Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Pedagog, filosof

Duýgulardan bir tutam ýa-da bir owuç goşgy

2 minut alar

Içim duýgulardan püre-pür dolup duran wagt goşgy ýazmak - özümi täzelemek bilen deňgüýçli hadysady hemişe... Pikirlendim we "Bulary hem paýlaşmaly" diýen karara geldim...


Bergi 

Göwnüme bolmasa, içim-daşym deň,

Bar ýerim gap-gara, köýükden beter.

Kalbymyň töründe ullakan çukur,

Giň gerim-göwrümli, köwekden beter.

Maňa göwün beriň, ýürekden beter...

 

Isleýänim maňa görä köp ýaly,

Gören günüm gowy, görgüden beter.

Sözde hemme söýýär, hemme halaýar,

Eşidýänim ýalan, öwgüden beter. 

Maňa gaýgy beriň, söýgüden beter...

 

Bolýar, hiç zat bermäň, 

Barymam ýeter...


Aňsat, ýöne agyr...

Kyn zatmy "Men seni söýýärin" diýmek?

Bary-ýogy üç söz, üçüsem sada...

Ýöne şu üç sany örän sada söz,

Bokurdakdan çykman goýýar alada.

 

Ýok, meň üçin kyn däl "söýýärin" diýmek,

Ejeme diýýän, diýýän jigime, dostlarma,

Mynasyp bolsalar diýýärin hemmä,

Hem agaja, depderme, öý goşlarma.

 

Agram alýar bu söz diýýäne görä,

Köp diýsin, az diýsin asla parhy ýok.

Şaýlyk bolman durka käbir "söýýänler",

Käbir "söýýänleriň" asla nyrhy ýok!

 

Maňa aňsat bu sözleri diýmeklik,

Ýöne kyn zat mynasyby söýmeklik...


Abstraksiýa

Şeýle pursat bolsa,

Sen we men... Ikimiz:

Otyrys düzlükde,

Ýyldyzlaryň astynda.

Şol wagt çala şemal öwüser,

Ýeller saçyň kastynda.

Hamala gara saçyň ýeliň duşmany

(Saçyňy sypamadyk, 100-läp ýylyň puşmany)

Hawa, onsoň geň görmeli däl aslynda.

 

Kümüşsow Aý ýagty saçar ýüzüňe,

Asyl ýüzüň nury Aýdanam ýagty...

Emma welin gije garaňky wagty,

Ýüzüň nury, Aý şöhlesi goşulşyp

Çüýreder kalpdaky ösen daragty...

Ol, megerem dörändir duýgusyzlykdan

Ýa-da çenden duýgur, şondan dörändir.

Emma anyk bilýän, oň miwesi yşk,

Diýmek, oňam düýbi duýgydan gaýtdy...

 

Onsoň, şeýle pursat, gözüňe bakdym,

Ýeňledim birden, gaýmalaýan howada.

Akylym gaýyp ýör erkana, erkin,

Öňem-ä ýerinde däl welin (däli diýýä herkim).

Ýöne dilim zikir, ruhum dileg-dogada,

Şol pursatdan soň aklym birje sowalda...

Dilesem ýene-de şu hili pursat,

Gaýtalanarmy ikilenç şular ýaly bagt?

Dolanarmy yzyna bu howlukmaç wagt?


Proza bilen poeziýanyň ýollary biri-biri bilen kä iç-içe, käte aýry-aýry tarapa ugrugyp barýandyr. Sungat, döredijilik - ynsan ruhy üçin ýaradylan bolsa gerek... Käbir eserleri okaýaň, aýdylýan zatlar ýüregiňe "jüňk" bolaýýar... Men-ä dogrusy, näme üçin beýle bolýanyna heniz düşünmedim. Belki, ýazýanlarym siziň hem ýüregiňize "jüňk" bolup çökýändir?..

92 |
|