Teswirler (3)

Ýüklenýär...
User Avatar

Montessori näme? Ýada kim?

4 minut alar

"Montessori" sözüni öň eşidip görüpdiňizmi? Biz köp çeşmelerde Montessori bilimi barada eşidýäris. Belki siz muny çagalar üçin oýun görnüşleri ýada oýunjaklary diýip bilýän hem bolup bilersiňiz. Şol sebäpli men bu temada azyrak maglumat ýazmak isledim. 

Soňky iki ýylyň dowamynda Montessori usulyýeti bilen has çuňňur gyzyklanyp başladym. Bir ene-ata hökmünde çagamyň dogry terbiýe almasy üçin  dürli görnüşdäki pedagogiki usullaryň gözlegini edipdim we Montessori usulyýeti maňa has ýakyn gelipdi. Şol gyzyklanmalarymyň netijesinde, bilim merkezinde köp sanly çagalar we ene-atalar bilen Montessori usulyýetini ulanmaga başladyk.

  Çaga terbiýesine gezek gelende, Montessori usulyýeti soňky günlerde maşgalalaryň köp ünsüni çekip başlady.  Sebäbi her bir çaga aýratyn we aýratynlykda çemeleşilmäge mätäçdir. Häzirki wagtda Montessori usulyýeti dünýä derejesinde iň öňde barýan pedagogiki usullaryň biri bolup durýär.  Montessori biliminiň maksatlarynyň arasynda ilkinji zat çaga öz mümkinçiliklerini aňsat ýaşamaga we öz ukyplaryny ýüze çykaryp dogry ulanmaklaryna goldaw bermekdir.

MONTESSORI NÄME? KIM?

Montessori, bu bir pedagogik usul bolup; özbaşdaklygy, erkinligi we çaganyň tebigy psihologiýasyna hormat goýmagy nygtaýan ylmy esasly bilim çemeleşmesidir. Bu usuly döreden mugallymyň kömegi bilen  öz adyny aldy. Doktor Mariýa Montessori (1870-1952) italýan lukmany, mugallym we täzelikçi bolup, ömrüni çagalaryň jemgyýetçilik, akyl, fiziki we ruhy taýdan ösmegi baradaky ylmy işlere bagyş etdi. Çagalary üns bilen synlamak arkaly, medeniýetine ýa-da ýaşaýan döwrüne garamazdan ähli çagalarda duş gelýän ähliumumy ösüş nusgalaryny tapdy. Mariýa Montessori çagalaryň tebigy öwreniş usullaryna esaslanýan bilim usuly bilen tanalýardy. 1907-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Rimde ilkinji Montessori mekdebini - Casa dei Bambini ýa-da “Çagalar öýüni” açdy. Italiýada ulanylýan bu bilim görnüşi, her bir çagany aýratyn terbiýelemegi we gyzyklanmalary üçin mazmun döretmegi goldaýar.     

 Montessori biliminiň maksatlary boýunça  çaga bilim aljak bolsa, bu bilim çaganyň ukybyna we özbaşdak öwreniş tizligine gönükdirilýär. Her bir çaganyň öwreniş tizligi tapawutly bolmak bilen olaryň gyzyklanma bildirýän temalary hem üýtgeşikdir. Montessori pelsepesi çagalaryň öz isleglerinden ylham alýar we çaga ýalňyşlyk goýberjek bolsa, öz ýalňyşlyklaryna özleri gözegçilik etmeli diýip pikir edýär.Çaganyň her bir ösüş döwri üçin amatly bolan bu bilimiň netijesinde çaganyň şahsyýeti sagdyn şertlerde giňişleýin bilim bilen goldanýar. Montessori bilimi çaga üçin amatly usul we hatda durmuş usuly bolup durýar. Montessori bilimi üçin esasy gerek bolan zatlaryň biri çaga üçin taýýarlanan ýörite gurşaw we oňa goldaw bermesi üçin bir uly adam ýeterlik bolup durýar. Montessori synp otaglary hem belli bir ýaş aralygyndaky çagalaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin döredilen täsin bir gurşawdyr. Dr. Mariýa Montessori synpyň bu görnüşinde tejribe almagyň dil, matematika, ylym, aýdym-saz, jemgyýetçilik gatnaşyklary we başga-da has çuňňur düşünmegine sebäp bolandygyny ýüze çykardy.              

     Montessori gurşawy çagalaryň dogluşdan islendik ýaşa çenli öwrenmegini goldaýar. Montessori usuly diňe bir mekdep ýada merkezlerde ulanylman eýsem, öýüň içinde hem ulanyp bolyar. Munuň üçin etmeli esasy zatlaryň biri çaga gurşaw döretmek, çaganyň öýde erkin we özbaşdak hereket edip biler ýaly şertler bilen goldamak. Olardan iň ýönekeýleri: 

  •  Çagalar otagyndaky tekjeler pes bolmaly. Boýunyň we eliniň ýetip biljegi tekjeler goýmak.Tekjeler pes bolmasa, çaganyň zatlary mümkin bolan iň pes tekjelerde ýerleşdirmek. Bu mümkin däl bolsa, çaga ýokarky tekjelere ýetip biler ýaly, ýere kiçi oturgyç goýmak.
  •  Tekjelerde ýerleşdirilen oýunjaklaryň / materiallaryň / zatlaryň sany çäkli bolmaly.
  • Çaganyň götermegi üçin ýeterlik ululykda kitap bolmaly.
  • Diwarlara asylan zatlar çaganyň göz derejesinde bolmaly.
  • Çaganyň otagy / meýdany mümkin boldugyça tertipli we ýönekeý bolmaly.
  • Çaganyň şkafynda eşikleriň sany çäkli bolmaly. Çaga näme geýmelidigini saýlap biler.
  • Çaganyň geýmegine rugsat berilmeýän eşikleri şkafyň içine salmaly däl.
  • Çaganyň ýatýan ýeri, oýananda ene-atasynyň kömegi bolmazdan özbaşdak hereket edip bilýän şertde bolmaly.
  • Çaganyň stolda ýa-da polda işlemegi üçin boş ýerler döredilmelidir. Bölek matalar / halylar çäkli ýerde işlemek endigini gazanmak üçin ulanylyp bilner.
  • Plastiki oýunjaklardan gaça durmaly, duýgulary özüne çekýän agaç oýnawaçlary ileri tutmaly.
  • Çaga maşgalasy bilen nahar wagtyna gatnaşmaly.
  • Çaganyň eli ýetýän şkafda ulanyp boljak tabaklar, çemçe we ş.m. bar bolmalydyr.
  • Çaga berilmeli iýmitiň mukdary çäkli bolsa, şol mukdary saklamak üçin ululykdaky gaplar ulanylmaly.
  • Çagalar iýmäge we hajathana sagatlaryna mejbur edilmeli däldir.
  • Öýde çaga zyýan berer öýdülýän zatlar aýrylmaly ýa-da çaga zyýan bermejek görnüşde täzeden düzülmeli. 
180 |
|