Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ykdysatçy

Amerikanyň meşgur gazety "New York Times" gazety gecip giden 2022-nji yylda iň meşgur adamlaryň sanawyny çap etdi

1 minut alar

Däp bolup gelşi ýaly, ABŞ-nyň hepdelik “Time” žurnaly her ýylyň ahyrynda belli ugurlarda üstünlik gazanan şahsyýetleri saýlaýar.

Neşir “Ýylyň ynsany”, “Ýylyň telekeçisi”, “Ýylyň türgeni”, “Ýylyň gyzyklandyrany” ýaly ugurlar boýunça dünýäde tapawutlanan adamlary saýlady.

ABŞ-nyň prezidentlik saýlawynyň ýeňijisi Jozef Baýden hem-de onuň wise-premýeri boljak Kamala Harris “Ýylyň ynsany” saýlandy. Wideoýygnaklary geçirmäge mümkinçilik berýän ZOOM programmasyny işläp taýýarlan kompaniýanyň ýolbaşçysy Erik Ýuan “Ýylyň telekeçisi” diýlip saýlandy. “Ýylyñ türgeni” adyna NBA-iň soňky çempiony, “Los Anjeles Lakers” toparynyň ýyldyzy Lebron Jeýms eýe boldy. “Ýylyñ gyzyklandyrany” adyna Koreýa Respublikasynyň pop aýdym-saz topary BTS saýlandy.

“Ýylyň goragçysy” adyna bolsa birnäçe kişi we toparlar yglan edildi. Ilki bilen, dünýädäki pandemiýa sebäpli, bitiren we bitirjek işleri üçin lukman Entoni Fausi bu ada eýe boldy. Elbetde, dünýädäki pandemiýa garşy ilkinjileriň hatarynda keseliñ öňüni alyş çäresine gatnaşýan hemme saglygy goraýyş işgärleri “Ýylyñ goragçysy” adyna mynasyp görüldi. Şeýle hem adam hukuklary we jynsparazlyga garşy alyp baran işleri üçin Porşe Bennett-Beý we Assa Traore “Ýylyñ goragçysy” atlaryna laýyk görüldiler.

15 |
|