Teswirler (1)

Ýüklenýär...

Jon Forbes Nash

2 minut alar

Amerkaly meşhur matematik Jon Forbes Neş 1928-nji ýylyň 13-nji iýunda Günbatar Wirginýada dünýä inýär. Kakasy elektrikçi, ejesi bolsa latyn we iňlis dili mugallymydy.
Sada we sessiz çagalygy geçiren Jon Forbes Neş öýde öz-özüne tejribeler geçirmäne başlanynda heniz on iki ýaşyndady. Ýeke bolmagy halaýardy. Ol beýleki çagalardan gaty tapawutlydy. Olaryň güýmenjeleri, oýunlary Neşe üýtgeşik görünýärdi. Şeýle gysga wagtyň içinde özüni hemmelerden daşlaşdyrmyşdy. Neşiň kitap isleginiň bardygyny bilenlerinde ejesi we kakasy onuň bilen uly ýaşly ýaly gatnaşmaga, has gowy bilim almagy üçin elinden gelenlerini etdiler.
 Neşiň matematika bolan islegi lisseý döwründe okan E.T.Beliň “Matematikanyň adamlary” (“Men Of Mathematics”) atly kitap arkaly döredi. Carnegie Institute of Technology uniwersitetinde talyp haky bilen bilim alan Jon Forbes Neş okuwyny tamamlady hem-de master derejesini aldy.
 Uzak wagt soňra Prinsetondan hem-de Harward uniwersitetinden özleri üçin işlemegi üçin teklip geldi. Neş maşgalasynyň ýaşaýan ýeri Blufilde ýakynlygy we akademikleriň özüne görkezen sylaglary sebäpli Prinsetona gitmegi saýlady. 1950-nji ýylda  doktarlygyny şolýerden aldy. Doktorlyk işi ondan soňra “Neş deňligi” adyny göterjek bolan “Oýun teoriýasynyň” iň möhüm bölegi hökmünde işdi.
 Jon Forbes Neş 1958-nji ýylynda şizofren alamatlaryny görkezip başlady. 1959-njy ýylynda hassahanada özüne ynamsyzlyk, deprosýon we paranoýak şizofrene duçar boldy. Pariž we Genewede uzak wagt ýaşanyndan soňra 1960-njy ýylda Prinsetona yzyna geldi. 1970-nji ýyla çenli birnäçe hassahanada ýatmaly boldy. Şol ýyllarda derman alman başlady. Bu ýagdaýda aýalynyň uly kömegi bilen  ýuwaş-ýuwaşdan gowylaşmaga başlady.
 Oýun teoriýasy we differensial geometriýa üstünde  zähmet çeken Neş 1978-nji ýyldan soňra işleriniň hözürini almaga başlady. Şol ýyl oňa “Jon Won Neman Teoriýa baýragy”, 1994-nji ýylda ekonomiýada Nobel baýragy we 1999-njy ýylynda “Leroý P.Steele baýragy” berildi.
 2001-nji ýylda çykarylan “Akyl oýunlary” (“A beautiful mind”) atly filmi Jon Neşiň durmuşyndan ylham alyp düşürildi. Baş rollarda Rusel Krowiň oýnan bu filmi dört sany “Akademik baýragyny”  gazandy.

85 |
|