Teswirler (17)

Ýüklenýär...
User Avatar

Öwreniji

Size peýdaly bolar diýip pikir edýän käbir youtube kanallary(meniň şahsy pikirim)

2 minut alar

Giriş

Bu makalada  Youtube-daky  peýdaly kanallaryň käbirlerini paýlaşmakçy. Elbetde, bularyň köpüsini bilýän bolmagyňyz hem mümkin. Kähalatlarda youtube-a girip näme görjegiňizi bilmän öňümize çykan ilkinji gyzykly emma onçakly peýdaly bolmadyk wideolary çümüp sagatlarymyzy ýitirýäris. Bu makala size kömek eder diýip umyt edýärin. Hany onda, gepi käneltmän makala geçeliň..

The Ultimate Guide to Starting a YouTube Channel – Restream Blog

Barış Özcan

Menden  Youtube-daky iň gowy kanal seniň pikiriňçe haýsy diýip sorasalar, hiç pikirlenmän birinji  ,,Barış Özcan'' diýýän. Barış Özcan aslynda storyteller( hekaya aýdyjy) we bu kanalam 2015-nji ýylda adamlara täsir etmek üçin döredipdir. Bu kanal başda  sungat,dizaýn we tehnologiýa barada wideolar çykarýardy. Sonra, 2018-nji ýylda kanalynyň bölümini bilim bermek( education) diýip üýtgetdi. Onuň wideolaryny görenden soň içiňde bir ajaýyp motiwasiýa döreýär( ýa diňe menmi  Barış Özcan-a birhili sempatiýa duýan soň) we bir zat etmeli ýaly duýýan. Bu barada aýtsaň aýdara zat köp, emma entek beýlekiler hem bar. Wideolaryň aglaba bölegi size gyzykly bolarmyka diýän. Eger görüp başlasaňyz başdan görmegiňizi maslahat berýän. Yzynam özüňiz...:) Hökman yzarlamagyňyzy maslahat berýärin. Gozle-de:  Barış Özcan

Barış Özcan - YouTube

 

                                        

Evrim Ağacı

Bu kanal hem peýdaly kanallaryň biri. Aglaba bölegi biologiýa we anatomiýa bilen baglanşykly wideolar  bolsada onuň daşyndan bilim,edebiýat,pelsepe,anatomiýa,taryh,geografiýa, pelsepe we umumy wideolar  az däl. Bu sapaklar diýsem ýüzüňiz düşmesin wideolaryny görüň, hiç içiňiz gysyp ýapasyňyz gelmez.

                                 Evrim Ağacı - Vikipedi  

Bebar bilim

Bu hem açylandan bäri( 12K yzarlaýjydy men yzarlanymda) wagt tapdygymdan wideolaryny sypdyrman görjek bolan kanalym. Esasan bilim we fizikany size söýdürjek kanal. Ýöne psihologiýa barada hem gyzykly wideolary öz içine alýar. 

                                  Bebar Bilim - YouTube

Jemleýiş

Ýokarda agzap geçmedik emma meniň bilýän gowy kanallardan: AkademinkLink, Holosen, TED we TedxTalks, KhanAkademy, BerkMD, Hikmet Anil Oztekin..., biznes bilen gyzyklanýanlaryňyza Baykalem, Kesharejepow... Meniň biýänlerim şulardan( häzir käbirleri ýadyma düşmedi) ybarat we eger siziňem bilýän ,emma meniň aýtmadyk gowy kanalyňyz bar bolsa teswirlerde ýazmagy unutmaň. 

Häzir diňe türkçe we türkmençe kanallary ýazdym. Iňlişçe we rusça kanal kän köp kanal bilemok maslahat berýän iňlisçe kanalyňyz bar bolsa teswirlerde duşuşalyň.

312 |
|