Teswirler (6)

Ýüklenýär...
User Avatar

Talyp

Üstünligiň syry.

4 minut alar

 Salam gadyrly adamlar. Men hem makala ýazmaga başladym. Bu meniň birinji makalamdyr. Men bu makalamda durmuşda duş gelýän üstünlikler barada düşündirmek isleýärin. Bu makalanyň üsti bilen, men öz  durmuşymdaky ýeten üstünliklerimi aýdyp bererin we üstünligiň kiçijek syryny size ýetirerin.  Häzirki döwürde dünýäde jemi 8 milliard adam ýaşaýar. Şolaryň hersi öz durmuşynda mynasyp ornuny tapyp, üstünlige ýetmegä tijenýärler. Ýöne gynansakda bu dünýäniň täsin bir oýuny bar. Durmuşda üstünlige ýetýänlerem bar, ýetmeýänlerem. Bu bir lotereýa petegi ýaly. Kimlerdir utýar, kimlerdir utulýar. Eýsem üstünlik sözüniň düýp manysy näme-kä diýen sorag sizi gyzyklandyrýan bolsa gerek.  Aslynda üstünlik sözüniň “üstün” sözünden düzülendigini nazara alsak, eger şeýle bolsa “üstün çykmak” has dogrusy “ýeňiş gazanmak, ýeňiji bolmak, ökde gelmek” diýen manyny berýär. Onda üstünlik –bu durmuşdaky öz ýoluňda, öňünde goýan beýik maksadyňa,  arzuwyňa ýetmek üçin ädilen ilkinji we iň dogry, ynamly ädimiň bolup hyzmat edýän başarnykly hereketleriň aýdyň ýeňişli netijesidir. Haçanda üstünlik ynsanyň yhlasynyň, güýjüniň we başarnygynyň, çeken zähmetiniň ygtybarly daýanjyna öwrülende adam özüniň öňünde goýan maksadynyň dogry ýoldan barýandygyna göz ýetirip biler. Şübhesiz, siz dogry ýoldan barýarsyňyz... . Edil şu ýerde “üstünlige ýetmek üçin näme etmeli” diýen sorag ýüze çykýar. Biz muňa-da jogap taparys.  Aýdaly, biz durmuşy basgançak mysalynda göz öňümize getirsek, onda münmek üçin ätmegimiz zerur. Ýöne bir ätmek däl, özüňe bolan ynam bilen yhlasly hem başarnykly edilen hereket bizi basgançakdan-basgançaga elter. Diňe şonda elmydama durmuşda erjelli,maksada okgunly, yhlasly, zähmetsöýer bolmak zerurdygyna düşünersiňiz.  Dünýä meşhur milliarderi Ilon Mask seýle diýýär: “Adamlar hemişe bagta barýan gysgajyk ýoly gözleýärler. Beýle ýol ýok. Bir zady islemek bilen oňa ýetmegiň başga-başga zatdygyna akyl ýetireniňde adam paýhaslanýar”. Hakykatdan-da şeýle. Islemek ýa arzuw etmek bilen iş bitenok. Eger çyn ýürekden isleýän bolsak, onda öz goýan maksat ýoluňda göreşmeli hem bolýar. Türkmenlerde şeýleräk bir aýtgy bar: “Çekilmez dert bolmaz, ýykylmaz-mert”. Elbetde. “Men başarmaryn” diýen sussupesligigi öňe sürüp,başarnyksyz, ynamsyz ýoluň orta arasynda dursak, üstünlik bizi terk edip gider. Elbetde biz bu ýolda ýeňilendigimizi boýnumyza almagymyz zerurdyr. Eger tersine, özüňe bolan ynam bilen aýgytly hereket edip, “Çynymy etsem men muny hökman başararyn” diýen düşünjäni beýnimize guýup ony özümiziň baş şygarymyza öwrüp ahyra çenli saklasak, biz islendik böwedi böwsüp bilerismi? Şu sowaly özüňize berip görüň we beýniňizde gowja aýlaň. Jogap tapdyňyzmy? Diýmek ýeňiş siziňki.  Gadyrly okaýjylar. Men ilkinji üstünligime 4-nji synpda ýetdim. Şol wagtlar taryh sapagynyň ilkinji okan ýylymyzdy. Men bolsa şo wagtlar taryh sapagy bilen aram ýokdy. Bilmedim sapakdan ýadyrgandym-my ýa-da gyzyksyz gördüm-mi garaz şo wagtlar sapagy öwrenmän başladym. Soňra muny bilen ýolbaşçy mugallymlar çäre görmek üçin ejem-kakama habar berdiler. Soňra ejem-kakam jeza hökmünde taryh kitabyň 50 sahypasyny, 10 günüň dowamynda düşünip aýdyp bermegi buýurdylar. Şol wakalardan soň taryh kitaby açyp okap başladym. Şol wagtlar taryh sapagyň nähili zerur hem-de gyzykly sapakdygyna düşündim. Soň-soňlar meniň öz ata Watanymyzyň taryhy hem-de dünýä ýurtlarynyň taryhyny öwrenmägä höwesim artyp başlady. 2022-nji ýylda bolsa “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşiginde taryh dersi boýunça etrap tapgyrynda 1-nji orny eýelemegi başardym. 2023-nji ýylyň başlarynda geçirilen “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşiginde taryh dersi boýunça 3-nji orna eýe boldum. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan wagtlary Türkmenistanyň Telewidenýe, radiogepleşikler we kinomotagrafiýa baradaky döwlet komitetiniň “Ýaşlyk” teleýaýlymda Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň umumy bilim berýän mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda taryh dersi boýunça geçirilen “Şowly bije” atly bäsleşikli gepleşikde ikinji orna hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramsynyň baýragyna mynasyp boldum. Şu wakalaryň gözbaşyny ýaňky taryh sapagyndan başlanýar. Ejem bilen kakama minnetdarlyk bildirýarin. Eger ejem bilen kakam wagtynda jeza hökmünde taryhy okatmadyk bolsalar, onda men şeýle üstünliklere ýetip bilmezdim. Bularyň barysy maňa motiwatsiýa boldy. Men maksat goýdum we maksadyma ýetdim.  Emma bular ýeterlik bolarmy? Ýok. Durmuşda, okuwda, işde tapawudy ýok üstünlik babatda öz maksadyň eýesi bolmak üçin irginsiz zähmet çekmeli.  Adam özüňe maksat goýan wagty, hemişe özüne motiwatsiýa berip durmaly. Hemişe goýan maksadynda ýaşap görmeli. Göz öňüne getirip görmeli. Aýdaly siz Halkara bäsleşige gatnaşmana gitdiňiz we Halkara bäsleşikde siz dünýä ýurtlarynyň güýçli güýçli adamlary bilen ýaryşyp 1-nji orny eýelemegi başardyňyz. Soňra Halkara bäsleşigini gurnaýan dünýä belli adamy siziň boýnuňyzdan altyn medaly asýar. Soňra Türkmenistanyň Döwlet Senasynyň ýaňlanmagy bilen Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy asuda asmana galdyrylýar. Bu nähili üýtgeşik bir bagt. Ine şeýle motiwatsiýalary özüňize berip durmagy ýatdan çykarmaň.  Gadyrly adamlar. Maksat ýolunda ýeňilmek bu-kemlik däl. Eýsem goýberen ýalňyşyňy düzetmägä mümkinçilikdir.  Şeýle eşretli zamanada, asuda, parahat durmuşda ýaşamagyňam özi bir üstünlikdir. Biz ýaşlara okamagymyz, öwrenmegimiz döretmegimiz üçin giň ýollary açyp berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlykdan rowaçlyklara beslensin.  Hormatly adamlar. Onda näme edil şu wagt, şu pursatdan hereket edip başlaň. Wagt ýitirmäň, geçilen wagt dolanýan däldir. Durmuşa aňsatlyk bilen bil baglamaň. Durmuş size hiç wagt hiç zady söz berýän däldir. Durmuş diňe eden hereketiň netijesini görkezýändir. Diňe öňe ymtylyň. Ine şonda, üstünlik siziň hemişelik hemraňyza öwrüler. 

543 |