Nur Nur

@Nur
2 minut alar

ÝAŞLARYŇ EKOLOGIÝADAKY ORNY WE JEMGYÝETÇILIK JOGAPKÄRÇILIGI

Häzirkizaman ekologiýa meseleleri diňe alymlaryň, döwlet edaralarynyň ýa-da halkara guramalarynyň çäginde galmaýar. Olar gündelik durmuşymyzyň, pikirlenişimiziň we geljegiň gönüden-göni bir bölegine öwrüldi. Bu meseleleriň merkezinde bolsa, aýratyn bir jemgyýetçilik topary – ýaşlar durýar. Sebäbi geljek hem-de geljegiň nähili boljakdygy ýaş nesliň şu günki gün nähili karar kabul edýändigine baglydyr. Ýaşlar jemgyýetiň iň hereketli, üýtgeşmelere açyk we täzelige çalt uýgunlaşýan gatlagydyr. Hut şu aýratynlyklary sebäpli, ýaşlar ekologiýa meselelerinde hem hereketlendiriji güýç bolup çykyş edýärler. Ekologiýa bilen…

3 minut alar

MAŞGALA – TERBIÝÄNIŇ ILKINJI MEKDEBI

Her bir halkyň ruhy keşbini, ahlak ýörelgelerini, nesilleriniň arasyndaky baglanyşygyny we geljege bolan garaýşyny kesgitleýän mukaddes gymmatlyklaryň biri hem maşgala ojagydyr. Adam dünýä inen pursadyndan başlap, ilkinji sözleri, ilkinji endikleri, ýagşy bilen ýamanyň arasyndaky tapawudy, ululara hormaty, kiçilere mähribanlygy, zähmete bolan söýgüni hut şol mukaddes ojakda öwrenýär. Çaga ilkinji mugallymyny kitapdan däl-de, ene-atanyň göreldesinden tapýar; ilkinji sapagyny okuw otagynda däl-de, maşgala ojagynyň ýylylygynda alýar. Şol ýerde aýdylan her bir söz, görkezilen her bir görelde, berlen…

2 minut alar

ÝAŞLARA MASLAHAT: WAGTYŇ GADRYNY BILÝÄN ÝAŞLAR – GELJEGIŇ EÝESI

Häzirki döwür sanly tehnologiýalaryň döwrüdir. Internet bolsa, adamzadyň döreden iň uly maglumat ulgamlarynyň biri hökmünde ylym-bilimiň, döredijiligiň, aragatnaşygyň we innowasiýanyň çäksiz mümkinçiliklerini özünde jemleýär. Bu mümkinçiliklerden akylly-başly peýdalanýan ýaşlar üçin internet uly mekdep, ygtybarly maslahatçy we geljege alyp barýan ýolbelet bolup biler. Ýöne şol bir wagtyň özünde internetiň bimaksat ulanylmagy, gymmatly wagtyň bimany güýmenjelere sarp edilmegi durmuşda gazanyljak üstünlikleriň öňünde päsgelçilik döredip biler. Şonuň üçin hem, häzirki döwrüň iň möhüm endikleriniň biri interneti ýerlikli dolandyrmagy…

3 minut alar

HALKYMYZYŇ AGZYBIRLIGI – ÖSÜŞLERIMIZIŇ GÖZBAŞY

Halkyň beýikligi, döwletiň kuwwaty onuň agzybirliginde, özara düşünişmeginde, umumy maksatlaryň daşynda jebisleşip bilmeginde ýüze çykýar. Türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden geçip, öz milli keşbini, ruhy gymmatlyklaryny we döwletlilik ýörelgelerini aýawly saklap gelmeginiň esasy sebäpleriniň biri-de agzybirlik ýaly mukaddes düşünjäniň jemgyýetçilik durmuşynda aýratyn orny eýelemegidir. Çünki jebislik bar ýerinde ynam bolýar, ynam bar ýerinde maksada okgunly hereket döreýär, umumy maksat bolan ýerde bolsa, ösüşiň berk binýady tutulýar. Şu nukdaýnazardan, türkmen halkynyň agzybirligi ata-babalarymyzdan miras galan, häzirki nesiller…

7 minut alar

GELJEGIŇ BINÝADY – ŞU GÜNÜŇ JOGAPKÄRÇILIGI

Her bir halkyň geljegi onuň şu günki durmuşynda kemala gelýär. Ertir hakyndaky beýik arzuwlar, uzak ýyllara niýetlenen maksatlar, nesilleriň bagtyýar durmuşy baradaky ýagşy umytlar diňe sözde galman, häzirki günüň anyk aladalaryna, tutanýerli zähmetine, paýhasly çözgütlerine we jogapkärçilikli garaýyşlaryna öwrülen mahalynda hakyky many-mazmuna eýe bolýar. Şu hakykat döwletleriň ösüş ýoluna hem, jemgyýetleriň kämilleşişine-de, aýry-aýry adamlaryň durmuşyna-da degişlidir. Geljek öz-özünden gurulmaýar: ol şu günüň her bir ädimi, her bir başlangyjy, her bir peýdaly işi bilen kem-kemden bina…

3 minut alar

MILLI LIDERIMIZIŇ DÖWLETLILIK MEKDEBI

Döwletlilik – halkyň taryhy tejribesini, uzak geljege gönükdirilen paýhasyny, parahatçylykly ösüşe bolan ynamyny we jemgyýetiň umumy bähbitleriniň öňe sürülmegini özünde jemleýän giň düşünjedir. Her bir döwletiň ösüş ýolunda şeýle belent düşünjeleri durmuş hakykatyna öwürýän, döwrüň talaplaryna laýyk täze başlangyçlara badalga berýän, halkyň ruhy güýjüni döredijilikli maksatlara gönükdirýän şahsyýetleriň taryhy hyzmaty aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Türkmen halkynyň häzirki zaman döwletlilik ýörelgeleriniň kemala gelmeginde we Garaşsyz Watanymyzyň ösüş ýolunyň kesgitlenmeginde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň, döwlet dolandyryşyndaky baý…

3 minut alar

MUKADDES GARAŞSYZLYK – HALKYMYZYŇ ÇÜWEN YKBALY

Garaşsyzlyk – her bir halkyň taryhyndaky iň beýik, iň mukaddes düşünjeleriň biridir. Ol diňe bir döwlet özbaşdaklygynyň nyşany bolman, eýsem halkyň milli buýsanjynyň, erkin pikiriniň, öz ykbalyny özi kesgitlemek hukugynyň hem-de geljege bolan ynamynyň beýanydyr. Türkmen halkynyň asyrlarboýy arzuw eden mukaddes maksady bolan Garaşsyzlyk ýurdumyz üçin täze taryhy eýýamyň başlangyjyna öwrüldi. Şanly 35 ýyllyk şöhratly ýol geçen ýyllaryň dowamynda döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni we durmuş taýdan uly ösüşlere eýe bolandygyny, halkymyzyň parahat, abadan we bagtyýar…

3 minut alar

SAGDYN DURMUŞA BARÝAN ÝOL

Her ýylyň 3-nji iýunynda dünýä jemgyýetçiligi Bütindünýä welosiped gününi giňden belleýär. Bu sene diňe bir ulag serişdesiniň baýramçylygy hökmünde däl-de, eýsem sagdyn durmuş ýörelgesiniň, ekologiýa taýdan arassa gurşawyň we durnukly ösüşiň möhüm nyşany hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde adamlaryň saglygyny goramaga, daşky gurşawy arassa saklamaga we jemgyýetde işjeň ýaşaýyş medeniýetini kemala getirmäge hyzmat edýän täsirli serişdeleriň biri hökmünde ykrar edildi. Şonuň üçin hem, bu halkara sene dünýä döwletleri tarapyndan giňden goldanylýar we dürli çäreler…

3 minut alar

BITARAPLYK – ABADANÇYLYGYŇ ÝOLY

Bitaraplyk Häzirki döwrüň halkara gatnaşyklarynda döwletleriň syýasy agramy öňe sürýän gymmatlyklarynyň adamzadyň bähbitlerine laýyk gelmegi, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeliligi bilen kesgitlenýär. Şu nukdaýnazardan seredilende, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi diňe bir daşary syýasatyň aýratyn ugry bolmak bilen çäklenmän, eýsem döwletimiziň halkara giňişligindäki ornuny kesgitleýän strategik ösüş filosofiýasyna öwrüldi. Wagtyň synagyndan üstünlikli geçen bu syýasy ýörelge häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýä bileleşigindäki abraýynyň pugtalanmagynyň, halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmeginiň we ýurdumyzyň ählumumy başlangyçlarynyň goldanylmagynyň…

3 minut alar

ULAG DIPLOMATIÝASY – SEBIT WE DÜNÝÄ ÄHMIÝETLI HYZMATDAŞLYK

Dünýäniň häzirki ösüş tapgyrynda döwletleriň ykdysady kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklarynyň möçberi ýa-da önümçilik mümkinçilikleri bilen kesgitlenmän, eýsem olaryň halkara ulag-aragatnaşyk ulgamyna goşulyşmak derejesi bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. XXI asyrda ulag diplomatiýasy döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugurlarynyň birine öwrülip, ykdysady ösüşiň, sebitara hyzmatdaşlygyň we halkara integrasiýanyň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri hökmünde çykyş edýär. Hut şonuň üçin hem, geografiki taýdan amatly sebitde ýerleşýän Türkmenistan ulag diplomatiýasyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ösdürip, halkara…