Teswirler (6)

Ýüklenýär...
User Avatar

Gap-gaç ýuwulýan gupkalaryň saglyga ýetirýän zyýanyny bilýärdiňizmi?

2 minut alar

"Arassaçylyk saglygyň girewidir"diýip yöne ýere aýtmandyrlar. Arassaçylyk düzgünleri her kimiň ýerine ýetirmeli borjudyr.

Biziň gündelik durmuşymyzda gap-gaç ýuwmak üçin ulanýan gupkalarymyzy dogry- düzgün ulanmasak,adamlaryň saglygyna ýetirip bilýän zyýany gaty howplydyr.

Günüň dowamynda çygly durýan gupkalar öz düzümünde millionlarça bakteriýalary saklaýar. Gupkalarda bir hepdäniň içinde hajathana oturgyjyna garanyňda 200müň esse has köp bakteriýalar üýşýär. Ynanylmasy kyn bolsa-da gupkalarda jemi 10milliona barabar bakteriýalar bardyr.

Norwegiýada ýerine ýetirilen tejribelere göra, gupkalardaky bakteriýalar ýer ýüzünde ýaşaýan adamlardan hem has köp diýip hasaplanyldy.

Hemme bakteriýalar zyýanly bolmasa-da, "Salmonella" ýaly zyýanly bakteriýalar gupkalardan ellere,ellerden enjamlara geçip adam saglygyna uly howp salyp biler.

"Salmonella" bakteriýasy barada söz açsak, bu bakteriýa lukmanlar tarapyndan iň howply bakteriýalaryň biri diýip bellenilip geçilýär. "Salmonella" infeksiýasy esasan suw we iýmitleriň üsti bilen ýokaşýandyr.

Eýsem, gupkalaryň ýerine näme ulanmak maslahat berilýär? 

Türkiýe Respublikasynyň meşhur lukmany Janan Karataý gupkalaryň deregine pagtadan öndürülen matalary ulanmaklygy maslahat berýär. Haçanda gap-gaçlary ýuwup bolanymyzdan soň matamyzy gyzgyn suwda ýuwsak ähli bakteriýalar ýogalar. Gyzgyn suwda hiçhili ýagdaýda bakteriýa we wirus galmaz diýip lukman belläp geçýär. Arassaçylyk düzgünleri üçin her hepdede gap-gaç ýuwujy gupkalary,matamyzy çalşyp durmaly.

Gupkanyň taryhy.

Arassaçylyk üçin ulanylýan gubkanyň taryhy Gadymy Gresiýadan gelip çykýar.Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýanlar ýaryşdan öň zeýtun ýagyna ýa-da atyr sepilen deňiz gubkalary bilen ýuwunýardylar. Gresiýaly şahyr Gomeriň "Odisseýa" eserinde Hefest hudaýy ellerini, ýüzüni we döşüni deňiz gubkasy bilen arassalap we Odisseýiň köşgündäki hyzmatkärler şol ýerde nahar stollary,gap-gaçlary arassalamak üçin deňiz gubkalaryny ulanypdyrlar.Gupkanyň taryhy diýmek Gadymy Gresiýadan gelip çykýar.

Sintetiki gupkalar haýsy maddalardan ýasalýar? 

Sintetiki gubkalar poliesterden, poliuretandan ýa-da ösümlik sellýulozasyndan ýasalyp bilner.  Poliester gubkalar adatça, ýumşak we sary reňkde bolýar.

Arassaçylygy ynsan dünýä gelip,gözüni açan ilkinji gününden başlap berjaý etmelidir. Arassaçylygyň kada-kanunlaryny doly we berk ýerine ýetirsek tebigatdaky ýaşaýyş has hem gözelleşer.

140 |
|