Teswirler (13)

Ýüklenýär...

1-nji aprel "Aldaw güniniň manysy"

1 minut alar

1-nji aprel aldaw güniniň manysy nämekä? Köp adamlar 1-nji aprel degişmek gülüşmek güni diýip, bilýärler. Her bir zadyň manysy bilinse ýagşy. Aslynda bu beýle däl.

1-nji aprel bu hristianlar tarapyndan musulmanlaryň üstünden gülmek we olaryň ýarasyna duz sepmek maksady bilen döredilen adatdyr.

Haç ýöreýşiniň birinde hristianlar musulmanlaryň ýaşap otyran galasyny gabaýarlar. Birnäçe gün basyp almaga çalyşýarlar ýöne musulmanlar hem mertlerçe garşylyk görkezipdirler. Ahyrsoňy bu hristianlaryň serkerdesi kellesini işledip galanyň ýanyna baryp, "Kuran" we "Injil" şu iki kitaba elini goýup men şu iki mukaddes kitapdan ant içýärin diýip, eger siz galany şeýle tabşyrsaňyz biz size hiç hili azar bermeris diýýär. Hristianlar bu mukaddes kitaplardan ant içinsoň musulmanlar hem ynanyp galanyny tabşyrýarlar. Onsoň ertesi galanyň gapysy açylansoň ýaňky serkerde öz nökerlerine musulmanlaryň hemmesini öldürmegi buýurýar we olary gyrgynçylyga sezewar etýärler. Musulmanlaryň içinden biri hany sen bize söz berdiňä diýse, ýaňky "serkerde men düýnki güne söz berdim. Bugun 1-nji aprel. Meniň sözüm bu güne geçmedi" diýýär.

Şu maksat bilen hem hristianlar musulmanlaryň ýarasyna duz sepmek we üstünden gülmek maksady bilen şeýleräk adaty döretýärler. Biz bolsa bu güniň manysy bilmän adamlary aldap ýöris. Bu musulmançylyga gelişjek zat däldir.

202 |