SAGDYN DURMUŞA BARÝAN ÝOL
3 minut alar

Her ýylyň 3-nji iýunynda dünýä jemgyýetçiligi Bütindünýä welosiped gününi giňden belleýär. Bu sene diňe bir ulag serişdesiniň baýramçylygy hökmünde däl-de, eýsem sagdyn durmuş ýörelgesiniň, ekologiýa taýdan arassa gurşawyň we durnukly ösüşiň möhüm nyşany hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde adamlaryň saglygyny goramaga, daşky gurşawy arassa saklamaga we jemgyýetde işjeň ýaşaýyş medeniýetini kemala getirmäge hyzmat edýän täsirli serişdeleriň biri hökmünde ykrar edildi. Şonuň üçin hem, bu halkara sene dünýä döwletleri tarapyndan giňden goldanylýar we dürli çäreler bilen bellenilýär.
Türkmenistan dünýäde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly üstünlikleri gazanan ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sporty ösdürmäge, ilatyň beden işjeňligini ýokarlandyrmaga, sagdyn ýaşaýyş medeniýetini berkitmäge gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hut şu nukdaýnazardan seredilende, Bütindünýä welosiped gününiň ýurdumyzda uly ruhubelentlik bilen bellenilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmek we welosiped sürmek medeniýetini giňden ýaýratmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzyň paýtagtynda we welaýat merkezlerinde gurlan döwrebap welosiped ýollary, sport desgalary, köpçülikleýin welosipedli ýörişler hem-de dürli derejedäki sport ýaryşlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu taryhy işler ýaş nesliň sagdyn terbiýelenmegine, adamlaryň işjeň durmuş ýörelgesine eýermegine uly goşant goşýar.
Welosiped sürmegiň saglyk üçin peýdasy örän uludyr. Saglygy goraýyş hünärmenleriniň belleýşi ýaly, yzygiderli welosiped sürmek ýürek-damar ulgamynyň işini gowulandyrýar, bedeniň çydamlylygyny ýokarlandyrýar, dürli keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Şeýle hem, sportuň bu görnüşi adamyň ruhy ýagdaýyna oňyn täsir edýär, işjeňligi artdyrýar we sagdyn ýaşaýyş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaşlaryň, talyplaryň, mekdep okuwçylarynyň hem-de dürli ýaşdaky raýatlaryň arasynda welosiped sürmäge bolan gyzyklanma ýylsaýyn artýar.
Bütindünýä welosiped gününiň möhüm ähmiýetleriniň biri hem, onuň ekologiýa bilen berk baglanyşyklylygydyr. Häzirki döwürde daşky gurşawy goramak, howanyň arassalygyny üpjün etmek, tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran esasy wezipeleriň biridir. Welosiped bolsa, daşky gurşawa zyýanly galyndylary döretmeýän, energiýa tygşytlaýjy we ekologiýa taýdan iň arassa ulag serişdeleriniň biridir. Şonuň üçin hem, onuň giňden ulanylmagy howanyň hapalanmagyny azaltmaga, şäherleriň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam berýär.
Türkmenistan daşky gurşawy goramak meselelerinde halkara derejede öňe sürýän başlangyçlary bilen dünýäde uly abraýa eýe bolýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan «ýaşyl» ykdysadyýet syýasaty, tokaý zolaklarynyň giňeldilmegi, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan nusgalyk işler jemgyýetiň ähli gatlaklarynda tebigata aýawly çemeleşmek medeniýetini kemala getirýär. Welosiped hereketiniň ösdürilmegi hem, hut şol asylly maksatlaryň amala aşmagyna gönükdirilen möhüm ugurlaryň biri hökmünde çykyş edýär.
Ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmeginde sportuň ähmiýeti uludyr. Şol sebäpli hem, eziz Watanymyzda geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýörişler ýaşlarda watansöýüjilik duýgularyny berkitmek, sporta bolan söýgüni artdyrmak we jemgyýetçilik agzybirligini pugtalandyrmak babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle çäreler müňlerçe raýaty birleşdirip, sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden dabaralanmagyna ýardam berýär.
Bütindünýä welosiped güni dünýä halklaryny sagdyn ýaşaýyş ýörelgesiniň daşynda birleşdirýän, adamlary tebigata hormat goýmaga, işjeň durmuşda ýaşamaga ruhlandyrýan möhüm halkara baýramdyr. Bu baýramyň ýurdumyzda giňden bellenilmegi Türkmenistanyň adam saglygyny hem-de daşky gurşawy goramagy, sporty ösdürmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitländiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesliň sagdyn ösüşi, jemgyýetiň abadançylygy we ekologiýa howpsuzlygy ugrunda amala aşyrylýan beýik işleri mundan beýläk hem üstünliklere beslensin!
Mansur JABBAROW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň baş buhgalteri.