Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

"Plasebo" ähli keselleriň dermanymy?

2 minut alar

Içinde himiki madda bolman,keselleri bejermäge ukyply bolan,ýalan dermanlara "Plasebo " diýilýär. Plasebo- bu derman görnüşli şekerden ýa-da süýjiden ybarat bolan kapsula ýa-da tabletkadyr.Plasebo sözi lukmançylyk edebiýatyna ilkinji gezek 1785-nji ýylda latynça “göwnüňize ýaramak” sözünden gelip çykypdyr. 

Haçanda adam plasebony ulananda, (elbetde bu ýerde hassanyň ulanýan dermanynyň plasebodygny bilmeli däl) hassanyň bedeninde endorfin gormony öndürilip çykarylýar.Endorfin gormony adam bedenindäki agyrylary aýyrmaga kömek edýär we adamyň  has rahat durmuşda ýaşamagyna ýol açýar.Aslynda, plasebonyň  fiziki taýdan bejeriş güýji ýok. Plaseboda bar bolan bejeriş güýji diňe hassanyň berlen dermanyň “şypa berjekdigine” bolan ynamyndan gelip çykýar. 

Häzirki wagtda häzirki zaman lukmançylykda plasebony esasan hem täze öndürilen dermanlary barlamak üçin ulanýarlar. Bu tejribäni ýerine ýetirmek üçin hassalary 2 topara bölýärler. Birinji toparyň hassalaryna hakyky derman berilýän bolsa, ikinji toparyň hassalaryna bolsa Plasebo berilýär. We elbetde hassalara hiç hili maglumat berilmeýär. Şol bir dermany ulanandyklaryny pikir edýän hassalaryň ikisi hem tiz wagtda gutuldylar. Şu tejribäniň soňuna seretsek,esasy zat hassanyň gutuljakdygna bolan ynamy eken.

Plasebonyň täsirini has içgin bilmek üçin geçirilen barlaglarda lukmanlar hassalaryna güler yüz bilen "Bu derman size peýda eder!" diýenlerinde hassanyň bedenindäki gyzaryklygyň azalýandygyny subut etdiler. 

Plasebolar hakyky dermanyň täsirini anyklamak üçin köp ulanylýar. Bu tejribe üçin, nãsag hassalaryň bir toparyna hakyky dermany berip, ikinji topara bolsa Plasebo berilýär. Ne lukmanlar,ne hassalar haýsynyň Plasebo ýa-da haýsynyň hakyky dermandygny bilenoklar.Eger hakyky derman Plasebodan has köp bejergi täsire eýe bolsa,onda ol derman täsirli we barlagdan geçen derman diyip hasap edilýär.


 

44 |