Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Alysdaky pyşyrdy / Seýitmyrat Geldiýew

1 minut alar

Bizi haýsy pursat şu güne saldy,

Bize şeýtmeklige kimiň haky bar?!

Her kim öz bagtyny gurup biler-ä,

Bolmasa-da köpi gören akyldar.

 

Sen onda, men munda,

Kime haýyr bar?

Kim ol biziň bagtymyzy ýatyran?!

Ýogsa, senem men diýip kän aglapdyň,

Menem betbagt, başym tutup oturan.

 

Nädip başga ýoly aldykkak saýlap,

Nädip bu çykgynsyz çuňluga gaçdyk?

...Adamlara garap ýaşajak bolup,

Bir-biregi kötekledik,

Ýalňyşdyk.

 

Aýt, hany,

Dogryňdan gel-de, aýt maňa,

Gussalarňy durmuş basyp, ýitmänkä.

- Näçe gezek meň belgime jaň edip,

Öçürip agladyň, gudok gitmänkä?!

 

Seýitmyrat Geldiýew

57 |
|