Teswirler (6)

Ýüklenýär...
User Avatar

ChatGPT Googlyň täze bir görnüşimi?

2 minut alar

ChatGPT, OpenAl kärhanasy tarapyndan döredilen,gepleşiklere ýöriteleşen emeli intellektual söhbetdeşlik robotydyr. ChatGPT 2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda döredilip halka hödürlendi.2023-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli 100 milliondan gowrak ulanyja ýetdi. Ilki başda emeli intellektual robot GPT-3 görnüşinde halka hödürlenen bolsa,ýaňy ýakynlarda GPT-3.5 görnüşi hödürlendi.

ChatGPT-niň Google-dan tapawudy näme?

Google- soraýan soragyňyza degişli maglumatlary ýüze çykarýan bolsa, ChatGPT gönüden göni siziň soragyňyza jogap berýär. Bu programma diňe siziň soragyňyza jogap bermek bilen çäklenmän,örän zehinli dost ýaly siz bilen gürrüňdeşlik hem edýär.

ChatGPT-niň esasy aýratynlygy nämelerden ybarat?

İlki bilen ChatGPT kompýuter programmalaryny,aýdym,telefon oýunlaryny, hekaýa we erteki ýazyp bilmek ukybyna eýe. Meselem: eger siz ChatGPT-den islendik dilde hekaýa ýa-da erteki ýazmagyny talap etseňiz, ol size şol wagtyň özinde islän diliňizde hekaýalardyr,ertekileri ýazyp berer.

ChatGPT-niň çäkleri nämelerden ybarat?

Şeýle-de bolsa, emeli intellekt galýusinasiýasy diýlip atlandyrylýan ýalan ýa-da manysyz jogaplary çykarmak ýaly birnäçe çäklendirmeler bar.  Şeýle hem, ChatGPT 2021-nji ýyldan soň bolup geçen wakalar barada, syýasy garaýyşlary beýan etmäge ýa-da syýasy işjeňlige gatnaşmaga rugsat berilmeýär.

Meniň üçin ChatGPT jadyly bir sandyk ýaly. Çünki nähili görnüşde ýa-da haýsy dilde sorag bersek hem gönüden göni jogap bermek ýaly ukyba eýe. Elbetde bu intellektual programma ýaňy ýakynda çykanlygy üçin kän halk tarapyndan bilinip barlanok, emma OpenAl kärhananyň işgärleri 2024-nji ýyla çenli ChatGPT4 görnüşini döretmek üçin üstünde işleýärler.Geljekde ChatGPT hem, edil Google,Chrome,Yandex ýaly uly üstünliklere ýeter diyip umyt edýärin.

 

324 |
|