Teswirler (13)

Ýüklenýär...
User Avatar

Çopan oglanjyk

Geñ galdyryjy maglumatlar

11 minut alar

1.Eger adamyn gözi bir kamera bolsady onda 576 mega piksel bolardy.

2.Çalt gaharlanyan adamlar köpsi gaharly däl streslidir.

3.Dünýäde adamlaryñ sanyndan towuklaryñ sany köpdür.

4.Ýylanlaryñ eşdijilik ukyby ýokdyr.

5.Balykgulagyñ 25.000- e golaý dişi bolýar.

6.Eger 3 minutlyk sowuk duşa girseñiz onda  40 kalori ýakarsyñyz.

7.Ýangyn söndüriji enjamy kimiñ oýlap tapany belli däl. Sebäbi patenti ýangynda ýok bolupdyr.

8.Eger myşsañyz (pres) güýçli derejede agyrýan bolsa onda; nemli palatensany mikrawolnowkada 30 sekuntlap gyzdyryñ. Soñra agyrýan myşsañyza ýapyñ.

9.Osminoglar ajyganda öz gollaryny iýýär.

10.Gadymy pinguwinler uçup bilipdir.

11.Klawiturañyzdaky klawişlerde tuwaletden 200 esse köp bakteriýa bar.

12.Lübnanda haýwan bilen jyns gatnaşygyna girmek bolýar. Emma erkek haýwan bilen bolmaly däl.

13.Ýer ýüzüne günde ortalama 8.6 million gezek ýyldyrym düşýär.

14.Bir kör syçan günde 90 metr tunel gazýar.

15.1876-njy ýylda ABŞ Alýaskany Russiýadan diñe 7.2 millon dollara satyn alypdyr.

16.Fransiýada öli bir adam bilen durmuşa( öýlenmek) çykmak mümkin.

17.Žirafa dili bilen gulagyny arassalap hem bilýär.

18.Britaniýada bütün guwlar şa zenanynyñ eýeçiliginde.

19.Eskimolaryñ garrylary güýçden düşeninde özlerini öldürýärler. Fijili garry erkekler ölmek islegini ýakynlaryna aýdypdyrlar. Bellenilen gün geleninde garry ýaşulyny diri topraga gömüpdirler.

20.Basketboly ilkinji Kanadaly James Naismith tarapyndan 1891-nji ýylda oýlanylyp tapylypdyr.

21.Zebralar ilki ak soñ gara çyzgylydyr.

22.Dünýäde 4300 tapawytly din bar.

23.Belli oýunçy Kate Winslet täze dogan çagasyna "Aýy" (bear) adyny dakdy.

24.Pariźde adamdan it köpdir.

25.Bütün Apple önümlerinde steve jobs belligi gizlenen ýagdaýda bardyr.

26.Burnuñyz bilen başam barmagyñyz deñdir.

27.Dünýäniñ aýlanýandygyny ilkinji keşp eden alym Biruny.

28.Dünýäde 400 milliona golaý it bar diýip çak edilýär.

29.Panama kanalynyñ gurluşygy wagtynda 25.000 işçi yogaldy.

30.Diýabet keselliler iñ köp turşy almany iýmäni halaýar.

31.Hindistan serhedini geçeni üçin Pakistanda 2011-nji ýylda maýmyn tussag edildi.

32.Üzümi mikrowolnowka salsañ ýarylar.

33.Taryhy film bolan Ben Hur da gyrmyzy awtomobil görülýär. Filmiñ çekilip durlan wagty ony görmändirler.

34.Hindistanda naharyñ üstünden gelen myhman gägirmese nahary halamadygyny we sylagsyzlyk hasaplanýar.

35.Iñ köp musulman bolan ülke Indoneziýadyr. Türkiýe bolsa 8 nji orunda.

36.29-njy "maý sowadyja ýassyk goýma"güni.

37.Ganatlary bilen uçan ilkinji alym Hazerfen Ahmet Çelebi.

38.Keýikleriñ suw gerekçiligini ösümliklerden alýanlygy sebäpli olar suw ulanmazdan ýaşap bilýärler.

39.Bir astronodyn eşigi 11 million dollardyr.

40.Bir erkek kişi 10 metre golaý sakgal uzadyp bilýär.

41. 1089×9? Jogap 9801.

42.Adamlaryñ 95% i ýüz ýüze aýdyp bilmediklerini sms de ugratýar.

43.Russiýada ýaşan Wasilýewyñ iki aýalyndan 87 çagasy bolupdyr. 75 ýaşyny belläninde (1782ý) onun ýanynda 83 çagasy bardy.

44.Kengrular yzlygyna ýöräp bilmeýär.

45. 4 sany gözli akulalaryñ barlygyny bilýardinizmi.

46.Uly bir bit her dişläninde 0,008 gr gan emýar.

47.Amerikada bir aýal kir ýuwujy maşyn alýar we onda pişigini ýuwýar. Netijede pişik ölýar. Aýal "Pişik ýuwmak bolanok" diýip görkezilmändigini öñe sürüp firma dawa açýar we uly möçberde pul gazanýar.

48.Nil krokodilleri her ýyl ortalama 1000 kişiniñ ölümne sebäp bolýar.

49.Doñuzlar asmana seredip bilmeýar.

50. 1 ball yñ peýdasy näme diýmäñ. 1923- nji ýylda  1 ball bilen Adolf Gitler partiýanyñ ýolbaşçysy bolupdy.

51.Coca cola diñe iki ülkede Kubada we demirgazyk Koreýada satylmaýar.

52.Biriniñ size seretýändigini pikir etseñiz pallañ ýada geriniñ eger garşy tarap hem pallasa ýa gerinse diýmek size seretýär.

53.Google, googol sanynyñ ýalñyş ýazylmagy netijesinde bolýar. 1 googol= 1.0 × 101000.

54. Baýguş mawy reñki görüp bilýän ýeke täk guşdyr.

55. Ýupiteriñ içine 1,321 sany dünýä sygyp bilýär.

56. Britaniýada Thomas Korne 207 ýyl ýaşapdyr.

57. Bir adam 8 ýyl, 7aý we 6 gün gygyrsady onda bir stakan kofe pişirip biljek derejede energiýa öndererdi. Eger kellamizi durmany diwara ursak onda 1 sagatda 150 kaloriýalyk energiýa harjardyk.

58. Katar dünýäniñ iñ baý ülkesidir. Adam başyna 145,894 dollar.

59. Käbir öýlerde möýleri kowmak üçin düýeguşyñ ýumurtgasy ulanylýar.

60. 1986 da Italiýan Reinhold Messner dünýäniñ 8000 metrden hem beýik 14 dagyna dyrmanan ilkinji kişidir.

61. Adamlar ýylda 1500 sany düýş görýärler.

62. Gadymy yunanlar bir kişiniñ adam etini iýip werewolf a öwrülip biljegine ynanypdyrlar.

63. Ak lentalaryñyzyñ hasda ak görünmegi üçin ütüklemezden öñ süýtde gaýnadyñ.

64. Dünýäde bar bolan jandarlaryñ 99,9- ynyñ nesli tükenipdir.

65. Hyçgyrygyñyzy aýyrmak üçin suw bilen damagyñyzy çaýkañ ýada 1- 2 gezek owurtlañ. Ýa da  1  çemçe pisegi agzyñyzda tutup suw owurtlañ.

66. Egerde kartoşkañyz gaty köp bolsa arasyna  bir alma oklañ. 8 hepdeläp zaýalanmany durar.

67. Limon suwyny saç deriñize çalyp 15-20 minut saklañ. Soñra durulañ. Netijede goñaklarynyzdan halas bolarsyñyz.

68. Eger bir wagtda asgyryp, hyçgyryp we ýel çykarsañyz ýarylarsyñyz.

69. Eger nahary çenden aşa köp iýseñiz onda sesleri eşidişiñiz 30% peseler.

80. Mikrowolnowkada gyzdyrjak iýmitiñiziñ ýanyna 1 stakan suw goýsañyz gyzandan soñ gurap gaty bolmaz.

81. Belli arap şahyry Kahire uniwersitetiniñ professory Şeýh Muhammed Abdul Ibrahim 150 ýaşynda ýogalýar. 105 ýaşyna çenli öýlenmandir. 105 ýaşynda öýlenenden soñra 5 sany çagasy bolupdyr.

82. AMERIKALYLARYÑ ýüzden 5% -i şeýtan bilen ýüzbe ýüz gürleşendiklerini öñe sürýärler.

83. Iýmitiñ agzyñyzdan aşgazana barmasy 7 sekuntdyr.

84. Ýürek 9 metre çenli gany pürküp bilýär.

85. Öýlerde gabat gelýän möýleriñ 95% hiç hili öýden daşary çykan däldir.

86. Deri bilen örtülen mobilýalaryñyzy limon ýada pyrtykal bilen owsañyz täze ýaly görner.

87. Nemes teorik fizigi Albert  Einştein 9 ýaşyndan soñra voluble gürlemäge başlapdyr. Maşgalasy onyñ zehininiñ yzagalaklygyny hem pikir edipdir.

88. Beýnimiz gije gündüzkiden has aktiwdir.

89. Pişikler süýji zatlaryñ tagamyny duýmaýarlar.

90. Hytaýda 4 sanyñ ölümi yşarat edýänligi üçin az ulanylýar. 4- nji gatdaky öýler beýlekiere görä has arzandyr.

91. "i" harpynyñ üstündaky nokada iñlisler gep ( citchat ) diýäler.

92. Aşyk bolunanda beýnimiz "phenylethylamine" öndürer. Bu madda ýürek urşy çaltlandyrýar we sizi şatlykly edýär. Bu himiki madda şokolatda hem bar.

93. Hindistanda 44 million caga işçi bar. 

94. 2025- nji ýylda 1800 million adam suw gytçylygy çeker.

95. Dünýäniñ iñ uzak wagtlyk trafigi 12 gün bolupdy.

96. 1 litr deñiz suwunda 1 gr altynyñ 13 milliarda biri ýaly altyn bolýar.

97. Adam bedeniniñ ýüzde 80% suwdan ybarat.

98. Ukuda wagtyñyz ýylda ortaça 9 gezek möý üstüñizden geçýär.

99. Ikinji dünýä söweşinden soñra Germanýada  her ýyl 5500 sany bomba tapyldy. Ýenede 15 bomba tapylmaly. 

100. Dünýäde her 8 sekuntda täze çaga dünýä inýär.

101. Hytaýdaky howa kirliligi space den(uzay) hem görülýär.

102. Akula 100 million damja deñiz suwunyñ içinden 1 damja gany duýup bilýär.

103. Adamlaryñ bedeni 7,000,000,000,000,000,000,000,000,000 atomdan düzülendir.

104. Hytaýda diñe 100 sany familiýa bolup, Vang ( karol) familiýadan 93 million sany bar.

105. Şu wagt aýyñ üstünde 3 sany golf topy bar.

106. Maşk edeniñizden soñra myşsañyzda agyry bolsa onda basyrylan hyýaryñ suwuny içiñ.

107. Moritanýada durmuşa çykmaly ýaşa gelen gyzlar azyndan 60, iñ köp 100 kilo bolmasy gerek. Eger nahar iýmeseler jezalandyrylýar.

108. You tube daky gözleg ýerine " Do The Harlem Shake" ýazsañyz onda internet sahypasy size Harlem Shake tansyny edip berer.

109. Ýaponiýada işde uklap galmak kabul edilip biliner, sebäbi bu köp işlemäniñ netijesinde diýip kabul edilýär.

110. Amerikanyñ ikinji uly şäher bolan Los Angeles da adam sanyndan köp maşyn bar.

111. Şokolat we awokado papugaýlar üçin zäherli we öldürüji.

112. Adam beýninde 90100 milliyar öýjük bar.

113. 1707- 1782 ýylar aralygynda ýaşan rus zenany ; 16 ekiz, 7 üçüz we 4 dördüzi 1725- 1765- nji ýyllar aralygynda dünýä getiripdir.

114. Maşyn bilen Güne tarap ýola çyksak, dynç almaklygy hasaba almazdan 150 ýylyñy alar.

115. Berlin Paryždan 9 esse ulydyr.

116. Sapagyñ ujyny çala sabynlañ şeýle etmek bilen sapak igneden ýeñillik bilen geçer.

117. Zehinli adamlar köplenç örän haýal gürleýärler.

118. Ýüzümize degýän gün şöhlesi 200.000 ýyl öñ emele gelendir.

119. Adam açlykdan öñ ukusyzlykdan ölýär.

120. Bir adam günde 23 müñ gezek dem alýar.

121. CocaColanyñ hakyky reñki ýaşyldyr.

122. Matematikçilere görä galstuk tapawutly görnüşde  177.147 sany baglama görnüşi bar.

123. Kalkulýatyryñyzyñ dogry işleýändigini barlamak isleseñiz, 123456789 sanyny 9- a köpeldiñ. Netije 111111111 çykmasy gerek.

124. Amerikanyñ baýdagyny baş aşaklaýyn seretmek strese ýol açýar.
 

125. Ütügiñ demrinde ak kristallar bar bolsa onda duzyñ üstünde gezindiriñ. 
 

126. Ýöräp barýarkañyz elleriñizi sallamak beýniñiziñ performansyna gowy täsirini ýetirýär. 
 

127. Ýaponiýada samuraýlaryñ saçlary olaryñ derejesini añladýardy. Depe saçy aldyrylan samuraý iki ýanda we ýeñse saçyny topuz edip goýardy. 19 asyrda samuraýlara saçlarynyñ kesilmesi buýryk berildi. 
 

128.  Amazon derýasy günbatardan gündogara akýar. Emma taryhda bir gezek tersine akandyr.
 

129. Dinozawyrlar ýok bolmazdan öñ 165 million ýyl ýaşapdyrlar.
 

130. Demirgazyk Koreýada zenanlar 25, erkek kişiler 27 ýaşdan pes bolsa durmuş gurmak kanun boýunça bolanok.
 

131. Adamyñ DNK-synyñ 50% golaýy bananyñ DNK- sy bilen deñdir.
 

132. Amerikada jübütleriñ aýrylyşma sebäbiniñ 3 den 1 i Fecebook dyr.
 

133. Google iñ gözleg ýerine "askew" diýen ýazgyny girizseñiz, sahypa sagat ugrunda ýuwaş-ýuwaşdan aýlanmaga başlar.
 

134. Armstrong Limidi diýip atlandyrylýan beýiklik ýerden 19 kilometrdir. Bu limitden soñra astrologlaryñ geýmeli eşigini geýmeli, geýilmedik ýagdaýynda bedendäki suw bedeniñ gyzygynlygynda gaýnap başlaýar.
 

135. Bir pil gök kit iñ dilinden has ýeñildir.
 

136. Ýaponiýada daýanmak kanun boýunça bolanok. 40 ýaşyñ üstündäki erkekleriñ bil ölçegi iñ köp 85 sm, zenanlarynyñky bolsa 90 sm bolmasyna rugsat berilýär.
 

137. Titanik gämisinde halas bolan ýaponýaly Hosona Masabumy watanyna dolananda beýleki adamlar bilen birlikde ölmedigi üçin ol  gorkak hökmünde görüldi.
 

138. Aşyk bolan adamyñ beýni bilen näsag (psihiki taýdan) adamyñ beýni bir- birlerine örän meñzeş aýratynlyklary görkezýär. 
 

139. Düýeleriñ 3 sany gaşy bar.
 

140. 1 sagatlap gulaklyk bilen bir zat diñlemek gulakdaky bakteriýalary  700% artdyrýar.
 

141. Ýeriñ magnit kanunyny tapan ISAAC NEWTON dünýäniñ soñynyñ 2060- njy ýylda geljegini belläpdir. 
 

142. Ilkinji göz operasiýasyny eden alym Ammar.
 

143. Adamyñ bütün ganynyñ emilmesi üçin 1 million 200 müñ siñegiñ şol bir wagtda dişlemesi gerek.
 

144.  Gije giç ýatýanlar örän akylly we oýlap tapyjydyrlar.
 

145. Stubbs atly pişik Alýaskada Talkeetna diýen ýerinde 15 ýyllap hökümedi dolandyrypdyr. (Gülkünç. Göz öñüne getirip görüñ ýurdy pişik dolandyrsa) 
 

146. Osminogyñ 3 sany ýüregi bar.
 

147. Garynja 2 hepde suwuñ aşagynda ýaşap bilýär.
 

148. Mario bloklary eli bilen döwýär, kellesi bilen däl.
 

149. Gadymy müsürliler pişikleri öleninde öz gaşlaryny kökünden aýryp ýas tutýardylar.
 

150. Hytaýda her ýylda 4 milliona golaý pişik iýilýär.
 

151. Fransiýanyñ karoly Louis XIV suwy ýigrenýärdi we ömründe diñe 3 gezek suwa düşüpdir.
 

152. Almanyñ, soganyñ we kartoşkanyñ tagamy birdir. Tapawudy diñe yslaryndandyr, aslynda hemmesi süýjidir.
 

153. 1987- nji ýylda Amerikanyñ howa ýollary maliýe krizise düşýär. Çykdaýjylary azaltmak üçin uçuşlarda ýollagçylara berilýän salatdaky 2 sany zeýtiniñ diñe birini berýärler, peýdasy bolmajak ýaly görünsede munuñ netijesinde bir ýylda bu howa ýoly şereketi 40 müñ dollary elde galýar.
 

154. Bir gün aslynda 23 sagat, 56 minut, 4 sekuntdyr.
 

155. Walt Disney, Bill Gates, Mark Zuckerberg, Henry Ford, Thomas Edison we Steve Jobs- bularyñ hiç hili uniwersitet diplomy ýokdyr.
 

156. Diñe 100 adam latynçany gowy gürläp bilýär.
 

157. Russiýa bilen A.B.Ş- arasyndaky iñ gysga ýol Beringiñ üsti bilen bir 4 km- den azdyr.
 

158. Ananas aslynda miwe däl.
 

159. Çalt gyzarýan adamlaryñ hasda çalt aşyk bolýandygy subut edilen dir.
 

160. Eýfel diñiniñ gurluşygynda jemi 6400 tonna agramda 18100 sany demir bölek ullanylypdyr.

161. Beýnimiz ölmeden öñ iñ köp 4 we 6 minut arasynda kislorodsyz galýar.

162. Toty guş we towşan kellesini yza aýlamany yzyny görüp bilýärler.

163. Barmak yzy ýaly her kimiñ diliniñ yzy hem tapawutlydyr.

164. Deñiz ýyldyzlarynyñ beýnisi ýokdyr.
 

165. Bir adam ömri boýunça ortaça 22 kilogram deri ýitirýär.
 

166. Adamlar ömürleri boýunça ortaça 70 görnüşli mör- möjek we möý iýýär.
 

167. Inlis dilinde "Goodbye" sözi "godbwdye" sözünden gelip çykypdyr. Buda "God be with" sözüniñ gysgaltmasydyr. 
 

168. Çybynlar ganymyzy sormak bilen çäklenmän, özleriniñ atyklaryny hem derimize taşlaýarlar.
 

169.  П (pi) sanynyñ milliardynjy sany 9-dyr.
 

170. 1979- njy ýylyñ 18- nji fewralynda Sahara çölüne ilkinji gezek gar ýagdy.
 

171. Her adamyñ aýagynyñ ululygy tirsegi bilen eliniñ arasynda galan ululyk ýalydyr.
 

172. Germaniýa 1-nji jahan söweşinden galan bergisini 2010-njy ýylda töledi.
 

173. Eger bir gün krokodil sizi kowalasa (elbetde beýle zat bolmasyn) onda zikzak görnüşde ylgap gaçyñ. Şeýle etseñiz halas bolarsyñyz.
 

174. It we pişik eýeleriniñ 100- den 40%-mi haýwanlarynyñ suratyny ýanynda göterýärler.
 

175. Dünýäde adamdan soñra iñ akylly jandar delfinlerdir.
 

176. 153000 adam özüniñ doglan gününde aradan çykýar.
 

177. Alkagolly içgiler zyýanlydyr emma üzüm bilen ýasalan içgiler ýat keşligi güýçlendirýär.
 

178. Her gije 1 milliar adam aç ýatýar.
 

179. Peýnir dünýäde iñ köp ogurlanýan iýmitdir
 

180. Ilkinji ýer asty tunel 1 km uzynlygynda bolupdyr we mundan 4 müñ ýyl öñ Yrakta Firat derýasynyñ aşagyndan geçipdir.
 

181. Dünýäde iñ köp özlerini öldürýän ýer Golden Gate köprüsidir.
 

182. Çybyn ýada başga mör- möjekleriñ çakan ýeri gaşanýan bolsa onda 2 sany asperini ýarym stakan suwa atyñ we pamyk bilen çakan ýere basdyryñ. ÝÖNE asperina ALLERGIÝASY bar bolanlar ULANMALY DÄL.
 

183. Hytaý kanunlaryna görä, eger adamsy aýalyna ikilik (aldatsa) etse, aýaly hem buny görse onda zenan öz ýanýoldaşyny öz elleri bilen öldürmekligine rugsat berilýär. Ýöne sowuk ýarag ulanmaly däl, ulanylan ýagdaýynda jenaýat hasaplanýar.
 

184. Nike yñ meşhur SWOOSH logasy 1971- nji ýylda Caroline Davidson atly okuwça 35 dollar berilip çekdirilipdir.
 

185. Scrooge McDuck yagny Bariýmez daýy 2007- nji ýylda 28,8 milliar dollar möçberindäki hazynasy bilen Forbes ıñ iñ baýlarynyñ listinde 1- nji ýerde dur.
 

186. Haýwanlaryñ ýüzde segsene golaýy alty aýaklydyr.
 

187. Dünýäniñ iñ uzyn saçly zenany Xies Quiping iñ saçy 5, 627 metrdir.
 

188. Liftlerde aýna goýulmasynyñ sebäbi, saçyñyzy ýada galstugyñyzy düzeltmegiñiz üçin dälde, gapy açylanda kabinanyñ ýerindedigini görüñ diýip.
 

189. GÜNDE 1 stakan limonat içip böwrek daşynyñ bolmasyny 90% azaldyp bilersiñiz.
 

190. Urugwaýyñ döwlet ýolbaşçysy Jose Mujica aýlyk girdejisiniñ 90%- ni haýyr sahawat üçin berýär we 1.250$ bilen gününi görýär.
 

191. Ulag bilen sagatda 95 km dik ýokary ýola çyksadyk onda 
 

192. Çingiz hanyñ asyl ady Timuçin dir. Timuçyn sözüniñ manysy demirçidir.
 

193. Prezidenti John F. Kennedi 20 minutda 4 sany gazet i okap bilýar.
 

194. Amazon derýasynyñ uzynlygy 6400 km.
 

195. BMG- niñ 6 sany resmi dili şulardyr: iñlis, fransuz, arap, hytaý, rus we ispanýol dilleri.
 

196. Jadyly söz bolan "adrakadabra" ilki ýokary gyzygyny bolan hassalar üçin aýdylypdyr.
 

197. Google Earth programmasy bilen dünýäniñ ähli ýerini diýen ýaly görüp bilersiñiz, ýöne adamlaryñ 95%- i diñe öz öýlerine seretýär.
 

198. Amerikalylaryñ ýüzden dokuzy ruh görendiklerini aýtýarlar.
 

199. Kofe ünsüñi jemlemäge ýardam berýär. Geçirilen barlaglara görä, mekdep ýaşly çagalaryñ az mukdarda kofe bilen süýt içenlerinde irdenki sapaklarda örän gowy dereje görkezýändigi anyklandy.
 

200. 1089×9=? Netije =9801
 

201. (6×9)+(6+9)=69
  Okanyñyz üçin minnetdar.

3201 |