Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

ULAG DIPLOMATIÝASY – SEBIT WE DÜNÝÄ ÄHMIÝETLI HYZMATDAŞLYK

3 minut alar

Dünýäniň häzirki ösüş tapgyrynda döwletleriň ykdysady kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklarynyň möçberi ýa-da önümçilik mümkinçilikleri bilen kesgitlenmän, eýsem olaryň halkara ulag-aragatnaşyk ulgamyna goşulyşmak derejesi bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. XXI asyrda ulag diplomatiýasy döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugurlarynyň birine öwrülip, ykdysady ösüşiň, sebitara hyzmatdaşlygyň we halkara integrasiýanyň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri hökmünde çykyş edýär. Hut şonuň üçin hem, geografiki taýdan amatly sebitde ýerleşýän Türkmenistan ulag diplomatiýasyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ösdürip, halkara ulag giňişliginde öz ornuny yzygiderli pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň ulag diplomatiýasynyň esasy aýratynlygy onuň diňe bir ykdysady maksatlara däl-de, eýsem parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem gönükdirilenligidir.
Soňky ýyllarda dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykan üýtgeşmeler ulag ulgamynyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Sebäbi harytlaryň, hyzmatlaryň we maýa goýumlarynyň erkin hereketi ilkinji nobatda ygtybarly ulag geçelgelerine daýanýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda möhüm baglanyşdyryjy merkez hökmünde çykyş edip, halkara ulag geçelgelerini ösdürmek ugrunda giň gerimli işleri amala aşyrýar. Munuň özi, tutuş sebitde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňemegine hem oňyn täsirini ýetirýär.
Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy uzakmöhletleýin garaýşa esaslanýar. Döwrebap awtomobil ýollarynyň, demir ýollaryň, deňiz infrastrukturasynyň we logistika merkezleriniň döredilmegi ýurdumyzyň ulag mümkinçiliklerini täze derejä çykardy. Şeýle taslamalar Watanymyzyň halkara ulag ulgamyndaky ornuny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, döwletleriň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary hem işjeňleşdirýär. Häzirki wagtda ulag ulgamy diňe bir ykdysady ösüşiň guraly bolman, eýsem döwletleriň özara ynamyny we hyzmatdaşlygyny berkitmegiň netijeli mehanizmine öwrüldi.
Eziz Diýarymyzyň başlangyjy bilen halkara derejede öňe sürülýän ulag diplomatiýasy baradaky garaýyşlaryň aýratyn ähmiýeti bardyr. Sebäbi häzirki döwrüň şertlerinde ulag ulgamlarynyň durnuklylygy diňe bir ykdysady bähbitleriň däl-de, eýsem ählumumy howpsuzlygyň hem möhüm şertleriniň biridir. Ýurdumyz ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, logistika mümkinçiliklerini giňeltmegiň we ulag geçelgelerini netijeli ulanmagyň dünýä ösüşine goşant goşýandygyna aýratyn üns berýär. Bu bolsa, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki jogapkärli hem-de öňdengörüjilikli syýasatynyň aýdyň beýanydyr.
Ulag diplomatiýasynyň ösüşi sebitara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýar. Merkezi Aziýanyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistan öz geostrategik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giňemegine şert döredýär. Şeýle mümkinçilikler medeni, ynsanperwer we syýasy hyzmatdaşlygyň hem pugtalandyrylmagyna getirýär.
Häzirki wagtda dünýäde durnukly ösüşiň täze ölçegleri emele gelýär. Şol ölçegleriň arasynda ekologiýa taýdan howpsuz ulag ulgamlaryny döretmek, logistika hyzmatlaryny kämilleşdirmek we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak möhüm orny eýeleýär. Eziz Diýarymyz hem ulag diplomatiýasyny ösdürmek bilen birlikde, bu ugurda döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de halkara bazarlarda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ornuny berkitmäge mümkinçilik döredýär.
Berkarar Watanymyzyň alyp barýan ulag diplomatiýasy diňe bir häzirki döwrüň maksatlaryna hyzmat etmän, eýsem geljekki nesiller üçin hem berk ykdysady we strategik binýady döredýär. Halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi, logistika mümkinçilikleriniň giňeldilmegi we sebitara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň dünýä ykdysady giňişligindäki ornuny has-da berkitmäge hyzmat edýär. Şonuň üçin hem, ulag diplomatiýasy häzirki döwürde ýurdumyzyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmak bilen, döwletimiziň halkara abraýynyň, ykdysady kuwwatynyň we hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň yzygiderli ýokarlanmagynyň ygtybarly kepili hökmünde çykyş edýär.

 

Amanmyrat BEKIÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni.

|