Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Iki doganyň duşmançylygyndan dörän Adidas bilen Pumanyň täsin hekaýasy.

2 minut alar

Köpleriň bilişi ýaly, dünýäniň iň meşhur sport eşikleri we aýakgap markalarynyň biri bolan Adidas bilen Pumanyň, korporatiw bäsdeşlikden başga hem,gaty geň bir hekaýasy bar. Hekaýanyň baş gahrymanlary biri-birine duşman bolan iki dogan Adi (Adolf) we Rudi (Rudolf) Dasslerdir. 

Adi bilen Rudiniň aralarynda diňe bir dawa bolman eýsem, şol bir şäher doganlar sebäpli ikä bölündi diýsek hem ýalňyşmarys. 

Ikinji jahan urşunyň öň ýanynda Adi we Rudi Germaniýanyň kiçijik Gerzogenauraç şäherinde aýakgap ýasamak we satmak üçin ussahana açdylar. Ejeleriniň kir ýuwýan yerinde doganlar "Dassler Brothers Shoe Company" atly dükany açyp, aýakgap ýasap olary satyp başladylar.

 

 1933-nji ýylda Gitler häkimiýete gelende, iki dogan hem faşistler partiýasynyň agzasy boldy.

 1936-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda 4 altyn medal gazanan meşhur afro amerikaly sportçy Jesse Owense hem doganlaryň ýasan aýakgabyndan satyn alýar.Owensiň ýeňşi Dassler doganlaryň aýakgap satuwyny has köp artdyrdy. Şeýle-de bolsa, bu üstünlik aralary gowy bolmadyk doganlaryň arasyna has köp tow düşürýär.Uly we kiçi wakalar bilen yzygiderli ýüze çykýan sürtülmeden başga-da, iki doganyň maşgalalary hem asla oňuşmaýardylar. 

Ahyrynda doganlar 1948-nji ýylda kompaniýany ikä böldüler. Adi öz kompaniýasyna "Adidas" adyny beripdi, Rudi bolsa hem "Ruda" adyny öz kompaniýasyna dakypdy. Soň Rudi kompaniyasyny "Puma" adyny berdi. 

Ikisi-de Auraç derýasynyň iki tarapynda öz zawodlaryny gurupdylar. Zawodlar uruşdan soňky işsizligiň öňüni alypdy. Şeýlelik bilen, bu iki kompaniýa tiz wagtdan Gerzogenaurahyň ykdysadyýetiniň aglaba böleginde agdyklyk etdi. Şäherdäki hemmeler diýen ýaly bu iki kompaniýanyň birinde işläp başlapdylar. Bir zawodyň işgärleri beýleki tarapa geçip, beýlekileriň giden bazarlaryna we restoranlaryna gitmemezlige başlapdylar. Iki kompaniýanyň işgärleriniň arasynda tanyşmak we nikalaşmak hem gadagandy. 

Rudi 1974-nji ýylda, Adi 1978-nji ýylda aradan çykdy. Bäsdeşlik ölümden soňam dowam edipdi. Iki dogan bir gonamçylykda ýöne mümkin boldugyça biri-birinden uzakda iki ýerde jaýlanypdy. 

Adidas bilen Pumanyň arasynda takmynan 60 ýyl dowam eden bu geň duşmançylyk 2009-njy ýylda iki kompaniýanyň işgärleriniň arasynda simwoliki dostlukly oýun bilen tamamlandy.

 

 

188 |
|