Teswirler (31)

Ýüklenýär...
User Avatar

Din we Bilim

1 minut alar

 

Bilim

Bilim - adamzat taryhynyñ ilkinji gününden bäri kämilleşip, her döwründe özüniň çäksizligini subut edip gelýär. Daş - töweregimizde  görýän we görmeýän zatlarymyzyň ählisiniň aňyrysynda bilim saklanýar. Adamzat bilimden daşlaşdygyça oňa howp salýan zatlardan goranmak mümkinçiligi hiçlige tarap gidýär. Taryhda adamlaryň elmydama gözlegde bolup, daş töwereginde bolup geçýän hadysalaryň sebäbini bilmek isläpdirler. 

Bir ýere ýyldyrym düşýär. Düşen ýerinde güýçli ses, ot çykýar. Muny gören aň taýdan häzirki zaman adamlary bilen deňeşdirilende has pes derejede bolan adamlar muny biriniň gaharynyň gelendigi üçin edendigine ynanmagy saýlaýarlar. Sebäbi olarda mundan başga bir düşünje ýa-da maglumat ýokdy. Munuň aslynyň bilim bilen bagly bolup biljegi baradaky pikir bolman, tebigaty bir güýç dolandyrýa, ol güýç gaharlanan wagty şeýle zatlar bilen bizi jezalandyrýar diýip pikir edýärler. Şunlykda bu güýje eýe bolana Taňry diýip atlandyrýarlar. 

 

Şu ýerde bir bölümi jemleýän. Pikirlerñize garaşýan. Mowzugyñ meşhurlygyna görä bölümleriñ dowamy geler.

125 |