Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

MILLI LIDERIMIZIŇ DÖWLETLILIK MEKDEBI

3 minut alar

Döwletlilik – halkyň taryhy tejribesini, uzak geljege gönükdirilen paýhasyny, parahatçylykly ösüşe bolan ynamyny we jemgyýetiň umumy bähbitleriniň öňe sürülmegini özünde jemleýän giň düşünjedir. Her bir döwletiň ösüş ýolunda şeýle belent düşünjeleri durmuş hakykatyna öwürýän, döwrüň talaplaryna laýyk täze başlangyçlara badalga berýän, halkyň ruhy güýjüni döredijilikli maksatlara gönükdirýän şahsyýetleriň taryhy hyzmaty aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Türkmen halkynyň häzirki zaman döwletlilik ýörelgeleriniň kemala gelmeginde we Garaşsyz Watanymyzyň ösüş ýolunyň kesgitlenmeginde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň, döwlet dolandyryşyndaky baý tejribesiniň, parasatly garaýyşlarynyň hem-de milli gymmatlyklara daýanýan ýörelgeleriniň aýratyn orny bardyr. Şu nukdaýnazardan, «Milli Liderimiziň döwletlilik mekdebi» diýen düşünje diňe bir belli bir şahsyýetiň iş ýoluny aňlatman, eýsem döwletiň bähbidini, halkyň abadançylygyny, parahatçylygy, döredijiligi we geljege ynamy bir bitewi düşünjede jemleýän uly ruhy mekdebi alamatlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik mekdebiniň esasy aýratynlygy onuň milli köklere we häzirki döwrüň öňdebaryjy ýörelgelerine daýanmagyndadyr. Döwletlilik däbi halkyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda özbaşdak döwlet gurmak, agzybirligi saklamak, nesilleriň geljegini üpjün etmek ýaly möhüm ýörelgeleri öz durmuş tejribesinde kämilleşdirip gelipdir. Şol baý miras häzirki zaman döwlet gurluşynyň täze şertlerinde döredijilikli dowam etdirilýär. Milli Liderimiziň jemgyýetiň ösüşine bolan garaýyşlarynda hem geçmişiň parasady bilen şu günüň mümkinçilikleriniň, milli gymmatlyklar bilen döwrebaplygyň sazlaşygy aýdyň görünýär. Bu döwletlilik mekdebiniň ýene bir möhüm ýörelgesi halk bilen döwletiň arasyndaky ynamyň we özara jogapkärçiligiň berkidilmegidir. Döwlet halk üçin, halkyň bagtyýar durmuşy üçin hyzmat edýän beýik jemgyýetçilik institutydyr. Şonuň üçin döwlet dolandyryşynda raýatlaryň bähbidini ileri tutmak, olaryň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, bilim almak, hünär öwrenmek, zähmet çekmek we döredijilikli başarnyklaryny durmuşa geçirmek üçin zerur mümkinçilikleri döretmek möhüm wezipeleriň hataryndadyr.
Döwletlilik düşünjesiniň çuňlugy onuň gündelik durmuşda hem ýüze çykýandygy bilen ölçelýär. Watana bolan söýgi, il-güne peýdaly zähmet, jemgyýetçilik tertibine hormat, milli mirasa aýawly garaýyş, tebigaty goramak, ýaşlara goldaw bermek ýaly ýörelgeleriniň her biri döwletlilik medeniýetiniň aýry-aýry bölekleridir. Şahsy jogapkärçiligiň jemgyýetçilik bähbidi bilen utgaşmagy döwlet düşünjesiniň hakyky manysyny açýar. Her bir raýat öz işine halal we jogapkärçilikli çemeleşende, öz hünäriniň üsti bilen ösüşe goşant goşanda, jemgyýetiň umumy kuwwaty artýar.
Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik mekdebinde parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň aýratyn orun eýeleýändigi hem bellärliklidir. Türkmen halkynyň milliliginde asudalyga, hoşniýetli gatnaşyklara, goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berkligine, dürli halklar bilen dostlukly hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Bu ýörelgeler häzirki döwrüň halkara gatnaşyklarynda hem öz mynasyp beýanyny tapýar. Parahatçylygyň gadyr-gymmatyna düşünmek, ýurtlaryň arasynda özara hormata esaslanýan gatnaşyklary ösdürmek, hyzmatdaşlygyň we ynanyşmagyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biridir. Şunda milli Liderimiziň öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer garaýyşlary döwletlilik düşünjesiniň diňe ýurduň içindäki ösüş bilen çäklenmän, halkara giňişligindäki jogapkärçilik bilen hem baglanyşyklydygyny görkezýär.
Aslynda, «Milli Liderimiziň döwletlilik mekdebi» diýen düşünjäniň çuň manysy hem hut şu ýerde jemlenýär: bu – halkyň taryhy tejribesine daýanmak, döwletiň we jemgyýetiň bähbitlerini ileri tutmak, uzak geljegi nazarlamak, ýaş nesle ynanmak, milli gymmatlyklarymyzy goramak, parahatçylygy we ynsanperwerligi dabaralandyrmak, döredijilikli zähmeti ösüşiň esasy güýji hökmünde görmek ýaly köp sanly ýörelgeleriň bitewi ulgamydyr. Şeýle mekdepde öwrenilýän iň uly sapak bolsa, döwletlilik düşünjesiniň her bir adamyň şahsy jogapkärçiliginden başlanýandygydyr. Döwlet üçin edilýän her bir halal iş, jemgyýetiň bähbidine gönükdirilen her bir başlangyç, ýaş nesliň bilimli we terbiýeli bolup ýetişmegi, milli mirasa goýulýan hormat – bularyň ählisi döwletlilik medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir.
Milli Liderimiziň döwletlilik mekdebi – türkmen halkynyň öz saýlan ýoluny häzirki zaman ösüşiniň talaplary bilen sazlaşdyrýan, geçmişiň parasadyny geljegiň maksatlaryna baglaýan baý durmuş tejribesidir. Bu mekdepden alynýan sapaklar nesilden-nesle geçirilip, Garaşsyz Watanymyzyň ösüş ýolunyň täze sepgitlerine hyzmat edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny dowamat-dowam edýän, halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Agabaý ÝEGŞEMOW,
“Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi” jemgyýetçilik guramasynyň
agzalyk işleri boýunça hünärmeni.

|