Teswirler (25)

Ýüklenýär...
User Avatar

Adalatlylygyň heýkeli-Femida.

2 minut alar

Femida bu adalatlylygyň we deňligiň heýkelidir. Bu heýkeliň heýkeltaraşy näbelli bolsa-da, dünýäniň ähli ýerinde adalatlylygyň nyşanydygy hemmämize mälimdir.

 Femida heýkeli gadymy grek hudaýy hasaplanýar. Ol adalatlylygyň,deňligiñ hudaýy diyip bilinýär.

Femidanyň esasy gurallary: gylyç,mantiýa we göz örtüginden ybarat.

Femida heýkeli adalatly zenanyň keşbini suratlandyrýar. Onuň egnindäki eşigine mantiýa diýilýär.

Femidanyň çep elindäki terezi adalaty we adalatly deňagramlylygy görkezýär.  Libra şekili, kazyýetiň iki tarapynda-da subutnamalaryň adalatly görkezilmegini aňladýar. Adalat ýerine ýetirilýänçä bu deňeşdirmäniň yzygiderli dowam ediljekdiginiň aýdyň subutnamasydyr.  Mundan başga-da, Femidanyň elinde asylap duran terezi, başga bir sebäbe görä üýtgetmezden, subutnamalaryň doly we dogry görkeziljekdigini we adalatly baha beriljekdigini aňladýar. Günäkärler we bigünäler, gowylyklar we ýamanlyklar, edilen ýagşylyklar we ýamanlyklar şol adalat terezisinde ölçener we şona göräde adalat ýerine düşer diýen manyny berýär.

Beýleki tarapdan, Femidanyň sag elindäki gylyç, adalat tarapyndan talap edilýän hökümleriň we jezalaryň ýerine  ýetiriljekdigini suratlandyrýar. Gylyç güýjüň we jezanyň nyşanydyr.Gylyjyň iki ujunyň ýiti bolmagy, adalat talap eden halatynda diňe jeza bermän, duýduryş berip biljekdigini aňladýar. Femida gylyjy sag elinde tutýar sebäbi güýç sag tarapda jemlenýär.Şol bir wagtyň özünde, Femidanyň elinde gylyjyň aç-açan görünýändigi we gizlenmeýändigi adalatyň “aç-açan” görkezijisi hökmünde kabul edilip bilner.  Şonuň üçin, Femida hökümi bermek bilen çäklenmän, adalat işini hem ýerine ýetirýär.

Gözleriň göz örtügi bilen örtülmegi, adalatlylygyny we adalatyny goraýandygynyň yşaratydyr.Başga sözler bilen aýdylanda, Femida puldan, şöhratdan we wezipeden uzakda, bitarap we adalatly baha bermegi başarýar.

Heýkele üns bilen seretseňiz, görüp boljak başga bir aýratynlyk hem Femidanyň aýagynyň aşagyndaky ýylandyr. Bu zadyň esasy manysy durmuşdaky ýamanlyklaryň aýak aşagynda galmagyna aýdylýar.

Kanunyň buýruklary şulardyr:

Dogryçyl hereket etmek, özgelere zyýan bermezlik, herkimiň hakyny bermek.

-Ulpianus.

 

110 |