Teswirler (10)

Ýüklenýär...
User Avatar

Writer

Tik tok-yň ,,peýdalary"?!

2 minut alar

Tik tok programmasy özünde millionlarça şekilli wideolary saklaýan programmadyr. Häzirki wagtda ony takmynan 1 milliard  adam ulanýar. Elbetde ol programma özünde peýdaly wideolary saklasa-da köpüsi ,,wagt öldüriji’’ wideolardyr. Bu makalada Tik tok programmasynyň çagalara ,,peýdalaryny" sanap geçeris.


Ilki bilen çagalary Tik tok seredýän ene-atalara näme ,,peýdasy" bardygyny sanap geçeliň. Ene-ata-lara ,,peýdalary":

  • Çagalarynyň içi gyssa güýmenmäge Tik tok açyp berseler çagalarynyň içi gysmaz; 
  • Çagalaryna oýunjak, sport enjamlary ýaly zatlar satyn alyp bermek gerek däl, diňe telefon alyp berseler çagalaryna ýeterlik;
  • Çagalarynyň Tik tok-da tans oýnap, talant bolmak ähtimmalygy bar;
  • Çagalaryna köp eşik alyp bermek gerek dal, sebäbi daşarda köp wagt geçirmeýän çaganyň  eşikleri hem könelmeýär;
  • Käbir çagalara köp nahar bermek hem gerekdäl, sebäbi olar Tik tok seredip otyrka aç bolanyny hem bilmeýär;

Çagalara Tik tok-yň ,,peýdalary":

  • Çagalar örän köp maglumat toplaýar. (Gerekmejek maglumatlar köp emma esasy zat köp bolmagy. Çagalaryň aklynyň boş zatlar bilen dolmagy)
  • Tik tok seredýän çagalar öňki çagalar ýaly öýdäki zatlary döwmeýär;
  • Çagalardan pyçak ýaly howply zatlary bukmak gerek däl, sebäbi Tik tok seredýän çagalar aşhananyň ýanyndan hem geçmeyär; 
  • Tik tok seredýän çagalary çagalar bagyna bermek gerekdäl. Onuň ýerine olaryň ellerine telefon berip Tik tok-y açsaň ýeterlikdir. Hat-da gulagyna gulaklyk dakyp berip bir burçda oturtsaň olaryň bardygy-da yadyňyzdan çykar;
  • Tik tok seredýän çagalary mekdebe ugratmak hem aňsat. Mekdebe gidip gel, soňra Tik tok seredersiň diýseň olar ylgap gidip gelerler. Öý işi hem şonuň ýaly;
  • Tik tok seredýän çagalara diýen etdirmek hem aňsat, diýen etmese elinden telefonyny almaly we diýeniňi etýänçä bermeli däl. Ol çaga şol mahal näme diýseňiz ýerine ýetirer.

Umuman Tik tok-yň çagalara edýän ,,peýdasy" (zyýany) şulardyr. Elbetde Tik tok çagalara käbir zatlary öwreder, emma mekdepde okaýan zatlaryny özleşdirmezden Tik tok seredýän çaganyň bilim derejesi nähili bolar? Bu soragyň jogabyny çagalar ulalanda bileris. Uly adamlar gowyny erbedi saýgaryp bilýärler emma çagalarda beýle ukyp ýok. Şonuň üçin çagalara gowy bolan zatlary saýlap seçip bermeli.
Şeýlelikde şu sorag ýüze çykýar: Çagalaryň eline Tik tok açyp bermek dogrumy? ( Jogaplaryňyzy we pikirleriňizi kommentariýa ýazyp bilersiňiz!)

157 |
|