Teswirler (5)

Ýüklenýär...
User Avatar

Talyp

Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde matematikanyň şöhlelendirilişi

3 minut alar

Salam gadyrly adamlar ! Şu gün men Siziň bilen akyldar şahyrymyzyň döredijiliginden gyzykly täsin maglumatlar bilen paýlaşmak isleýärin. 

 Türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Magtymguly Pyragynyň döredijiligi köptaraplydyr. Onuň parasatly pikirleri türkmen halkynyň aňyna mäkäm ornaşdy. Şahyryň dürli mowzukdaky goşgularynyň arasynda watançylyk, gahrymançylyk, mert, edermen, göç ýigitleri terbiýeläp ýetişdirmäge degişli şygyrlary uly orun tutýar. 

 Magtymguly Pyragy durmuşyň ähli ugurlary baradaky eserlerinden, dünýä hakyndaky dana pelsepelerinden biz mydama nusga almalydyrys.

 Magtymguly atamyz özüniň şygyrlarynda matematikanyň san ululyklaryny köp şöhlelendirýär. Mysal üçin, Magtymguly Pyragynyň şygyrlar ýygyndysynyň 3-nji tomunda (toplumynda) 7-lik dürli mazmunda deňeşdirmelerde 58 sany goşgusynda ulanylypdyr. Şeýle hem matematikanyň ady natural sanlaryndan 2-lik, 80-lik, 100-lük sanlar ençeme goşgularynda gabap gelýär. Magtymguly Pyragy "Başy gerekdir" atly goşgusynda ýaşlara, goç ýigitlere 7 jandaryň häsiýetlerini maslahat berýär:

1. Giň ýerde garga deý bolsun wehimli;

2. Gaplaň kimin arlap gitse meýdana;

3. Tilki kimin bazy berse her ýana;

4. Bürgüt guş deý ganat kakyp dügülden;

5. Gurt deý girip, ýowny duşmany dagyndan;

6. At salanda doňuz kimin topulyp;

7. Aýy kimin asylyşy gerekdir;

 Gadyrly adamlar bilýän bolsaňyz Magtymguly Pyragy köp şahyrlar bilen aýdyşyk aýdypdyr. Meselem Durdy şahyr bilen "Habar ber şeýledir" aýdyşygynda şeýle diýilýär.

Magtymguly Pyragy:

 Ol nämedir ýaşyl-gyzyl öwüsýän?

Ol nämedir aýagy ýok towusýan?

Ol nämedir ýedi derýa böwüsýän?

Şahyr bolsaň şondan bize habar ber!

 Durdy şahyr:

Ol ekindir ýaşyl-gyzyl öwüsýän.

Ol ýylandyr aýagy ýok towusýan.

Ol balykdyr ýedi derýa böwüsýän.

Bizden salam bolsun jogap şeýledir.

 Magtymguly Pyragynyň "Habar ber şeýledir" aýdyşyk goşgusyny matematika älemindäki äheňde aýdyp bolýar:

  Sorag:

Ol näçedir köpeldilende özi bolýan?

Ol näçedir köpeldilende ýok bolýan?

Ol näçedir hemişe 2-ä bölünýän?

Matematik bolsaň, şondan bize habar ber.

  Jogap: 

Ol 1-dir köpeldilende ýene-de özi bolýan.

Ol 0-dyr köpeldilende ýok bolýan,

Ol jübüt san hemişe 2-ä bölünýän,

Bizden salam bolsun, jogap şeýledir.

 Sorag:

Ol nämedir aýyrmagyň täk derejesi? 

Ol nämedir aýyrmagyň jübüt derejesi?

Ol nämedir sanyň nol derejesi?

Matematik bolsaň, şondan bize habar ber.

 Jogap:

Ol aýyrmakdyr, aýyrmagyň täk derejesi,

Ol goşmakdyr, aýyrmagyň jübüt derejesi,

Ol birdir, sanyň nol derejesi,

Bizden salam bolsun, jogap şeýledir.

 -diýmek bilen, Magtymguly Pyragynyň goşgusyndaky sözleri matematikanyň sanlar, düşünjeleri bilen meňzetme görnüşinde alyp bolýar.

  Magtymguly Pyragy pir hökmünde tanalýan beýik şahyrdyr. Türkmen halky ony öňden görüji şahyr hökmünde tanaýar. Şahyrymyz her bir mowzuk barada aýratyn nygtap geçýär. Onuň şygyrlarynda gyzykly we üýtgeşik maglumatlary okap öwrenseň elbetde her bir ynsan paýhaslanýar we ýene-de şahyrymyz hem-de onuň eserleri barada gyzyklanyp başlaýar. Şonuň üçin hem beýik akyldar şahyrymyzyň goşgularyny okaň we dogry netije çykaryň. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň goşgulary daşary ýurt dillerine terjime edilýär. Şolaram bir okajak boluň. Sebäbi her bir ýazylan goşguda aýratyn bir many ýatyr. Ol manylary okap düşünmek gaty kyn. Düşünmek üçin köp çeper edebiýatlary okamaly bolarys.

 Gadyrly adamlar Size maslahatym Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okaň! Biz şeýle beýik şahyrymyza guwanmalydyrys.

 Şeýle ýagdaýlardan ugur alyp indiki makalalarymda, Magtymguly atamyzyň şygyrlarynda täsin eşidilip-görülmedik gyzykly maglumatlary Siziň dykgatyňyza ýetirerin diýip umyt edýärin.

373 |