Teswirler (5)

Ýüklenýär...
User Avatar

ChatGPT-4-de nähili üýtgeşmeler bar?

2 minut alar

Öňki makalamda ChatGPT- 3 we 3.5 barada beýan edipdim.Bu täze makalamda emeli intellektual robatynyň has tapawutly görnüşi bolan ChatGPT-4 baradadyr.

ChatGPT-4, OpenAl kärhanasy tarapyndan döredilen,gepleşiklere ýöriteleşen emeli intellektual söhbetdeşlik robotydyr. ChatGPT-4 2023-nji ýylyň 14-nji martynda halka hödürlendi. Bu programmanyň ýazylşyk tölegi aýda 20 amerikan dolloryna barabardyr. OPENAI gurujylarynyň arasynda başda Elon Musk hem bardy,emma soňra ol bu kompaniyadan aýryldy.

GPT-4-de näme täzelikler bar?

GPT-4-de örän köp täzelikler bar.Emma bularyň esasylaryny biz 3 topara bölüp bilýäris:

1.Döredijilik.

2.Suratçylyk,grafika.

3 Uzynlyk.

1.Döredijilik- bilşimiz ýaly eýýäm GPT-3de hem döredijilik has ösendi.GPT-3 goşgy düzmäge,hekaýa,erteki ýazmaga ukyplydy. Emma bu programmada önkä garanyňda has täsin galdyryjy tejribe geçirildi. GPT-4-den bir hekaýanyň gysgaça mazmunyny elepbiýdäki ähli harplary yzygider ulanyp gysgaça gürrüň bermegini talap edýärler we ulanylan harplar hem täzeden gaýtalanmaly däl.Bu tejribe aşakdaky suratda has gowy düşündirilýär.

 

Suratda görşümiz ýaly tehnika elepbiýdäki harplary yzly-yzyna ulanyp,hekaýanyň gysgaça mazmunyny beýan edýär.

2. GPT-4-diň ýene bir täsin tarapy hem,suratlary tanap bize onuň nämedigini,nähilidigni,suratdaky mazmuny doly we dogry beýan edip berýär.

GPT-4-iň iň  uly ösüşi, görüp bilme ukybyna eýe bolmadyklar üçin gelýär.“Be My Eyes” we “GPT-4” -iň hyzmatdaşlygy bilen,kör adamlar üçin täze bir mümkinçilikler döredildi.Mysal üçin:

Şahsyýetiň elindäki akylly telefonyň kömegi bilen, daş töwerekdäki ýa-da adamyň öňündäki nesnäni surata düşürenden soňra GPT-4-iň we "Be my eyes"-yň bilelikde döreden programmasy şol suraty şahsyýete dilden beýan edýär. Şeýlelik-de kör adamlar başga birine mätäç duýman,programmanyň kömegi bilen öňlerinden çykýan zadyň nähilidigni düşünýärler. 

 

3. GPT-4 ulanyp bilinjek sözleriň sanyny hem köpeldipdirler. Öň GPT-3-de 3000-e golay söz ýazyp jogap berip bilýän bolsady, indi GPT-4 25000-golaý söz ýazyp jogap berip bilýär. Eger GPT-4-de 100 sahypalyk kitap berip şondan möhüm ýerleri saýlamagyny sorasak,onda onuň bu işi arkaýyn ýerine ýetirip bilme ukybyna eýedir.

Bu programma tehnologiýada iň wajyp meseleleriň biridir.ChatGPT-4 bir alymyň edip bilýän işlerini az wagtyň içinde doly we dogry ýerine ýetirip bilýär. 

171 |
|