Teswirler (6)

Ýüklenýär...
User Avatar

Psihopatlar we Sosýopatlar

7 minut alar

Wyždan, ahlak we empatiýa (garşyñdaky kişiñ duygularyna düşünmek we özüñde duýmak ukyby). Olar, adam jemgyýetini aýakda tutýan esasy faktorlardandyr. Bu üçüsi adamlaryñ daşky gurşaw bilen aragatnaşygyny kadalaşdyrýar. Adamlaryñ adamkärçilik diyilýan sypatlaryny emele getirýär. Adamlaryñ çäklerini bu üçüsi çyzýar.
 Emma, bu üçüsiniñ işi bir adamda bozulsa näme bolar?
 Bu ýerde biz eýýäm adam jemgyýetiniň antisosýal häsiýetli wekillerinden söz açýarys. Antisosýal şahsyýetler iki görnüşde tapawutlandyrýarlar. Sosiopat we psihopatlar. Olar bir-birinden özüne erk etmek ukyplaryna görä tapawutlandyrylýarlar. Sosiopatlar jenaýat işlemäge has meýilli, impulsiw (özüne erk edip bilmez) bolýarka, psihopatlar özüne erk etmegi başarýan, planly we manipulatiw bolýarlar. Emma olaryñ ikisinde hem şol bir aýratynlyk bar, ýa-da, şol bir zatlar ýok hem diýsek bolar. Bular bolsa ýokarda aýdylan, adamyñ üç sany esasy düzüm bölegi. 
 Bu şahsyýetler dünyäniñ ynsan populýasiyasynyñ 1-3%-ni düzýärler. Bu harakter erkek adamlarda 6 esse köp duş gelýär. Genetiki we psihiki trawmatiki faktorlar ynsanlarda bu şahsyýetiň emele gelmeginde esasy roly oýnaýar diyip aýdylýar. 
DSM-de (diagnostic and statistical manual of mental disorders) antisosýal şahsyýetiň kriteriýalary aşakdaky ýaly:
- Başga wekilleriñ haklaryny hiç saýmak;
- Tussag edilmäge getirýän hereketleri gaýtalamak bilen kanunlary bozmak;
- Başgalara gaýta-gaýta ýalan sözlemek, ýalan atlar ulanmak we başgalary öz keýpi we peýdasy üçin ulanmak bilen özüni görkezýan aldawçy häsiýet;
- Impulsiw hereketler, öñünden taýýarlyk we planlar gurup bilmezlik;
- Köp fiziki uruşlara girmek we başgalaryna topulmak arkaly özüni görkezýan agressiwlik we añsat gaharlanmak; 
- Gaýtalanýan bir şekilde öz we başga ynsanlaryñ howpsuzlygyny äsgermezlik;
- Birden işini başga bir iş üçin taşlamak we salgyt tölemezlik ýaly yzygiderlikli jogapkärçiliksiz hereketler;
- Başgalaryny ynjytmagy rasýonallaşdyrmak (bir zat barada logiki taýdan pikirlenmek, sebäp tapmak) we ynjytma prosesinden lezzet almak bilen özüni görkezýan wyždan duygusynyñ kemligi.

Munuñ bilen bile, kişä antisosýal şahsyýet bozulmasy diagnozyny goýmak üçin bu wekilleriñ 15 ýaşlarda (çagalyk/ýetginjeklik döwründe) jemgyýetiñ kadalaryny bozýan hereketler edendigi baradaky maglumat bolmaly. 
 Statistiki we kliniki maglumatlary bir tarapa goýsak, bu kişilikdäki bozuklugyñ sebäbini 2-ä bölmek bolar. 
- Organiki 
- Inorganiki
Organiki sebäplere kelle beynisiniñ kesgitli bölekleriniñ işiniñ bozulmagyna getirip biljek fiziki-himiki taýdan şikesler we täsirleriñ hemmesi girýär. 
Inorganiki sebapler bolsa daşky gurşawyñ psihiki täsirleridir. Daşky täsirler bolanda, maşgala durmuşy, irki çagalyk döwri, mekdep ýyllary, dostlary we ş.m. bolýar. Ynsanyñ ilki doglan wagtyny ak kagyz diýip pikir etsek, ol kagyz ölýänçä garalanmak bilen bolýar. Kagyzda dörän garalary bolsa añsat-añsat yzyna alyp ýa-da düzedip bolmaýar. Garalar diymegimi erbet häsiýetler diýmek diýip pikir etmäñ, garalar diýmek bilen adamyñ ýygnan tejribesini, başdan geçirenlerini we şoña gorä kämilleşen şahsyýetini añladýaryn. Elbetde, genler-de bu ýerde rol oýnaýar. Emma, bu bir geniñ bolup bolmazlygy, ynsanyñ psihopat ýa-da sosýopat bolup bolmazlygy bilen gös-göni baglanyşygy ýok. Bu geniñ (ýa-da genleriñ) täsiri, diñe adamy ol ýada beýleki psihiki bozukluga has meyilli bolmagyna ýa-da bolmazlygyna täsirinden ybaratdyr. Meselem, kakasynyñ sosýopat bolmagy oglunyñ hem hökman şeyle boljakdygyny añlatmaýar, emma bu bozukluga duçar bolmaga genetiki taýdan has meýilli bolup, daşky şertleriñ täsirleri bilen birleşip, bozuklugyñ döremegine sebäp bolup biler.
Özüñiziñ iñ gaharly wagtyñyzy göz öñüne getiriñ, ine şol wagt siz duygularyñ täsiri astynda bolýarsynyz, islendik impuls (isleg, bir zat etmage gereklilik duýgusy) arkaýyn zehine syzyp, özüni görkezip bilýär. Bu ýagdaýda siz ne wyždan tanaýarsyñyz, ne-de ahlak. Eger ozuñiziñ kontrolyny ele alyp bilmeseñiz, negatiw pikir we duygularyñ golastynda ýalnyş kararlar berip ýalñyş hereketler edersiñiz, bularyñ netijesi bolsa örän ýykyjy bolup bilýär. Elbetde, siz ýene, gaharyñyz geçensoñ, ynsan tebigatyñyz boýunça, ahlagyñyz we wyždanyñyz size bozanyñyzy täzeden düzmegiñiz üçin basyş edýär we siz ötünç soraýarsyñyz, ýa-da şonuň ugrunda hereket edýärsiniz. Sosýopat we psihopatlar bolsa bütin ömrüni şeýle geçirýär. Olar örän impulsiw (kellä gelan zady etmeklik) we wyždan, ahlak, empatiýa ýaly düzüm böleklerine garyp kişilerdir. Siziñ iñ gaharly wagtyñyzdaky erksizlik we ynsapsyzlyk, wyždansyzlyk olaryñ bütin ömrüniñ normydyr — bu olar üçin adaty. Size "bir garynjany öldürip bilersiñmi?" diýlende arkaýyn hawa diýip bilýän bolsañyz, olara ynsanlara fiziki zeper ýetirmek, janlaryna kast etmek we başga wyždansyzlyk talap edýän işleri arkaýyn edip bilýärler. Bu mysallary diñe olaryñ nähili dereje rasýonal, impulsiw we wyždandan uzakdyklaryny añlatmak, size özüñizde bu duýguny duýdurmak üçin berdim. Elbetde, bularyñ hiçisi olaryñ sap erbetlik bilen gömülen we düzedip bolmajak ynsanlardygyny añlatmaýar. Wyždansyz diymek, wyždansyz diymek däldir. Yagny, olarda wyždan inaktiw bolyar. Bu wyždanyñ täzeden aktiwleşdirilmegi gerekli. Bu bolsa añsat iş däl. Size häzir bütin ynançlaryňyz ýalan, aslynda ölümden soñ yaşaýyş ýok ýaly bir sözlem gurup, siziñ hazirki dünyagaraýşyñyzy bütinleý üytgetmegim nähili kyn bolsa olarda hem şeýle. Olara wyždany duýduryp, impulsiwlik, erbetlik we kanuny bozmak ýaly hereketleri etmäge bolan isleg, ynsanlary diñe özüne bolan girdeji we çykdajysyna gorä tapawutlandyrmak we başgalardan ybarat bolan dünyagaraýyşdan ahlakly, salyhatly we pes gowunli, ynsanlara kömek etmek, ululary sylap, kiçilere hormat goymak ýaly zatlardan ybarat bir dünyagaraýyşa gecirmek, birini ýaşyl ýapragyñ aslynda garadygyna ynandyrmak ýalydyr. Olaryñ empatiýa duygusynyñ kemligi (azlygy) bolsa siziñ wyždan diýen duýgyñyza düşünmeginiñ öñüni alýar. 
Elbetde, käbirisi özüne erk etmegi başarýar. Bu kişiler, ol duýgylary bilmese-de, ynsanlaryñ nähili özüni alyp barşyny ýatlap, özleri hem, gynanmagy, aglamagy, kömek etmegi janlandyrýarlar. Emma bular olar üçin diñe netijä eltýän ýollar. Bu kişiler öz isleglerini soňundan kanagatlandyrmak üçin olara wagtlaýynça erk edip bilýärler, bu döwürde akyllaryny ulanyp rasional hereket edýärler. Öz impulslaryny we olar bilen bile gelýän duýgy ýagdaýlaryny (meselem, adama yada obýekte fiziki zeper ýetirmek, öldürmek, ogurlamak we ş.m. islegler bilen gelýän gahar, sabyrsyzlyk, bagtlylyk, isleg ýaly duýgylary) wagtlaýyn gözegçilikde saklap olara erk edýärler. Başga bir kişi ony daşyndan göreninde tapawudy hiç hili syzmaýar. Bularyň hemmesini bolsa iň soňunda şol wagta çenli içinde saklan bütin duýgylaryny daşyna çykarmak maksady bilen edýärler. Käte özlerine erk edip bilmän içiniñ daşyna çykýan wagtlarya hem bolýar. Bu ýagdaýda şeýle kişileriň tanyşlary bu ýagdaýa örän geñ galyp bilerler, netijede, bu kişiler hemişe salyhatly, mylakatly we asyllydy. Elbetde, bu ýalňyşlygy düzetmekde gijä galmaýarlar. Dürli oýunlar we ýalanlar bilen bu ýalňyşlarynyñ öwezini dolýarlar. Şeýle-de bolsa, hemme antisosýal bozuklygy bolan adamlar beýle akylly we üstünlikli bolmaýar. Bu şahsyýetleriň köpüsi özüne erk edip bilmän türmä ýada akyl hassahanasyna girýär. Käbirleri bolsa özüne erk edip jemgyýetiň içinde, aramyzda ýaşap ýörmegi başarýarlar.

 Häzire deňeç siz bilen diňe antisosial kişileriň umumy häsiýetnamasynyñ üstünde durduk. Ýokarda beýan eden häsiýetnamam "erbet" adamlary tanamagyñ gollanmasyna meňzeýär. Aslynda, munuň sebäbi bu kişiler we häsiýetleri bularyñ düzülmejek, akyllanmajak, gep-söz diñlemejek, filmler we kitaplarda gabat gelýän erbet adam harakterlaryna meňzeş bolanlygyndan göz baş alýar. Emma, bu adamlar aslynda öz arkasynda agyr bir geçmişiñ ýüküni daşaýarlar. Elbetde, hiç kim erbet bir kişi bolmak islemez, ýa-da jemgyýet tarapyndan oña "Waý haramzada" gözi bilen seredilmesini halamaz. Olar hem halamaýardy, emma bu wyždan we ahlak duýgusy olarda bir eýýäm geçmişde galypdy. Ýaş wagtlary, durmuş ýagdaýynyñ erbetligi we bu durmuşa uýgunlaşmak üçin olaryň hem erbet bolmagy zerarly dörän bu kişilik bozulmasy olaryň günäsi bolup bilerdimi? Netijede, olar ýaşdy we agy garany saýgaryp bilmeýärdi, ondan daşary durmuşyny üýtgetmäge güýji hem ýetmeýärdi, özüne abanýan howpdan nädip gaçjagyny bilmeýän bu çagalar özlerini gaýgy we hasratdan doly çuň bir guýyda ýaly duýýardylar. Olar guýydan hasratsyz, gaýgysyz ýaşap ýören adamlary görýärdiler we eşidýärdiler. "Men näme üçin şeýle ýaşap bilemok?" diýip pikir edýärdiler. Iň soňunda, bir ýerde olaryň sabyr çanagy hem dolýar, özüne, gaharyna, gorkusyna we/ýada gaýgysyna erk edip bilmedik bu kişiler jenaýat işleýärler. Olar eden zadyna ökünip, wyždan azaby diýilýän duýgynyñ täsirine düşsedi "adaty şahsyýet" bolmak bilen galardy we eden hereketini düzetmäge ymtylardy. Emma olar eger ökünmän, wyždan azaby çekmän, tersine bu bolan zatdan lezzet hem alyp biler. Olar iň soňunda özüne abanyp duran, durmuşyny hasrat bilen geçirmesine sebäp bolan meseläni çozüpdiler. Mundan uly bagt barmy? Eden zatlaryny bolsa "hak edýäni üçin öldi" ýaly sözler bilen aklaýarlar. Bu adamlarda wyždan ýok bolmaýar, emma ol içe tarap çuň bir şekilde basdyrylýar. Içeriden çykyp bilmedik wyždan bolsa öz täsirini ýetirip bilmeýär. Netijede, biziň antisosýal şahsyýet bozulmasy diýen adalgamyz we antisosýal şahsyýetler emele gelýär.

 Gynansakda, bu ynsanlar ýalňyş ýoly saýlaýarlar we şeýle adamlara öwrülýärler. Elbetde, muňa sebäp bolup biljek kän faktor bar. Beýnide şikes we genler hem muňa täsir edýän sebäplerden. Esasan hem beýnide çiş emele gelmegi, beýniň wyždan duýgusy we empatiýa jogap berýän bölegine şikes ýetmegi bu şahsyýet bozulmasyna eltip biljek esasy organiki faktorlardyr. Emma, hemme zat bir ýana, bu kişilere ellerinde bolmadyk geçmişiñ netijesinde ýerine ýetiren zatlary üçin günäkärläp bolarmy? Günäli hem bolsalar olary "erbet" we düzelmejek wagşy adamlar hökmünde umumylaşdyryp, ýa-da däli adyny dakyp, kömek eli uzatmazlyk bolarmy..?

114 |
|