Teswirler (3)

Ýüklenýär...
User Avatar

Okuwçy

Gyzykly we Psihologiki maglumatlar

2 minut alar

1.Bedeniň gan üpjünçiligi bolmadyk ýeke-täk bölegi gözüň kellesidir. Ol kislorody göni howadan alýar.

2.Adam nähili akylly bolsa(zehin tarapdan) şonça-da çalt pikirlenýär we el ýazgysy hem şonça düşnüksiz bolýar.

3.Sizi gorkuzýan zatlary etmek, sizi has bagtly eder.

4.Iki dille gürleýän adamlar bir dilden beýlekisine geçenlerinde hem häsiýetini üýtgedip bilerler.

5.Syýahat etmek beýniniň saglygyny gowulaşdyrýar we ýürek agyry we depressiýa howpuny peseldýär.

6.Adamlar üýşüp otyrkalar bir zada gülseler, her kim öz halaýan adamyna sereder.

7.Adam beýnisi dünýädäki ähli telefonlardan has köp günde elektrik signallaryny öndürýär.

8.Bu sözlemi okaýarkaňyz, bedeniňizdäki 50,000 öýjük öldi we ýerine täze öýjükler berildi.

9.Ýüzüňiz gyzarsa, garnyňyz hem gyzarýar.

10.Adam bedeninde öz-özüni bejerip bilmeýän ýeke-täk organ dişdir.

11.Bir adam ömründe ortaça sekiz sany ownuk möýi tötänleýin ýuwudýar.

12.Adam bedenindäki bakteriýalaryň umumy agramy 2 kg'dyr.

13.Erkekler aýallar bilen deñeşdirilende, iki esse köp göz gyrpýarlar.

14.Adam bedenindäki iň güýçli myşsa dildir.

15.Nemes alymlarynyň pikiriçe, duşenbe güni ýürek keseliniň döremek howpy beýleki günlere garanyňda has ýokarydyr.

16.Diňeje towşanlar we popugaýlar kellesini öwürmän yzlaryny görüp bilýärler.

17.Dünýäniň diňeje ýüzde 11%-i çepbekeýdir.

18.Inçe içege adamyñ ortaça beýikliginden 4 esse uzyndyr; Başgaça aýdylanda, aslynda bu biziň iň uly içki organymyzdyr.

19.Haýsydyr bir zada ünsi jemläniňizde, beýniňiz göz-öňüňizde duran hemme zady äsgermezlik edýär. Oňa saýlama üns diýilýär. 

20. Adamlaryň beýnisiniň diňe 10% ulanyp biljekdigi baradaky mif hemmelere mälim bolsa-da, aslynda beýnimiziň 35% -ini ulanyp bileris.

21.Düýşüňize ýykylmak, beýniňiziň gaty çalt uky ýagdaýyna gitmegi bilen bolýar we beýniňiz ölýändir öýdýär. Bu duýgy, aslynda beýniňize özi AED (Awtomatiki daşarky defibrilýator enjamy) bermegidir.

22.. Artykmaç stres beýniniň öýjügini, gurluşyny we işleýşini üýtgedýär.

21. Beýniňiz bilen aşgazanyňyzyň arasynda yzygiderli baglanyşyk bar, stres we alada ýaly duýgularyň aşgazanyňyza täsir etmeginiň sebäbi bu baglanyşykdyr.

22. Eger tüýkülik iýmitiňizi çözmese, iýýän iýmitiňiziň tagamyny bilmezdiñiz.

23. 60 ýaşyňyza baraňyzda tagam alma duýgyňyzyň 50% -ini ýitirersiňiz.

24.Sakgyç çeýnemek, ýatkeşligiňize kömek edip synaglarda has üstünlikli bolmagyňyza elter.

25.Günde 5-10 dürli aýdym diňlemek ýadyňy we immunitetiňi güýçlendirýär we depressiýa howpuny 80 göterim azaldýar.

26.Artykmaç pikir etmek aňymyzyň negatiw senariýalary döretmegine ýa-da agyryly ýatlamalary ýada salmagyna sebäp bolýar.

27.Dünýäde psihologlar tarapyndan kesgitlenen 400-den gowrak fobiýa bar!

28.Žiraflar dilleriniň takmynan 53 sm uzynlygy bilen öz gulaklaryny arassalap bilýärler.

29.Eger iýmit reňkleri goşulmadyk bolan bolsady, kolanyň asyl reňki ýaşyl bolardy.

30.Sygyrlaryň köpüsi aýdym diňläninde has köp süýt öndürýär.

31.Dünýädäki towuk sany adam sanyndan köpdür.

32.Ortaça adam ömrüniň iki hepdesini svetoforyň gyzyl çyradan ýaşyla öwrülmegine garaşyp geçirýär.

33.Ýeriň agramy takmynan 6,588,000,000,000,000,000,000,000,000 tonna.

34.Çepbekeý adamlaryň saglara garanyňda ortaça ömri 9 ýyl has köpdür.

35.Amerikalylaryň diňe 38% -i ertirlik edinýär.

Peydalanylan maglumatlar!

Üns bilen okanyňyz üçin sagboluň!

450 |