...

Yklymmyrat Gutlymyradow

@Yklym

Giýew näme köreken näme

Türkmençilikde köp adamlar giýew bilen körekeniň tapawudyny bilenok.Hat-da uly adamar hem han-ha körekenim diýip ýörler. Dogrysy giýew bir köreken başga bir zat. Giýew-bu gyzyňy durmuşa çykaraňdan soň baran ýerinde onuň adamsy öz çagalary bilen sagamanja gowy ýaşaşyp ýörseler maşgalasyny hiçhili hor saklaman ekleýän bolso ondo oňa Türkmen aga giýew diýýär. Köreken-bu gyzyny durmuşa çykarandan soň bir bihepbe özünden bolan çagalaryny aýalyny kösäp ekläp bilmese işsiz gezip ýörse bu zatlara gyzyň kakasy dözmän öz öýüne göçürip…

Durmuşdan

Eger semreseň köp iýýän diýip pikir edýäler.Horlansaň welin ýarawsyzmyka diýýäler.Gowy geýinseň görünjek bolýar. Erbet geýinseňem ýagdaýy pesmika diýýäler. Serýoznyý bolsaň sen olar üçin içgysgynç adam degişip ýörseňem ýuwan, duzsuz adam pikiriňi aýdyp ýörseň gönümel, gödek adam hasap edilýäň, aýtmasaňam utanjaň, ýygra adam hasap edilýäň. Sallah bolup köpräk gezäýseň dagy hiçkime göwni ýetmeýän ulumsy, ýalňyz adam ýaly görünýäň. Üstünlige ýetseňä gedem hondanbärsi noldan galan biri bolýaň. Kösenseňem ömür ýalta, derege ýaramaz biri bolýaň, diňe dogryňy aýdyp…

Hijri-kamary senenamasy

Bu senenama Muhammet Pygamberiň we onuň döreden yslam dinine uyan adamlaryň yzarlanmadan gaçyp, Mekgeden Medina göçüp giden döwründen, ýagny biziň eýýamymyzyň 622-nji ýylynyň iýul aýynyň 16-syndan bașlap ýöredilýär. Olar: 1) Aşyr(arapça ady Muharrem); 2) Sapar(Safar); 3) Dört tirkeş 1(Rabiuľowwal); 4) Dört tirkeș 2(Rebigilsany); 5) Dört tirkeş 3(Jumadil-üwlä); 6) Dört tirkeş 4(Jumadil-ahire); 7) Rejep(Rajab); 8) Meret(Barat(Şaban); 9) Oraz (Remezan (Ramazan,Ramadan); 10) Baýram(Şawwal); 11) Boș aý(baş( Zulka'de); 12) Gurban(Zülhiçje); Jemi 354 (gysga ýyl) ýa-da355 (uzyn ýyl) gün…

Palaw barada gysgaça maglumat

Halkymyzyň arasynda palawy köp ýyllar mundan ozal Lukman Hekim oýlap tapypdyr diýen gürrüň bar. Lukman Hekim bu nahara "Palaw aş" diýip at beripdir. Onuň her bir harpy palawa goşulýan önümleriň atlaryny aňladýar. Geliň, bu harplar bilen gysgaça tanyş bolalyň: P-"pyýaz" sogan A-"aýez" käşir L-"lahm" et O-"oliýa" ýag W-"wet" duz A-"ab" suw Ş-"şaly" tüwi Bu sözler şol döwürde ulanylýan şiwe sözlerdir. Ibn Sina palawy derman hökmünde döredip, bedeninde çiş dörän Buhara hökümdaryny bejeripdir. Elbetde, palaw köp…

Durmuşdan alnan manyly hekaýa

Obamyzyň aksakally ýaşulylarynyň gürrüň beren hekaýalaryndan örän manyly hekaýa. Günlerde bir gün iki dost çöle gezelenje gidipdir. Olar açyk meýdanda aýlanyp, gürleşip gidip barýarkalar ikisiniň arasynda jedel bolýar we biri beýlekisiniň ýüzüne şarpyk çalýar. Şarpyk iýeniň jany ýanypdyr. Dostunyň bu eden hereketine gaharlanypdyr. Emma oňa ýeke söz hem diýmändir-de guma:"Bu gün iň gowy dostum meniň ýüzüme şarpyk çaldy" diýip ýazypdyr. Soňra bular ýene-de ýollaryny dowam edip bir oazise gelipdir-de suwa girip ýüzmek isläpdirler. Ýaňky şarpyk…

1-nji aprel "Aldaw güniniň manysy"

1-nji aprel aldaw güniniň manysy nämekä? Köp adamlar 1-nji aprel degişmek gülüşmek güni diýip, bilýärler. Her bir zadyň manysy bilinse ýagşy. Aslynda bu beýle däl. 1-nji aprel bu hristianlar tarapyndan musulmanlaryň üstünden gülmek we olaryň ýarasyna duz sepmek maksady bilen döredilen adatdyr. Haç ýöreýşiniň birinde hristianlar musulmanlaryň ýaşap otyran galasyny gabaýarlar. Birnäçe gün basyp almaga çalyşýarlar ýöne musulmanlar hem mertlerçe garşylyk görkezipdirler. Ahyrsoňy bu hristianlaryň serkerdesi kellesini işledip galanyň ýanyna baryp, "Kuran" we "Injil" şu…

Deň bolmaly däl,beýik bolmaly

Seljuk hökümdary Soltan Sanjar geçirimlikde örän adygan eken.Bir gün wezir-wekilleri we nökerleri bilen bir obanyň deňesinden geçip barýarka,ýaşaýjylaryň biri Soltana gödek sözleri bilen ýüzlenipdir.Nökerler salymyny bermän,ýaňky şaltakçynyň goluny gandallap,Soltanyň ýanyna getiripdirler."Muňa degmäň,elini çözüň we öz ýoluna goýberiň.Goý,diyesi gelen zady diýip,içini sowatsyn.Göwnünde arman galmasyn"diýip,soltan parahatlyk bilen buýruk beripdir."..Emma,hökümdarymyz,bu siziň şanyňyza dil ýetirdi ahyry edepsizlige eglişik etmek,bigadyra ýagşylyk etmek,şor ýere tohum sepmekdir.Yhlasyňyz yrýa bolmakdan başga hiçzat gazanyp bilmersiňiz"diýip,wezir-wekilleri soltana gylaw bermäge çalşypdyr."Bendesiniň dil uzadany bilen ynsanyň mertebesi…

Deň bolmaly däl,beýik bolmaly

Ýalan bahana

Bir öýde ýaşaýan dört talyp ir bilen turup bilmändikleri üçin,birinji dersde bolan matematika synagyna gatnaşyp bilmediler.. Talyplar biraz wagtdan soňra matematika mugallymynyň ýanyna baryp,gelýärkäler münen ulagynyň tigriniň ýarylandygyny we şol sebäpli synaga gijä galandyklaryny aýdyp,ýalan bahana tapmaly boldylar.Bu adatdan daşary ýagdaý sebäpli hem mugallymyň olar üçin täzeden synag almagyny soradylar. Köp çarşenbäni başdan geçiren mugallym talyplaryň ýüzüne esli salym seredip durandan soňra,şeýle diýdi: -ýeri bolýar,ertir siziň dördüňizden hem synag alaýyn.. Ertesi gün mugallym dört talyby…

Ýaradan nähili gözel ýaradmyş

Ynsanyň gulagynyň suwy ajydyr.Eger o suw süýji bolsady,garynja ýaly mör-möjekler biz ukydakan gulagymyza girer we biraz wagt geçensoň çynlakaý zyýan bererdi.. Gözüň suwy(ýaşy) duzlydyr.Çünki gözümiziň ýag gatlagy örän duýgur we zaýalanmagyna sezewar bolýar.Duzly bolan göz suwy(ýaşy) gözi gorap saklaýar. Agzyň suwy bolsa ne duzly ne-de süýjidir. Duzly ýa-da süýji bolsady,iýýän iýmitimiziň lezzetine doly tagamyny alyp bilmerdik. Ýaradan nähili gözel ýaradmyş bize diňe şol gözel nygmatlaryň gadyryny bilip ýaşaýmak galýar.Eger gadyryny bilmesek amanata hyýata etdigimiz bolar.Bizin…

Ýaradan nähili gözel ýaradmyş

Mugallymçylyk käri mukaddesdir.

Maşgalasy bilen seýilgähe gezelenç edýän ýigit 25 ýyl mundan ozal özüni okadan bașlangyç synp mugallymyny seýilgäh oturgujynda dynç alýarka gabatlașdy we: "Salam mugallym meni tanadyňyzmy?" -diýdi. Nurana mugallym ýigidiň ýüzüne ýiti nazarlap seredip: "Ýok tanap bilmedim, kim siz?" -diýdi. "Meni nähili tanamarsyňyz, ýatdan çykaran dälsiňiz-ä, bașlangyç synpda okadan okuwçyňyz Nazar men, ýadyňyza düşdümmi bir gün sapakda bir okuwçynyň sagady ogurlanypdy, siz hemme okuwçyny ýerinden turuzyp tagta çykaryp barlapdyňyz.Șonda men bu eden işim üçin diýseň ökünipdim,…