Syýasat

BITARAPLYK WE PARAHATÇYLYK BAŞLANGYÇLARY – TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ BERK BINÝADY

Häzirkizaman dünýäsi çylşyrymly syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleriň ýüze çykýan döwrüni başdan geçirýär. Şeýle şertlerde döwletleriň halkara gatnaşyklarynda eýeleýän ornuny kesgitleýän esasy ölçegleriň biri olaryň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda alyp barýan syýasatynyň mazmuny bilen kesgitlenýär. Şu nukdaýnazardan garalanda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän netijeli diplomatik ugurlaryň biri hökmünde çykyş edýär. Bu syýasat diňe bir ýurdumyzyň milli bähbitlerini goramak bilen çäklenmän, eýsem umumadamzat gymmatlyklarynyň…

Sosializm we kommunizm

Türkmenistan 70 ýyla golaý SSSR döwletiniň düzüminde dörän we şol döwletiň gol astynda ýaşan döwlet bolanlygy sebäpli, kommunizm termini bize gaty daş termin bolmasa gerek. Eysem kommunizm bilen sosializmiň arasynda nähili aratapawutlyklar bar, kommunizm kapitalizmiň öňünde näme sebäpler bilen ýeňildi, has wajyby kommunizm ýaly utopik pikir hakykatdan durmuşa geçirilip bilinerdimi, geliň şu soraglara jogap tapalyň. Ilki bilen sosializm we kommunizm sözleriniň manylaryna düşüneliň. Sosializm özeninde öndürilýän bütin harytlaryň, berilýän bütin hyzmatlaryň halka deň derejede we…

Sosializm we kommunizm

ULAG DIPLOMATIÝASY – SEBIT WE DÜNÝÄ ÄHMIÝETLI HYZMATDAŞLYK

Dünýäniň häzirki ösüş tapgyrynda döwletleriň ykdysady kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklarynyň möçberi ýa-da önümçilik mümkinçilikleri bilen kesgitlenmän, eýsem olaryň halkara ulag-aragatnaşyk ulgamyna goşulyşmak derejesi bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. XXI asyrda ulag diplomatiýasy döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugurlarynyň birine öwrülip, ykdysady ösüşiň, sebitara hyzmatdaşlygyň we halkara integrasiýanyň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri hökmünde çykyş edýär. Hut şonuň üçin hem, geografiki taýdan amatly sebitde ýerleşýän Türkmenistan ulag diplomatiýasyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ösdürip, halkara…

Dünýede demokrasi diýilýan zat ýok.

Dünýede ýüzlerçe döwletler bar we iňki baý döwletleriň köpsiniň hökümetleri demokratikdir. Bu döwletler baý özlerini öwýärler, "bizde nähili gowy demokrasimiz bar! Başga ýurtlaryň demokrasileri biziňki ýaly gowy däldir!", diýip. Yöne hakykatda, bu dünýede bir däne-de dogrudan demokratik döwlet ýokdyr. Amerika demokratik döwlet däl. Iňlis-de demokratik döwlet däl. Dünýeň hiç ýerinde demokratik döwlet ýok. Näme üçin men beýle diýýän? Sebäbi biz kapitalist dünýede ýaşaýarys. Ýokarda gaty baý adamlar bar. Olaryň hemmesinde bilýonlarça pullary bar. Bularyň hersiniň…

Bitaraplygyň sütünleri

Bitaraplygyň sütünleri Adamlaryň köpçüligini dürli – dürli atlandyrýarlar. Märeke, üýşmeleň, topar, mähelle, taýpa, millet, halk we ş.m Şular ýaly adalgalar sosiologiýada, psihologiýada we taryh ylymlarynda ýygy-ýygydan duşýar. Adamlaryň köpçüligi jemgyýetiň düzümini düzýär. Şol düzümiň sanyna, maksadyna, medeniýetine ... seredip, olary dürli toparlara bölmek mümkin. Adamlar köpçüliginiň içinde taýpa, halk, millet bölünişigi özüniň gelip çykyşy boýunça döwlet gurmakdaky, jemgyýet bolmakdaky wajyp orny bilen tapawutlanýar. “Adamlaryň umumylygynyň taryhy kökleri” atly kitapda taýpanyň halka, halkyň millete öwrülmek prosesi…