Gir
Makala
#syçansöýgüsi

Söýgümiz syçan söýgüsimi?

@ilyas · 10-njy dekabr, 2023 · 2 minut alar10 dek 2023 · 2 minut alar

Söýgüniň haçan gutarýandygy hakyndaky makala köpleriň ünsüni çekdi. Ony menem okadym. Bir hili düşnüksiz duýgular başymdan geçdi. Ylmy taýdan subut edilen. Gormonlar eken meseläni çözýän. Bolup biler diýdim, içimden. Biz iýen zadymyzyň aşgazanymyzda nädip ereýändigini görmeýäris. Muny bize ylym düşündirip dur. Biz kislorody içimize sorup, kömürturşy gazynam demimizi goýberemizde daşyna çykarýan ekenik. Muny bize ylym aýtdy. Bizem onuň dogrudygyna ynanýas. Hakykatdanam adama dem almak üçin arassa howa gerek. Irden turubam ýatan jaýymyzyň howasyny çalyşmak bilen bolýarys. Söýgüde-de şeýle bolaýmasyn? Ylym bize ony düşündirip dur. Emma biraz pikir edeliň, ylym söýginiň nämedigini bize açyk aýdyp bilýärmi? Jynsy gatnaşygyň nämedigini ol bize düşündirýär. Söýgi diýip aýdýanam şondan aňry geçmeýär. Biz çyçan däl ahyryn. Biziň söýgümiziň manysam jynsy gatnaşykda däl.

Ylmy taýdan bir meseläni düşündirmek üçin öwrenýän meseläň ilki nämedigini bilmek gerek. Söýgiň nämedigini ylmy taýdan bize düşündirip bilen ýeke alymy bilýärmisiňiz? Şekspiriň söýgi sonetlerinde goýan soraglaryna ylym jogap berip bildimi? Ýogsa ondan bäri näçe asyrlar geçdi. Sonetlerden ikije setiri mysal alaýyn: 

 

“Чья вина что она,

Куда милее чем прочие?” 

 

(Onuň maňa başgalardan has mähribandygy kimiň günäsi?)

 

Söýgüniň nämedigini düşündirmek üçin ýazyjy şahyrlaryň şu wagta çenli eden synanşyklaram netije bermän gelýär. Ylmy taýdan söýgüni düşündirmek bolsa asla mümkinem däl bolsa gerek. Ylym näme üçin biziň nahar edinesimiziň gelýändigini aşgazanymyzyň bölüp çykarýan suwuklygy arkaly düşündirip biler. Ýöne söýgi işdä däl, özem aşgazandan gaýdanok. Ylym bize dopingiň güjümize güýç goşandygyny düşündirip biler. Ýöne söýgi gara güýjem däl. Kompýuteriň kömegi bilen adamy ol küştde-de utup biler. Ýöne söýgi aňdanam aňyrdaky bir zat. 

Söýgi ylyma sygmaýar. Syçanlaryň söýgüsini düşündirmek bolar mümkin. Eger ynsanyň söýgüsem syçanlaryňky ýaly boljak bolsa, bagyşlaň welin, ejelermiziň, kakalarymyzyň söýgüsi biziň dünýä inmegimiz bilen gutardymyka? Olaryň söýgüsiniň gutarmazlygy üçin zyna gerekmi? 

Öte-de geçip barýan, bagyşlaň. Ýöne, söýgüniň gutarýandygyny okanyňyzda siz nämäň pikirini etdiňiz? Ýene bir gözele ýa ýigide duşmagyňmy? Onda näme üçin är-aýal bolup ýaşamak düzgüni döredikä? Ýa şol düzgünmikä biziň söýgümizi öldüren? Bu sowala ahmal diýip jogap bermegem eýýäm azgynçylyga, adamzady gorpuň gyrasyna eltenokmy?

Söýgi gutarýan bolanda Halnabat gelnejemiz (Gurbannazar Ezizowyň aýaly) söýgülisiniň, şahyryň guburyna gör näçe ýyllap gidip ýörmezdi. 

Aýdylan zada eşiden badyňa ynanma, öz akylyňdan geçir, ýazylan ýerini, çeşmesini sora diýilýär. Indi şeýle döwür geldi okan zadyňa-da, ýazylan zada-da ynanma, akylyňdan geçirmeli, onuň näme maksat bilen ýazylandygyna düşünmeli bolýas. 

Öte geçen bolsam bagyşlaweriň.  

6

6 jogap

Hawa her kim öz düşünjesinde galar hiç kimede peýdasy bolmaz emma gyzykly bolar .ýöne hiç kimiň pikir düşünjesi iň soňky hakykat däl.

Ýogsa näme. Men edebiýatçy hökmünde garaýan söýgiň gutaryp-gutarmaýandygyna, seneke ylmy tarapdan seredýär. Söýgüsi gutarýan adamlaram kändir. Söýgüsi ýok adamam ýaşap biler. Ýöne köpümizde söýgi özümiz bilen gutarýar. Dünýeden ötýäs hemmesi, bu dünýelik zatlaryň hemmesi gutarýar.

Ýok, gyzykly bolar öýdemok. Her kim öz düşünjesinde galar. Ondan hiç kime peýda-da bolmaz. Düşünjege (özüçe) düşüner ýaly edip iki tarapam garaýyşyny aýtdy. Senekaň ylymyna uly hormatym bar.

Ilki nähili jogaplar gelerkä diýip garaşdym. Pikiriňizi beýan etmegiňize hormay goýýaryn, emma makalama ýalňyş düşünipsiňiz, we köp zatdan bihabar. Elbetde syçan bilen adamyň söýgisi deň däldir, men "syçan bilen adam deň" diýmedim ahyryn. Syçanlaryň derňewlerde ulanylmagynyň sebäbi, olaryň DNK-synyň adamlara gaty ýakynlygy, beýin işlerinde käbir meseleleri anyklamak üçin ulanylýar. Bilim adamlary "söýgi barmyka" diýip, kelle döwenoklar. Beýindäki täsirleri ölçäp, nähili ýagdaýda nähili garşylyk berýändigini anyklap (B ýere basylsa A garşylyk, dopamin we ş.m), bir tezis döredýärler, şeýlelik bilen, adamyň söýen wagtyndaky beýinde emele gelýän himiki reaksiýalary kesgitläp, bir netije çykarýarlar. Söýgi diýlen zat ýürekde däl, beýinde döreýär

Şol sebäpli söýgi beýindäki himiki reaksiýalaryň netijesinde döreýändigi üçin, bilim adamlaryna görä söýgi bir himiki reaksiýadan ybarat, we reaksiýalaram wagtyň geçmegi bilem pese gaçýar, sebäbi hiç zat çäksiz däldir (adamyň tentekliginden başga). Söýgini bize düşündirenoklar (bu edebiýatyň işi), emele gelýän garmonlary we bularyň dowamlylygyny, haýsynyň näme edýändigini, nähili täsir berýändigini, bedeni nähili üýtgedýändigini, psihologik üýtgeşmeleri kesgitleýärler. Bu ýerde syçanlaryň söýgüsi düşündirilenok.))

Ýene 1 jogap

Dopamin garmony hakda gözleg edipdim we okap hiç zada düşünmändim."Söýgi näme üçin gutarýar" makalada türkmençe we mysallary bilen düşündirişini okanymda düşündim.Dopamin sowalyma jogap tapanym üçin maňa şol ýeri peýdalydy.Hut şol sebäpli peýdaly we gyzykly diýip teswir ýazdym.Söýgüniň gutarmaýandygyna ynansak-da näme üçindir iňkise gitdik.Munuň sebäbi bolsa "ylmy taýdan subut edilen" jümlesiniň adamlarda ähli meselede psihologik gazlaýting oýarýandygy üçin bolsa gerek...

6

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç