Teswirler (12)

Ýüklenýär...
User Avatar

sci-fi writer, geographer

Syrly geografiýalar #7: Seddi Zülkarneýn

2 minut alar

41°55'19.2"N 70°48'24.7"E

Zülkarneýniň Beýik diwary (Seddi Zülkarneýn) diýlip çaklanylýan ýer
Zülkarneýniň Beýik diwary (Seddi Zülkarneýn) diýlip çaklanylýan ýer
Zülkarneýn (DALL-E 3 emeli aň tarapyndan döredilen surat)

Zülkarneýn, Gurhany Kerimiň Kehf süresinde ady agzalan keramatly şahsyýetidir.  Onuň ady "iki şahly" ýa-da "iki zamanyň eýesi" diýmegi aňladýar we onuň kimdigi barada dürli çaklamalar bar.  Käbir düşündirişlere görä, ol Aleksandr Makedonskiý (Bu çaklama nädogrydyr, sebäbi Aleksandr gadymy grek taňrylaryna sygynan, Zülkarneýn bolsa Alla sygynan) beýlekileriň pikiriçe başga bir taryhy şahs bolup biler. Oguz Hanyň hem Zülkarneýndigi barada çaklamalar bar.

Oguz Han (Käbir din we taryh öwrenjiler tarapyndan Zülkarneýn diýlip çaklanylýar)

Zülkarneýniň üç möhüm syýahaty Gurhanda agzalýar.  Bu syýahatlarda günbataryň güniň batýan ýerine, günüň gündogarda güniň çykýan ýerine we Ýejuj we Mejuj (Äjit we Mäjit) atly ýabany taýpalaryň ýaşaýan sebitine syýahat edendigi aýdylýar. Äjit we Mäjitleriň boşadylmagynyň öňüni almak üçin uly päsgelçilik (diwar) örendigi aýdylýar.  Bu diwara käwagt "Zülkarneýniň Beýik diwary" (Seddi Zülkarneýn) diýilýär we onuň hakyky dünýädäki takyk ýeri bilen baglanyşykly birnäçe çaklamalar bar. Olaryň biri hem Özbegistan we Gyrgyzystanyň araçägindäki daglardaky "Seddi Zülkarneýn" diýlip atlandyrylan ýerdir.

Bu ýeriň diwara meňzeşligi we demir bölejikleriniň tapylmagyndan "Seddi Zülkarneýn"-niň bu ýerdigi çaklanylýar. Ol ýeriň buz örtügini burawlap, buzasty rentgen edilende demirden diwardygyny anyklapdyrlar. Gurhanda hem Zülkarneýn bu diwary demir eredip gurdurandygy agzalýar.

Bu elbetde bir çaklamadyr we hakykatdan ol ýeriň Zülkarneýn diwarydygy doly subut edilen däldir. Şeýle-de bolsa bu ýerde edilen barlaglar şeýle täsin çaklamalaryň döremegine sebäp bolýar.

Zülkarneýniň diwar gurdurmasy (miniýatura)

Çeşmeler:

Gurhan, Kehf (Gowak) süresi: 83 - 101-nji aýatlar.

https://tr.m.wikipedia.org/wiki/Z%C3%BClkarneyn

https://youtu.be/Lei1R-fwxbE?si=Fk_iyZHV7kpZugdl

https://tr.m.wikipedia.org/wiki/Ye%27c%C3%BCc_ve_Me%27c%C3%BCc

124 |
|