Teswirler (3)

Ýüklenýär...
User Avatar

Mekdep okuwçy

Şowsuzlygyň ädimleri, üstünlige tarap!

4 minut alar

 Salam gadyrly adamlar. Size birnäçe sowal: Siz şowsuzlykdan gorkýarmysyňyz? Işiňiz ugrukmazlygyndan howatyrlanýarmysyňyz? Bir zatda işim ugrukmaz öýdüp, synanyşyp görmekden gaça durýarmysyňyz? Eger-de siz “hawa” diýip jogap berseňiz, onda siziň öňüňizde, dogrudanam, ullakan böwet, päsgelçilik peýda bolar we siz şeýdip öz maksatlaryňyza ýetip bilmersiňiz.

  Meniň pikirimçe sowşuzlyk gorkunç zat däl. Şowsuzluk bu üstünligiň ganatydyr. Şu wagtky döwürde bilşimiz ýaly üstünlige ýeten adamlar, milliarder hem-de millioner adamlar, ýa-da bolsa özüniň korýerasynda täsin işleri edýän adamlar köpelýär. Şolaryň haýsy-sy şowsuzlyga uçramadylarka? Elbetde olaryň her biri şowsuzlyga uçrandyrlar. Işi rowaç adamlaryň ählisi hem şowsuzlyk tagamyny dadyp görendirler.

  Haçanda adam şowsuzlyga uçranda durmuşdan tejribe toplaýar. Sebäbi şowsuzlyk dogry ýoldan sowlan we egrelen maksatlarymyzy düzetmäge mümkinçilik berýär. Sen öz ýalňyşlyklaryňy düzedip ýören wagtyň durmuşdan täze-täze tejribeleri öwrenýäň.

 Taryhda Beýik Britaniýanyň premýer-ministri bolan Uinston Çerçil üstünlik hakda söz açanda: “Üstünlik bir şowsuzlykdan başga bir şowsuzlyga ynamyňy, yhlasyňy ýitirmän geçip bilmekdir” – diýip belleýär. Ol şowsuzlygy üstünligiň esasy serişdeleriniň biri hökmünde görýär. Ýöne beýle diýildigi şowsuzlyklara kaýyl bolup, arkaýyn oturmalydygymyzy aňladanok.

  Ýene bir hakykada üns beriň. Haçanda nämedir bir zady döretmegi ýa-da haýsam bir jogapkärli işi ýerine ýetirmegi ýüregiňe düwseň, şol ýerde şowsuzlygyň hem peýda bolup biljekdigini unutma.

  Eger ýönekeý durmuşy alyp görenimizde, her gezek gujurly, işeňňir, zyýada hereket etdigiňçe, her gezek ýalňyşlyklar, kemçilikler ýüze çykýar. 

  Gynansakda käbir adamlar sähelçe şowsuzlygyň urgularyna çydaman dyza çökýärler. Oňmadyk, ugrukmadyk işi üçin göwnüçökgünlige özlerini aldyrýarlar. Netijede, synanyşyk we amal gapylaryny dessine gulp bilen gulplap goýýarlar. Özleriniň öňünde goýan gymmatly zadyndan ýüz öwürýärler. Ýüz öwüren zatlaram bolsa olaryň gymmatly maksatlarydyr. Ine şeýdýänlere men hakyky şowsuz adamlar diýip düşünýärin. Mähriban adamlar pikir edip görüň, ine şeýle sebäpler zerarly dünýä ýüzünde milliardlarça asylly maksatlar ýola goýulman galýar.

Şeýle şowsuz adamlaryň köpüsi birje hakykatdan habarsyz galýarlar: olar şowsuzlyga boýun egip, maksatlaryndan ýüz öwüren pursatlary, hakyky we beýik üstünligiň bary-ýogy bir ädim bärsinden ýa-da edil alkymynda durdular. Üstünlige bary-ýogy ýekeje ädim galypdy... Eger-de şolar ýüz öwürmedik bolsalar, bir ädimini ädip we ýene öňe giden bolsalar bir azajyk bolsada üstünlige ýeten bolardylar. 

Eger işimiz ugrukman, öňe ilerlemeýän pursatlary nämeler edip bileris? Eger ýöreýän uly ýolymyz şowsuzlyk ýodalaryna birleşse, ondan sag-aman aşmak üçin aşakdaky häsiýetler, herektler bize peýda bolup biler:

1. Şowsuzlyk seniň şowsuz, işi ugruna bolmaýan adamdygyňy aňladanok.

2. Şowsuzlyk seniň şol işi başarmaýandygyňy aňlatmaýar.

3. Ýol saýlamakdaky şowsuzlyk bilen maksat saýlamakdaky şowsuzlygyň arasyny aç.

4. Şowsuzlyk seniň ömrüňden hiç zat ogurlan däldir.

Iş ýüzünde, hünärlerdäki şowsuzlyklara üns bereliň. Meselem her kimiň kiçijik bir arzuwy biznes etmek. Soň soňlar şol biznesiňi dolandyrmak. Biznes edýän adam başynda işi gowy ýaly bolup görünýär. Ýöne biznes edýän adamlaryň her biri hem şowsuzlyk çukuryna ýa-da şowsuzlyk ummanyna düşýärler. Edil biz şo ýerde “aý borlaý” diýip tutuş biznesi ýatyrsak, ana şonda biz iň bir şowsuz adamlaryň biri bolmagymyz anyk zat. Iň bir ýönekeý mysal. Kiçilikden biz “Robinzon Kruzonyň başdan geçirmeleri” atly eseri bilýäris. Şol eserde Robinzon Kruzo gaýygy çöksede agzyny açyp “waýý gark boldum” diýip oturmandyr. Gaýyk gark bolup barýan bolsa ilkinji nobatda sen şeker bilen duzy suwdan çykarmaly. Sebäbi şeker bilen duz suwa ezilýän zatlaryň biri. Indiki nobatda bolsa başga gerekli önümleriňi suwdan çykarmaly. Ýagny, sen öz önümleriňi halas edip ýetişmeli. Biznes hem şuňa meňzeş. Sen öz biznesiňi halas edip ýetişmeli. Eger sen öz maksat ýoluňda döwülmän, öňe gitseň sen öz biznesiňi halas edip bilersiň.

Ýöne ýene bir şerti bar, sen öňki goýberen kemçilikleriňden, gözden sypyp galan hereketlerden many alyp, netije çykarmalysyň.

Her bir şowsuzlygyň üçin gözýaş döküp ýörme, aglamaga endik etme. Sen häzirlikçe maksadyňa ýetmedik hem bolsaň, gazanan zatlaryň örän gymmytlydyr. Seniň tejribeler sandygyna goşan-öwrenen zatlaryň, ynanaý gymmatyny baha bilen kesgitläp bolmajak zatlardyr. 

Jon Çarlzyň şowsuzlyk hakda aýdan bir sözi bar: “Şowsuzlyk iki hilidir: birinjisi, pikirini edýäň, emma oňa ýeterlik we yzygider amal edeňok. Ikinjisi, öňünden pikirini etmän, nähilidir bir zada amal etmekçi bolýaň...”

Şahyrymyz Gurbannazar Ezizow goşgusynda “Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde” diýip belläp geçýär. Dogrudanam biz käte-käte ejizleýäs. Soňra bolsa döwülýäs. Esasanam ýaşlar çalt döwülýär.

Gadyrly adamlar. Bir şowsuzlyk... ol diňe synanyşyk, ol diňe tejribedir. Ol heniz ahyrky we gutarnykly netije däl... ol wakalaryň ýüze çykýan ýeri, ýöne uruş jeň-ýeri däl... ol indikä geçiş nokady. Maňa ynan, adamyň öňüne şowsuzlygyň kölegesi düşmese, üstünligiň giň şuglasy göz gamaşdyryjy bolmaz. Şowsuzlyk hem ALLA tarapyndan berilýän synagdyr. Köp zat şol synagada baglydyr.

Üns berip okanyňyz üçin sag boluň. Üstünlik hemişe hemraňyz bolsun MÄHRIBAN ADAMLAR ! 

150 |
|