şaýat. Hatda oňa başga bir saýtda bir poçerkde ýazylypdyram (hemmesini bir adam ýazypdyr diýen manyda) diýdiler. Iň dogrusy bolsa 3-nji kuplet. Mazaryň öň ýüzünde ýaka tutjakdymy men on dokuz ýaşymda göz öňüne getirip bilmeýärdim. Onda-da mydam ölüm bilen urşup ýaşan, aýralyga çuň düşünen Gurbannazar ýaly göz öňüne getirip bilmeýärdim.  

 

211 |