Ata Watan

HALKYMYZYŇ AGZYBIRLIGI – ÖSÜŞLERIMIZIŇ GÖZBAŞY

Halkyň beýikligi, döwletiň kuwwaty onuň agzybirliginde, özara düşünişmeginde, umumy maksatlaryň daşynda jebisleşip bilmeginde ýüze çykýar. Türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden geçip, öz milli keşbini, ruhy gymmatlyklaryny we döwletlilik ýörelgelerini aýawly saklap gelmeginiň esasy sebäpleriniň biri-de agzybirlik ýaly mukaddes düşünjäniň jemgyýetçilik durmuşynda aýratyn orny eýelemegidir. Çünki jebislik bar ýerinde ynam bolýar, ynam bar ýerinde maksada okgunly hereket döreýär, umumy maksat bolan ýerde bolsa, ösüşiň berk binýady tutulýar. Şu nukdaýnazardan, türkmen halkynyň agzybirligi ata-babalarymyzdan miras galan, häzirki nesiller…

Mukaddes toprak

Babarap — Türkmenistanyň Gökdepe etrapda ýerleşýän oba. Ol etrap merkezinden 17 km gündogarda ýerleşýär. Ilkibaşda taslama boýunça gurlan şäherçe hasaplanypdyr. Babaaraby Orta Aziýa demir ýoly kesip geçýär. Oba ýaşulylarynyň aýtmagyna görä, gadym wagtlarda Babaarap ýagny arap tireli Baba diyen alym ýaşapdyr we bu obada aradan çykyp obanyň golaýynda jaýlanypdyr. Häzir oňa Babarap Ata gonamçylygy diýilýär. Gökdepe etrabyndaky Babarap şäher hökmünde 19-njy asyrda hem duş gelýär. Babarap sözine başga-da köp ýerlerde duş gelmek bolýar. Gyzylarbat etrabynda…