Teswirler (7)

Ýüklenýär...

Men söýermen göwnüm üçin

12 minut alar

Hawa, nähili düşünsegem, bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanda Şährişemistan diýen bir şäher bar eken. Bu şäheriň owadanlygy belent-belent binalarynda bolman, şol binalaryň mähir bilen gurulanlygynda eken. Jaýlaryň diwarlary kerpiçdenem däl, betondanam däl, mähirdenmiş. Düşegi aýnadan ýasalan köçeler ýöremäge şeýle rahatmyş. Maşynlar onuň ýüzünde edil suwda akan ýaly akyp barýarmyş. Aýna köçeler döwülmez eken, jaýrylmaz eken, öwrülmez eken, kesişmez eken. Adamlaryň ýanyndan gara kölegeleri däl, öz aýdyň şekilleri aýrylmaz eken. Şol şekillerden adamlar biri-biriniň ýüzüne göni seretmän, garry ýa ýaşdyklaryny däl, hal-ýagdaýlaryny görer ekenler. Içiňdäki duýgulara gaplanyp, özüň bilmän gussa batyp, ýüzüňi aşak sallaýsaň dagy, ýoluňda görünýän keşbiňe öz nebsiň agyryp, nädip ýylgyranyňy bilmän galýan ekeniň. Ony görüp töweregiňde-de birgiden ýylgyryşlar peýda bolar eken. Aýna düşýän şekil şekiliň üstünden geçende biri-birini mährem gujaklaýan ýaly bolar eken. Ol ertekisini joşup ýazyp otyrka, gijisinem unudyp, stoluň aşagyna uzadan aýagyny özem bilmän, gezekli gezegine ýelkilledýärdi. Mundan keýp alýardy. Diwardan asylgy aýnada „gujaklaşýan şekiller“ görenen ýaly boldy. Birdenem ol görnüşler ýitip, ýerine geň galyp otyran öz şekili geldi. Ol aýnadan çalt ýüzüni sowdu-da ertekisini dowam etdirmäge hasam hyjuwlandy. Aýna köçeleriň gyrasynda ýaşyl baglar öser eken. Güller, gök maýsalar çar töwerekde nagyş ýaly çyzylyp, ülpüldäp oturansoň göçüp-gonup ýören guşlaram bu şäheri terk etmeýärmiş. Maşynlar tüsselemeýän ýalymyş. Beýle owadan şäherde tüsseläp ýörmekden utanjyna, bir näsazlyk tapyp tüssesi artan maşynyň özi sakga durberýän bolmasyn? Ýok, Şährişemistanda şeýle bir ussalar bar, olar maşynlar ýörände çykarýan tüssesi, adamlaryň dem alanda çykarýan demindenem az bolar ýaly edenmişler. Şäheriň ortarasyndan akýan, akýany akmaýanam bildirmeýän, ýüzündäki owunjak tolkunlar oňa bezeg üçin berlen ýaly görünýän derýaň suwunyň reňki Asman bilen reňkdeş – göm-gök bolansoň, onuň bilen ornuny çalyşdymyka diýdirýärdi. Derýa ýokarda, ýüzünden bulutlar suw ýaly akýar. Asman aşakda, onuň ýüzünde daň atyp Gün, agşam düşüp Aý dogýarmyş. Suwunyň durulygyndan ýaňa derýaň içine iňňe gaçsa görüner durar eken. Ýüzüp ýören gyzyl balyklaryň topary bu derýanyň düýbünde çigildemler açyldymyka diýdirse, ak hem altyn balyklar derýadan çopantelpekler akyp gelýärmikä diýdirýän eken. Gyzlaryň başyndaky öýmesiniň şemala ülpüldeýişine meňzäp, saz edip tolkunlar gelýär. Hem gelýär, hem gidýär. Kenarda dörän ak köpürjikler bolsa, çogan süýdüň köpügi ýaly ýumşak hem göze ýakymlymyş. Şährişemistan şeýle bir şäher, şeýle bir şäher... ertekilerdäki şäherler ýaly şähermiş, görenler görküne haýranmyş. „Ertekilerdäki“ diýen deňeşdirmesindäki çeperlige ol hoşal boldy. „Hakyna seretseň meniň Şährişemistanym ertekilerdäki şäher däl, hyýalymdaky şäher. Häzir hyýalymdaky köçä çyksam, gara kölegäme derek aýnadaky aýdyň şekilimi görsem, hyýalymdaky ýalam ondan ýöresem... Hyýalyň bardygam bir gowy zat. Megerem, her kimiň öz hyýaly, özi üçin iň oňat edebiýatdyr, iň oňat eserdir. Şol eseriň baş gahrymanam her kimiň özi! Hemmäň hyýalynda üýtgeşik ýaşaýyş bar bolansoň, adamlar bu başly-barat, öýkeli-kineli hakyky durmuşa ähmiýedem bermän ýaşap ýör... Kimi hyýalynda jennetde ýaşaýar, kimi dowzahdan halas bolmagyň aladasynda... Wah, jenneti bolup ýaşasadyň, dowzah seniň üçin gurulmadyk ýaly bolsady... Men ýene hyýalyma aldanýan.“ Maňlaýyndaky ýygyrtlary, duluklaryndaky galyň gasynlary ýazjak bolup, äýnegini aýyryp, gözüni-ýüzüni owkalaşdyrdygyça, ýüzünde ak kagyz düýrlenen ýaly, gasynlary beter köpelene meňzedi. Gözüniň ümezi has artdy. Diwardan asylgy aýna bakdy. Gözi äýneksiz bolansoň aýnadaky şekili bulaşyk görünýärdi. Äýnegini dakynyp seretdi. Soň ondan ýüzüni öwrüp özüne: „Hany badymyzy gowşatmaly, nirä barar, bu... erteki“ diýdi. Özüne oňaýly goýjak boldumy, ýa öz göwnüni özi göterjek bolup eden hereketinden boldumy, süýşüren kagyzy tas aýalynyň goýup giden çäýnegini agdarypdy. Tisginip, bir eli bilen çäýneginiň depesinden basyp saklamaga ýetişdi. „Ýazdyrjak däl-ä bular maňa, ýazdyrjak däl-ä“ Janyndan syzdyran bu sözlerini ol daşyndan aýtdy. Birdenem aýaly özüni synlap, näme diýeninem eşidip duran ýaly kellesini galdyrdy. Aýaly görnenokdy, açylan telewizoryň çala sesi gelýärdi. Diňe, aýna ondan gözüni aýyrman, eden hereketini gaýtalap durdy. Ýykylman galan çäýnegi usullyk bilen öňüne çekdi. Aýalynyň eliniň yzlaryny görjek bolýan ýaly oňa içgin-içgin seretdi. Soňam görjek bolýan zadyny tapmadyk ýaly ony yzyna süýşürip goýberdi. „Nädip ýazjak, näme ýazjak?“ „Ýazaryn, ýazaýmaly, bar zady unutmaly. Diňe Şährişemistan bar dünýede, diňe ertekim“. Şährişemistan jennet däl, bir günden bir gün onuň dury derýasy bulanmaga başlady. Adamlaryň ýüzünde mähir azalyp, gahar köpeldi. Çünki olaryň hemmesi jenneti adamlar däldiler. Süýji sözlere derek, göwne degmeler artdy. Iň ýykylmagy aňsat zat göwün boldy. Ýykylan göwünleriň harabaçylygy ýürek gysdyrjydy. Asmanyňam görki gaçdy, derýaňam. Maşynlaryň tüsselemesi artyp, köçeleriniň ýagtysy öçdi. Şekilleriň ýerine gara kölegeler döredi. Gapylara gulplar uruldy. Mundan ozal çagalarynyň eljagazyndan tutup köçä çykýan adamlar, indi agyzlary tor bilen baglanan itleri yzlaryna tirkäp ugradylar. Ine şeýle günleriň birinde-de derýaň kenarynda bir ýigit gama batyp otyrdy. Onuň ýüzüniň reňki bulançak suwuň reňki ýaly solgundy. Şol wagt onuň gaşyna bir altyn balyk ýüzüp geldi-de, şäheri halas etmegiň syryny aýtmaga başlady. - Eý, ýigit, müň gaýgy bir iş bitirmez. Derýa bulançagam bolsa, seniň ýüregiň tämiz. Tüssesi şäheri ýuwdup barýanam bolsa, seniň demiň baharyň sergin şemaly ýaly arassa. Men diňe seniň hatyraňa başyňyza düşen beladan halas bolmagyň ýoluny aýdaýyn. Emma ony nädip başaryp boljakdygyny men bilmeýän. - Aýtsana, tylla balyk belki bir alajy bolar. - Aýtsam, şäherde iki aşyk ýaşap geçmeli. Olar ömür boýy biri-birlerinden gözlerini aýryp bilmän otursalaram, sesleri biri-birine ýetip dursa-da, biri-birlerine elleri ýetmeli däl. Şeýle günlerinde-de ýene özlerini bagtly saýmaly. Aşykdyrlar, hak aşykdyrlar, emma muny hiç kimse bilmez. Olar diňe ölenlerinden soň barlyşmaly. - Haý, tylla balyk, bulançak suwuň içinde nämeler diýip duranyňy özüňem bileňok öýdýän. Heý iki aşygyň biri-birine sesi ýeter-de eli ýetmezmi? Heý iki aşygam biri-birini görüp durar-da barlyşyp bilmezmi? Gülüne ýetmek üçin bal arysy nijeme menzilleri aşmyýarmy näme? Perwana aşygyna gowuşmak üçin özüni oda urmaýarmy? Perhat Şirine ýetmek üçin daglar gazmadymy? Ýa Tahyr Zöhre diýip sandyk içinde derýada akmadymy? Züleýhany diýsene! Öz guluna aşyk bolup, guluna gul bolmaga kaýyl bolmadymy?Ýa Romeo... Ýigit bir seretse tylla balyk bulançak suwda gözden gaýyp bolupdyr. Ol tylla balyga ynanjagynam bilmedi, ynanmajagynam. Ylgap baryp bu wakany ilki duşanyna aýdyp berdi. Soň ikinjisine, üçünjüsine, dördünjisine... Kime gürrüň berse, çäre gözleşmekden geçen, gaýta üstünden güldüler. Ol ýigidem şondan soň Şährişemistany halas etmegiň ýolundan söz açmasyny goýdy. Kellesine gelen, ertekisine sygmajak pikirler ertekisiniň arasyny böldi. „Bu ertekem däl-le! Adam mydam şeýle. Töwerek tüm garaňkylyk. Garaňkylygyň arasynda bir yşyk görner. Oňa dogry gitseler tümlükden gutuljakdyrlar. Yşygy ilki gören töweregindäkilere-de ony görkezmäge çalşar, olary halas etjekdir. Emma biri tapylar: „Yşyk diýýänimiz salgym bolaýmasyn? Men ýagtyny barýan ugrumyzyň ters tarapynda görýän“ diýer. Hemmeler sakga durar. Dogrudanam garşy tarapda-da yşyk bar ýaly. Kim aýdyp biljek indi haýsysynyň salgym däldigini? Iki arada galarlar. Hakyky yşygy göreni taşlar giderler“. Ol bu pikirlerini ertekisine goşmak isledi. Emma, nädip? „Goşguda bogun sanyna seret, setir sanyna seret, bolmanda sazlaşygy aýdyp durandyr, artygyny-kemini. Proza bir jana dert. Gerekmejek zatlary ýazyp oturan bolsaňam, iň geregini ýazman goýup barýan bolsaňam bellisi ýok. Ertekimikä bir bü? Ertekiň nädip ýazylýanyny bilemog-a“. Ol elindäki galamyny petde kagyzyň üstüne gaharly taşlanda, kagyzy ýüzüne urlan ýaly titiräp gitdi. Muny duýup, ol derrew galamyny yzyna aldy. Kagyzda näme günä, galamda näme günä? Häzir iş stolunyň başyndan turup gidäýse, ertekiň dowamyny ýazmajagyny syzdy. Ýazanlaryny, özüne buýrup, birlaý gaýtadan okap çykdy. Bu näme, ylhamyň oýnumy ýa beýnisi ertekini ýazmagy dowam etdirmejek bolup gaçyp atalga tapdymy, atasy pahyrdan eşiden wakasy onuň ýadynda oýandy. Togsana golaýlap ýogalan atasy. Garryja atasy... Hasaplap gördi, bu wakany başdan geçirende ol özi ýaly – kyrk ýaşlarynda eken. Şol gyş on töweregi düýeli bolup atasy pahyr Daşoguza argyşa gidipdir. Bärden ugranlarynda beýle bir sowugam däl eken. Howaň sowap, garyň ýagmasy olar Daşoguzdan yzlaryna gaýdyp gelýärkäler, çölüň ortasyna ýetiberenlerinde başlapdyr. Şeýle bir gar tozaýarmyş, gökden ýagýarmy, ýerden göterilýärmi aňşyrar ýaly bolmandyr. Häzirki ýaly maşynyň pejini ýakyp, ýuwaşja ýöräbereýin diýjek gümanyňam ýok. Ulaglary ýükçi erkek, düýe. Olaram syrgyndan ýaňa biri-birine penalajak bolup, bozlaşyp duranmyşlar. Has beterem on adamyň hersi bir kelle. Biri ýel ýatýança bir oýda düşläliň diýýär, başga birem: «Ýeliň haçan ýatjagyny nä bilýäň? Sowugy göreňokmy, bir ýerde durdugymyz doňup galarys, ýöräliň» diýýär. Durjak bolsaň nirede durmaly, ýörejek bolsaň, haýsy tarapa ýöremeli? Ne penalar ýaly ýer bar, ne-de gidere ugur. Gündogaram bildirenok, günbataram. Sowukdan, syrgyndan ýaňa masalahatlaşara-da ýagdaý ýok. Ahyry atasy ýoldaşlaryna: «Menden galmaň, yzyma düşüň» diýip, zordan sesini eşitdiripdir. On düýeliň ýedisi bir ugra, onuň yzyna düşüpdir. Üçüsem muňa razy bolman düýeleriniň başyny başga tarapa öwrüpdirler. Olary «Terse gidýäňiz» diýip, saklajagam bolupdyrlar, etmändirler. Käbir adamyň kyn gününde hasam kejeňekligi artýar. Şol üçüň birem şeýle adamlardan eken: «Siz terse gidýäňiz» diýip, öz diýenini tutup durupdyr. Ýakyn garyndaş bolansoňlar, ýanyndaky ikisem oňa janyny ynanypdyr, gepindenem çykyp bilmändir. Garaz, düşünşere maý ýok, her kim özüniňkini dogry hasaplap, öz ýoluny tutupdyr. Atasy münüp oturan garry erkeginiň owsaryny boýnuna atyp, «Oba özi elter» diýip, ýoldaşlary bilen bir tarapa, ol üçüsem başga bir tarapa gidiberipdir. Münüp oturan erkegine her näçe ynansa-da, tä gumdan çykýançalar atasynyň ýüreginiň howsalasy ýatmandyr. Birdenem, demirýola ýetipdirler, emma bu Aşgabadyň deňimi, Tejeniň deňimi, ýa Bäherdeniň töwereklerimi belli däl. Nire bolsa-da, ilatly ýere gelenlerine şükür edipdirler. Soň, seretseler, erkek ýalňyşman eken, olary öz obalarynyň deňinden çykarypdyr. Şeýdibem halas bolupdyrlar. Terse giden üç ýoldaş bolsa bir hepdeden soň Daşoguz eteklerinde tapylypdyr. Elini-aýagyny, gözüni-gulagyny sowuk aldyrany haýsy, bolsa-da ölmän galypdyrlar. „Ine saňa erteki! Durmuşyň ertekisi! Indi olar ýaly argyşa gitmegem ýok, garry inerlerem. Atam ýalňyşaryn öýdübem gorkmandyr. Häzir diri bolan bolsa: «Ýoldaşlaryň hiçisi saňa gulak asman, «Biz bir garry erkegemi janymyzy ynanmaly?» diýen bolsa näderdiň?» diýip sorardym. Megerem, atam ýeke giderdi, ýöne dogry ýolundan çykmazdy. Belki, özüne şeýle ynamy bolany üçin beýleki ýoldaşlary ondan galan däldir... Erteki, eger çynym erteki, onda-da nähili erteki! Men bolsam özümden toslap erteki ýazaýyn diýip masgara bolup otyryn. Wagtynda bu wakadan bolmanda gül ýaly hekaýa ýazyp bilerdim. Goşgy diýip ýapyşyp ýatypdyryn“ diýip pikir etdi. „Goşgy... goşgy...“ diýip içinden gaýtalap ol ýuwaşlyk bilen ýerinden turdy. Aýalynyň açan, telewizorynyň sesine diňşirgendi. Kitap tekjesiniň öňüne bardy. Bir kitaby hatardan çekip alyp, içindäki gizlengi duran suraty çykarmanka, suratdaky on sekiz-ýigrimi ýaşlaryndaky owadan gyzyň ýylgyryp durşy göz öňüne geldi. Aýalynyň gyzka, synalary abatka düşen suraty. Içinden „Häzir gerek däl...“ diýip, ýaýdanyp, eline alan kitabyny gatynam açman yzyna goýmakçy boldy. Emma hälki arabaň yzyndan ýapyşyp ýetişmänine ahmyr edip oturan elleri aňyndan öňürtdi. Kitabyň gaty açyldy, içindäki suratam akyp diýen ýaly eline geldi. „Şu suraty elime aljak bolup kitaplarymyň ýanyna gelmedimmi näme?..“ Birmahalky oňa seredip goşgy ýazan gezeklerindäki ýaly gözleri süzüldi. Oňa seredip otura-otura ýitiren wagtyna gynanjagyny bilse-de, häzir onuň şeýdip wagtyny ýitirjegi çynydy. Çünki munuň özbaşyna bir lezzeti bardy... Ony ilkinji gezek eline alan gününi ýatlady. (Ýogsa bu ýatlama gör näçinji gezek ýatlanýandyr?!) Aýal dogany getirip beripdi. „Owadanmy?“ diýipdi. Ol bolsa dili tutulan ýaly jogabam berip bilmändi. Bir zatdan gorkýan ýalymydy, ýylgyrýarmydy, ýygralýarmydy, aljyraýarmydy – sesi çykanokdy. Aýal dogany ýene: „Owdan gerek?!“ diýdi. Ondan ýene jogap bolmady. Dogany o gyzdan suraty alyp bilşini uly gahrymançylyk hasap edýärdi. Gyzyň suratyny bermejek bolşuny, özüniňem her hili sözler bilen ugruny tapyp suraty alşyny, hezil edip gürrüň berýärdi. Ol ýa gürrüňiniň diňlenýänine diňlenmeýänine ähmiýedem bermeýärdi, ýa-da jigisiniň sessiz durşuna özüni diňleýändir diýip düşünipdi. Jigisiniň welin gulaklary gapykdy. Dili lal açypdy. Diňe gözi, gözem diňe suraty görýärdi. Seredip duran suraty surat däl-de, lagl-jowahyrmy ýa başga bir planetadan gelen üýtgeşik bir jisimmi, henize çenli görmedik bir zady ýalydy. Gözi, gaşy, çala ýylgyrmasyna gerilen dodaklar... suratdaky islendik nokat täsindi... Soň ol ony näme etjegini bilmedi. Stolunyň çekmesinde goýup gördi. Depderiniň arasyna saldy. Kitabyň sahypalarynyň arasynda gizledi. Ýanynda göterdi. Maý tapdygy oňa ýene, ýene, ýene seredesi geldi ýördi... Ýatlamasynyň şu ýerine ýetende kellesiniň bir burçunda ertekisiniň dowamy oýandy. Stolunyň başyna geçdi. Suraty bir gapdala goýdu-da kagyzlarynyň üstüne egildi. Ýyllar geçdi, aýlar geçdi. Bäbekler ýigit çykdy, ýigitler gojalyp, gojalar dünýeden ötdi. Haýyr bilen şer söweşdi, Şährişemistanda üstün çykan şer boldy. Çyn bilen ýalan söweşdi, Şährişemistanda üstün çykan ýalan boldy. Söýgi bilen aýraçylyk söweşdi, bu gezek söweş uzaga çekdi. Çünki söýgi aýraçylykdan hem pida çekýärdi, hem güýç alýardy. Horlandygyça güýjeýärdi. Aýraçylygam söýgüniň güýçlenişini görüp, beter möwjeýärdi. Iki tarapam ýeňilerli däldi. Ahyrynda-da ikisem dişlerini gyjaşyp aýryldylar. Söýgi gülleriň görküne, bilbilleriň owazyna, şahyrlaryň setirlerine siňip gitdi. Aýraçylyk bolsa biwepalyga, betpällige, bihaýalyga, ýalançylyga öwrüldi. Ine şeýle günleriň birinde-de, zemine, Allahyň emri bilen, ähli zada jan beren, umytsyzlyklaryň gury köküne nem indirip, ýaşaýyşa gaýtadan many getiren bahar pasly gelenmiş. Gök gümmeziniň şasy - Güneş gülümsiräp Asman gözýetiminiň döşüne älemgoşar dakanmyş. Bir görmegeý ýigit bilen bir owadan gyz hem hersiniň elinde bir nahal deň-duşlary bilen agaç ekmäge çykanmyş. Ýigidiň gyza ýakyn durasy, elindäki nahalyny gyzyň nahalyna ýakyn ekesi gelýärmiş. Kalby gyzyň çoguna ýanyp bişse-de, aňy-paýhasy: „Dur. Heý-de bu gözelligiň perdesini syryp bolarmy? Uzalt yşkyň ömrüni“ diýýärmiş. Kalby döş kapasasyna sygman ýene: „Ýakynla söýgüňe. Gözellik hiç bir perdäň aňyrsynda galmasyn. Ara aýraçylygy salma“ diýýärmiş. Gözel gyzam, diňe göz gytagyny aýlanda ýigitler içinde bir ýigide duşanyny aňsa-da yşk bilen edaň arasynda perwana deý perwaz urýan ýüregini diňlemän, aňynyň „Dur“ diýmesine diňşirgenenmiş. Aňy oňa „Dur. Perhat Şirin diýip daglar gazmadymy? Perhatlygy çyn bolsa on ädim aralygy dem salymda geçip gaşyňa geler. Gelmese yşky ýalandyr. Ýanma ýalanyň oduna. Heý bu pursatlara taý geljek pursat barmy? Goý, gelmesin, gelmesinem gitmesinem. Ýok, yşkyň görki aýraçylykdadyr“ diýenmiş. Gyz güýmenen. Emma ýigit aralykdaky „dem salymda geçmeli on ädimiň“ bir ädiminem ädip bilmändir. Şol barmana-da käriz başynyň gögerçinleri ýaly gyzyň joralary, ýigidiň deň-duşlary güsürdeşip geldiler. Söýgünem aňmadylar, yşkam. Salymyny bermän ikisiniňem nahalyny ekişdiler, olary erkine goýmanam sürülerine goşup alyp gitdiler. Ýigit gyzyň edadanam aşyp, özüne gaýta-gaýta bakýanyny görmäge-de ýetişmedi. Ol soň, öýüne barandan soň, geljeginden jyda düşenini syzyp yzyna geçmişde galan pursada tarap ylganmyş. Demi-demine ýetmän, bag eken ýerlerine gelenmiş. Arman, deňiňden geçensoň, sähelçejik, dem salymlyk pursada-da dolanmak ýok. Ýigit bagda biri-birine intizar bakyp oturan nahallaryndan başga hiç zat tapmanmyş. Oglan aýlanan-dolanan ýerlerine bakanmyş. Gyzyň oturdan nahalynyň entek pyntygam ýarylmadyk ýaşajyk golunyň birine daňylgy ýüpek elýaglyjaga gözi düşenmiş. „Bu onuňkydyr! Gör-ä ýumşajykdygyny!Bu onuň eliniň ýumşaklygy! Munuň ysy ýaly ys güllerde-de ýokdur, illerde-de. Bu maňa yşarat! Ýa, ýöne, eken nahalyna bellik etdimikä, ýa ýakan ýüregine bellik etdimi? Oh-h! Indi bildim Kaýsyň nädip Mejnun bolanyny! Mejnuna däli diýýän bolsaňyz siz Leýliňizi gören dälsiňiz. Of-f...“ Ýigit dert çeke, dert çeke gidipdir. Gideni bilenem gyz gelenmiş. „Gelipdir. Ýaglygymam alypdyr. Ýa gowşak daňaýdymmykam? Ýa sergezdan ýel aldymyka? Ýa bir bigänemi ony çözdi? Ýok, bu şoldur! Indi düşündim Şasenemiň derdine. Şa gyzyka bir garyba aşyk bolşuna! Men şa gyzam däl, Senemem. Men diňe, men diňe... şu nahaly oturdan gyz, bu nahaly oturdyp giden oglana-da aşyk. Boý alyň daragtlar, boý alyň! Belki-de siziň saýaňyzda duşuşjak wagtymyz bardyr“. Gyz umytlaryna gaplanyp giden. Ýigit gelen. Ýüregi bir zatlar syzyp, öýläne çenli garaşan. Gyz gelmändir. Ýigit gidipdir. Gyz gelipdir. Agşama çenli garaşypdyr, ýigit gelmändir.

(Dowamy bar)

54 |
|