BITARAPLYK – ABADANÇYLYGYŇ ÝOLY
3 minut alar

Häzirki döwrüň halkara gatnaşyklarynda döwletleriň syýasy agramy öňe sürýän gymmatlyklarynyň adamzadyň bähbitlerine laýyk gelmegi, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeliligi bilen kesgitlenýär. Şu nukdaýnazardan seredilende, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi diňe bir daşary syýasatyň aýratyn ugry bolmak bilen çäklenmän, eýsem döwletimiziň halkara giňişligindäki ornuny kesgitleýän strategik ösüş filosofiýasyna öwrüldi. Wagtyň synagyndan üstünlikli geçen bu syýasy ýörelge häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýä bileleşigindäki abraýynyň pugtalanmagynyň, halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmeginiň we ýurdumyzyň ählumumy başlangyçlarynyň goldanylmagynyň esasy şertleriniň biri hökmünde çykyş edýär. Türkmen Bitaraplygy ilkinji nobatda parahatçylyk döredijilik, ynanyşmak medeniýeti, deňhukukly hyzmatdaşlyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Şonuň üçin hem, bu syýasy ugur ýyllaryň dowamynda diňe bir milli bähbitleriň goralmagyna hyzmat etmän, eýsem sebit we dünýä derejesinde hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleriniň emele gelmegine hem oňyn täsir edýär.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň iň möhüm aýratynlyklarynyň biri hem onuň işjeň häsiýete eýe bolmagydyr. Käbir ýagdaýlarda bitaraplyk diňe daşyndan syn etmek hökmünde kabul edilýän bolsa, türkmen modeli parahatçylygyň bähbidine işjeň hereket etmegiň, döwletleriň arasynda ynamy berkitmegiň we özara düşünişmegi ösdürmegiň guraly hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz halkara maslahatlaryň, syýasy gepleşikleriň we hyzmatdaşlyk meýdançalarynyň geçirilýän merkezleriniň birine öwrülýär. Bu bolsa, Türkmenistanyň diňe bir sebit derejesinde däl-de, eýsem ählumumy derejede hem ynamdar hyzmatdaş hökmünde ykrar edilýändigini görkezýär.
Bitaraplyk syýasatynyň üstünlikleriniň esasy sebäpleriniň biri hem onuň milli taryhy tejribeler bilen sazlaşykly utgaşmagy bolup durýar. Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren döwletlilik ýörelgelerinde hoşniýetlilik, adalatlylyk, goňşuçylyk gatnaşyklaryna sarpa goýmak we parahatçylygy ileri tutmak ýaly gymmatlyklar möhüm orny eýeläpdir. Şol ruhy miras häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwrebap halkara syýasatynyň çäklerinde täze many-mazmuna eýe bolup, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özenine öwrüldi. Şeýlelikde, Bitaraplyk diňe hukuk derejesi bolman, eýsem türkmen halkynyň dünýä garaýşynyň we döwletlilik däpleriniň häzirki zaman beýany hökmünde hem çykyş edýär.
Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna syn edilende, olaryň aglabasynyň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilendigini görmek bolýar. Energetika howpsuzlygy, ulag diplomatiýasy, ekologiýa meseleleri, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly ugurlar boýunça öňe sürülýän teklipler dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar hem-de uly seslenme döredýär.
Dünýä ykdysadyýetiniň özara baglanyşygynyň güýçlenýän döwründe Bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistanyň halkara ulag-logistika ulgamyndaky ornunyň ýokarlanmagyna hem ýardam berýär. Ýurdumyz Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda möhüm baglanyşdyryjy halka hökmünde çykyş edip, öz çäginde amala aşyrylýan iri infrastruktura taslamalary arkaly sebitleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine öz goşandyny goşýar. Munuň özi, Bitaraplygyň diňe bir syýasy durnuklylygyň kepili bolman, ykdysady ösüşiň hem möhüm şerti bolup durýandygyny subut edýär.
Eziz Watanymyzyň ösüşleriniň tejribesi Bitaraplygyň döwletiň halkara abraýyny ýokarlandyrýan, ykdysady mümkinçiliklerini giňeldýän we halkyň abadançylygyny üpjün edýän möhüm strategik serişdeleriň biridigini aýdyň görkezýär. Şonuň üçin hem, bu syýasat geljekde hem Türkmenistanyň daşary syýasatynyň mizemez binýady bolmagynda galar. Parahatçylygyň, dostlugyň we özara düşünişmegiň baýdagyny belentde göterýän türkmen Bitaraplygy XXI asyrda hem dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde bolmagyny dowam etdirer. Halkymyzy parahat, eşretli zamanada ýaşadýan, ýurdumyzyň halkara arenasyndaky at-abraýyny belende galdyrýan tükmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli başlangyçlary hemişe üstünliklere beslensin!
Agabaý ÝEGŞEMOW,
“Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi” jemgyýetçilik
guramasynyň agzalyk işleri boýunça hünärmeni.