...

Arzygül Atjanowa

@arzygul05.

Talyp 📖

Gap-gaç ýuwulýan gupkalaryň saglyga ýetirýän zyýanyny bilýärdiňizmi?

"Arassaçylyk saglygyň girewidir" diýip yöne ýere aýtmandyrlar. Arassaçylyk düzgünleri her kimiň ýerine ýetirmeli borjudyr. Biziň gündelik durmuşymyzda gap-gaç ýuwmak üçin ulanýan gupkalarymyzy dogry- düzgün ulanmasak,adamlaryň saglygyna ýetirip bilýän zyýany gaty howplydyr. Günüň dowamynda çygly durýan gupkalar öz düzümünde millionlarça bakteriýalary saklaýar. Gupkalarda bir hepdäniň içinde hajathana oturgyjyna garanyňda 200müň esse has köp bakteriýalar üýşýär. Ynanylmasy kyn bolsa-da gupkalarda jemi 10milliona barabar bakteriýalar bardyr. Norwegiýada ýerine ýetirilen tejribelere göra, gupkalardaky bakteriýalar ýer ýüzünde ýaşaýan adamlardan hem…

Gap-gaç ýuwulýan gupkalaryň saglyga ýetirýän zyýanyny bilýärdiňizmi?

Adalatlylygyň heýkeli-Femida.

Femida bu adalatlylygyň we deňligiň heýkelidir. Bu heýkeliň heýkeltaraşy näbelli bolsa-da, dünýäniň ähli ýerinde adalatlylygyň nyşanydygy hemmämize mälimdir. Femida heýkeli gadymy grek hudaýy hasaplanýar. Ol adalatlylygyň,deňligiñ hudaýy diyip bilinýär. Femidanyň esasy gurallary: gylyç,mantiýa we göz örtüginden ybarat. Femida heýkeli adalatly zenanyň keşbini suratlandyrýar. Onuň egnindäki eşigine mantiýa diýilýär. Femidanyň çep elindäki terezi adalaty we adalatly deňagramlylygy görkezýär. Libra şekili, kazyýetiň iki tarapynda-da subutnamalaryň adalatly görkezilmegini aňladýar. Adalat ýerine ýetirilýänçä bu deňeşdirmäniň yzygiderli dowam ediljekdiginiň aýdyň…

Adalatlylygyň heýkeli-Femida.

Üstünlik üçin 10000 sagat düzgüni.

Üstünlik we üstünlik gazanmak adamlar üçin hemişe möhüm zatlaryň biridir. Köp adamlar maksat edinen üstünligine ýetmek üçin dürli ýollary barlap görýärler. Üstünlige barýan bu tagallanyň esasy çeşmesi “Nädip üstünlik gazanmaly?” diýen soragdan ybarat. Adamlar köplenç bu sowalyň jogabyny tejribelerine esaslanyp tapýarlar. Ylham beriji TED gepleşigi bilen meşhurlyk gazanan Malkolm Gladwell üstünlik gazanmak isleýänler üçin "10 müň sagat" düzgünini öňe sürýär. Malkolm Gladwell esasan bir ugur boýunça hünärmen bolmak üçin jemi 10 müň sagatlap işlemegiň zerurdygyny…

Üstünlik üçin 10000 sagat düzgüni.

Nosebo täsiri näme?

Diňe negatiw pikirleriň sagdyn bedeniňize ýaramaz täsir edýändigine şaýat bolduňyzmy? Plasebonyň erbet ekiz dogany, Nosebo we saglyga edýän täsiri. Plasebony ýada salalyň! Hekaýa Ikinji jahan urşy döwründe, lukman ýaraly esgerleri bejermek üçin ulanylýan morfin gutaranda hassalara duzly garyndy bermäge synanyşanda başlaýar. Lukman bu garyndyny berýärkä, esgerleri garyndynyň agyryny ýeňilleşdiriji täsiri barada gürrüň berýär. Netijede, bu garyndynyň ýaralanan esgerleriň 35% -den gowragynda täsirli bolandygy syn edildi. Bu netijeler çap edilenden soň, plasebo effekti diýilýän bu hadysa…

Nosebo täsiri näme?

Dana Pyragy.

Täze galkynyşly berkarar ýurtda, Sylagy uludyr,sarpasy belent. Söz ussady, Magtymguly Pyraga, Okap öwrenilýär, goýulýar hormat. Ýöne bir şahyr däl ,akyldardyr ol, Her sözi dürdäne, pähimdardyr ol, Dünýä ýaly giň hem, umman dek çuňňur, Şygyr dünýäsiniň şasy Pyragy. Çoh garaşan ajap eýýamy geldi, Arzuwlary hasyl boldy, gülledi. Türkmen ili bir suprada jem bolup, Beýik döwlet gurýar iliň, Pyragy. Älem içre meşhur her bir şygyry, Çuň mana eýlenen her bir setiri. Türkmeniň öçmejek hazynasydyr, Beýik dana ady…

Dana Pyragy.

Ýer astynda gizlenip galan täsin esgerler.

Hytaý geçmişi we müňlerçe ýyllyk medeniýeti bilen dünýäniň iň möhüm we taryhy ýurdydyr.Hytaýyň müňlerçe ýyllyk taryhyndan şu güne çenli saklanyp galan köp sanly möhüm ýadygärlikler bar. Terrakota esgerleri ýa-da Sin Şi-Huanyň palçykdan ýasalan esgerleri muňa aýdyň mysaldyr. Bu ajaýyp taryhy ýadygärlik b.e.ön III asyrda ýasalandygy barada maglumatlar bar. Bu goşun, Hytaýyň lkinji Imperatory bolan Sin Şi-huanyň esgerlerini taryp edýär. Bu ýadygärlik ilkinji gezek 1974-nji ýylda işläp ýören daýhanlaryň görmegi esasynda ýer ýüzüne çykýar. Goşundaky heýkeller…

Ýer astynda gizlenip galan täsin esgerler.

Iki doganyň duşmançylygyndan dörän Adidas bilen Pumanyň täsin hekaýasy.

Köpleriň bilişi ýaly, dünýäniň iň meşhur sport eşikleri we aýakgap markalarynyň biri bolan Adidas bilen Pumanyň, korporatiw bäsdeşlikden başga hem,gaty geň bir hekaýasy bar. Hekaýanyň baş gahrymanlary biri-birine duşman bolan iki dogan Adi (Adolf) we Rudi (Rudolf) Dasslerdir. Adi bilen Rudiniň aralarynda diňe bir dawa bolman eýsem, şol bir şäher doganlar sebäpli ikä bölündi diýsek hem ýalňyşmarys. Ikinji jahan urşunyň öň ýanynda Adi we Rudi Germaniýanyň kiçijik Gerzogenauraç şäherinde aýakgap ýasamak we satmak üçin ussahana…

Iki doganyň duşmançylygyndan dörän Adidas bilen Pumanyň täsin hekaýasy.

ChatGPT-4-de nähili üýtgeşmeler bar?

Öňki makalamda ChatGPT- 3 we 3.5 barada beýan edipdim.Bu täze makalamda emeli intellektual robatynyň has tapawutly görnüşi bolan ChatGPT-4 baradadyr. ChatGPT-4, OpenAl kärhanasy tarapyndan döredilen,gepleşiklere ýöriteleşen emeli intellektual söhbetdeşlik robotydyr. ChatGPT-4 2023-nji ýylyň 14-nji martynda halka hödürlendi. Bu programmanyň ýazylşyk tölegi aýda 20 amerikan dolloryna barabardyr. OPENAI gurujylarynyň arasynda başda Elon Musk hem bardy,emma soňra ol bu kompaniyadan aýryldy. GPT-4-de näme täzelikler bar? GPT-4-de örän köp täzelikler bar.Emma bularyň esasylaryny biz 3 topara bölüp bilýäris:…

ChatGPT-4-de nähili üýtgeşmeler bar?

"Plasebo" ähli keselleriň dermanymy?

Içinde himiki madda bolman,keselleri bejermäge ukyply bolan,ýalan dermanlara "Plasebo " diýilýär. Plasebo- bu derman görnüşli şekerden ýa-da süýjiden ybarat bolan kapsula ýa-da tabletkadyr.Plasebo sözi lukmançylyk edebiýatyna ilkinji gezek 1785-nji ýylda latynça “göwnüňize ýaramak” sözünden gelip çykypdyr. Haçanda adam plasebony ulananda, (elbetde bu ýerde hassanyň ulanýan dermanynyň plasebodygny bilmeli däl) hassanyň bedeninde endorfin gormony öndürilip çykarylýar.Endorfin gormony adam bedenindäki agyrylary aýyrmaga kömek edýär we adamyň has rahat durmuşda ýaşamagyna ýol açýar.Aslynda, plasebonyň fiziki taýdan bejeriş güýji…

"Plasebo" ähli keselleriň dermanymy?

Dejavu (Déjà vu) bu bir keselmi?

Ömrüňiziň belli bir döwründe "Bu wakany öňem başdan geçiripdim", "Bu ýeri öň gören ýalydym" ýaly sözlemleri ulanan bolsaňyz we bu hadysanyň nämedigni bilmeýän bolsaňyz,bu duygynyň ady "Dejavu". Dejavu gelip çykyşy boýunça fransuz sözi bolup, "déjà" (has ir,ozal), "voir" (görmek) diýen manyny aňladyp, bir hadysany geçmişde öň gören ýaly bolmak duýgysyna aýdylýar. Barlaglara görä, adamlaryň üçden iki bölegi ömründe azyndan bir gezek dejavu duýgusyny başdan geçirýärler. Esasanam 15 we 25 ýaşly adamlarda bu hadysa köp duş…

Dejavu (Déjà vu) bu bir keselmi?