Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Dana Pyragy.

2 minut alar

 

 Täze galkynyşly berkarar ýurtda,          Sylagy uludyr,sarpasy belent.                    Söz ussady, Magtymguly Pyraga,      

 Okap öwrenilýär, goýulýar hormat. 

 

 Ýöne bir şahyr däl ,akyldardyr ol,                Her sözi dürdäne, pähimdardyr ol,            Dünýä ýaly giň hem, umman dek çuňňur,  Şygyr dünýäsiniň şasy Pyragy. 

 

 Çoh garaşan ajap eýýamy geldi,            Arzuwlary hasyl boldy, gülledi.                  Türkmen ili bir suprada jem bolup,            Beýik döwlet gurýar iliň, Pyragy.

 

 Älem içre meşhur her bir şygyry,                Çuň mana eýlenen her bir setiri.            Türkmeniň öçmejek hazynasydyr,              Beýik dana ady Magtymgulydyr.

 

 Owazyň magrypdan-maşryga aşýar,          Setirleriň dilden-dillere düşýär.                    Onuň bilen halkym bir gez beýgelýär          Dünýä danasyna dönen Pyragy.      

 

“Ynsanyň öçmejek nury” diýilen,                  Beýik mertebä mynasyp görülen.                Şanyna ençeme dessan ýazylan,                Hakdan içen, halk şahyry Pyragy

 

136 |
|