BAGTYÝAR ÇAGALYK – BAGTYÝAR GELJEGIŇ BINÝADYDYR
3 minut alar
Her ýylyň tomsunyň ilkinji gününde dünýäniň köp ýurtlary bilen bilelikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz hem Çagalary goramagyň halkara gününi giňden belläp geçýär. Bu sene jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy bolan çagalaryň hukuklaryny, bähbitlerini, saglygyny we bagtyýar durmuşyny goramak baradaky umumadamzat jogapkärçiligini özünde jemleýär. Çaga – maşgala ojagynyň şatlygy, halkyň umydy, döwletiň geljegi bolup, olaryň bagtyýar ýaşaýşy we hemmetaraplaýyn ösüşi islendik ýurduň ösüş derejesiniň möhüm görkezijileriniň biri hasaplanylýar.
Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ýaş nesliň bähbitlerini goramak, olaryň sagdyn, bilimli, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň merkezinde çagalar aýratyn üns bilen gurşalýar. Çünki häzirki wagtda döredilýän mümkinçilikler diňe şu günki günüň däl-de, eýsem ýagty ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaş nesliň geljegine gönükdirilendir. Şol sebäpli hem, ýurdumyzda çagalaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, olaryň hukuklaryny üpjün etmäge, saglygyny berkitmäge we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Soňky ýyllarda eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde häzirkizaman çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, sport desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi ýaş nesliň bagtyýar durmuşy ugrunda edilýän aladalaryň aýdyň beýanydyr. Döwrebap enjamlaşdyrylan bilim edaralarynda ýaş nesliň çuňňur bilim almagy, daşary ýurt dillerini öwrenmegi, sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanmagy üçin ähli şertler döredilendir. Bilim ulgamyndaky özgertmeler ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, ylmy gözleglere bolan gyzyklanmalaryny artdyrmaga hem-de halkara derejede bäsleşige ukyply şahsyýetler bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilikleri açýar.
Çagalaryň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirkizaman lukmançylyk merkezleriniň, saglyk öýleriniň, ýöriteleşdirilen hassahanalaryň netijeli işlemegi netijesinde ýaş nesliň sagdyn ösüşi üpjün edilýär. Şeýle hem, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly çagalaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekleri üçin ähli şertler döredilýär. Sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanynyň ýylsaýyn artmagy olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr.
Çaganyň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde maşgala terbiýesiniň aýratyn orny bardyr. Türkmen halky gadymdan bäri çaga terbiýesine aýratyn üns berip gelipdir. Maşgalalarda ýaş nesle milli däp-dessurlarymyzy, edep-ekramy, watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi we adamkärçiligi öwretmek asylly ýörelge hökmünde dowam etdirilýär. Hut maşgala terbiýesi bilen döwletiň döredýän mümkinçilikleriniň sazlaşygy netijesinde ýurdumyzyň geljegini gurjak mynasyp nesil kemala gelýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk dabaralary, döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary, medeni-köpçülikleýin çäreler ýaş nesliň bagtyýar durmuşynyň aýdyň nyşany bolup hyzmat edýär. Çagalaryň ýüzündäki şatlyk, olaryň gazanýan üstünlikleri, bilimde, sungatda we sportda ýetýän sepgitleri döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň netijeliligini görkezýär. Şeýle üstünlikler ýaş nesle goýulýan uly ynamyň we olara bildirilýän belent umytlaryň miwesidir.
Çagalyk – ömrüň iň päk, iň arassa we iň ýatdan çykmajak döwrüdir. Şol döwrüň bagtyýar geçmegi bolsa, diňe bir ata-enäniň däl-de, eýsem tutuş jemgyýetiň umumy aladasyna baglydyr. Şonuň üçin hem Çagalary goramagyň halkara güni her birimizi ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda edilýän işleri has-da işjeň goldamaga, olaryň arzuwlarynyň hasyl bolmagy üçin tagallalary etmäge ruhlandyrýar. Çünki bagtyýar çagalar – Watanyň ýagty geljegi, halkyň buýsanjy we döwletimiziň ösüşleriniň dowamydyr. Bagtyýar çagalyk – bagtyýar geljegiň binýadydyr.
Şageldi HYDYROW,
“Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi”
jemgyýetçilik guramasynyň hünärmeni.