2 minut alar
#4. C++ programmirleme dilinde maglumatlary girizmek we endl funksiýasy
Salam hemmäňize! Bu makalada maglumatlary girizmäni öwreners we öwrenen zatlarymyzy ulanyp tejribe geçers. Makalany okap başlamakdan öň " #3. C++ programmirleme dilinde üýtgeýän ululyklaryň düşündirilişi " makalany okamany maslahat berýän, çünki şu makala şol makalanyň dowamy. Ilki bilen maglumatlary girizmäni öwreneliň. cin funksiýasy iostream kitaphanasyna degişli bolup, ol funksiýa maglumatlary bize girizmäne mümkinçilik berýär. Meselem, doglan ýylymyzy soraýan programma düzeliň: #include <iostream> using namespace std; int main() { int yyl; cout<<"Doglan yylynyzy girizin: "; cin>>yyl;…
