MUKADDES GARAŞSYZLYK – HALKYMYZYŇ ÇÜWEN YKBALY
3 minut alar
Garaşsyzlyk – her bir halkyň taryhyndaky iň beýik, iň mukaddes düşünjeleriň biridir. Ol diňe bir döwlet özbaşdaklygynyň nyşany bolman, eýsem halkyň milli buýsanjynyň, erkin pikiriniň, öz ykbalyny özi kesgitlemek hukugynyň hem-de geljege bolan ynamynyň beýanydyr. Türkmen halkynyň asyrlarboýy arzuw eden mukaddes maksady bolan Garaşsyzlyk ýurdumyz üçin täze taryhy eýýamyň başlangyjyna öwrüldi. Şanly 35 ýyllyk şöhratly ýol geçen ýyllaryň dowamynda döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni we durmuş taýdan uly ösüşlere eýe bolandygyny, halkymyzyň parahat, abadan we bagtyýar durmuşynyň has-da pugtalanandygyny aýdyň görkezýär. Bu şanly sene diňe bir senenamadaky möhüm waka bolman, eýsem Garaşsyzlygyň halkymyzyň durmuşyndaky ebedi ähmiýetine, onuň taryhy ornuna we geljek nesiller üçin döredýän mümkinçiliklerine täzeden göz aýlamaga mümkinçilik berýän aýratyn pursatdyr.
Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri öz döwletlilik ýörelgelerini, milli gymmatlyklaryny we ruhy baýlyklaryny gorap saklap gelýän halkdyr. Ata-babalarymyzyň döreden beýik döwletleri, olaryň parahatçylyk, adalatlylyk we agzybirlik ýörelgeleri häzirki Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ösüş ýolunda hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Garaşsyzlyk bize öz milli ýolumyzy saýlamaga, döwlet ösüşimiziň esasy ugurlaryny kesgitlemäge, baý taryhy-medeni mirasymyzy aýawly gorap, ony giňden dünýä ýaýmaga mümkinçilik berdi. Bu mukaddes gymmatlygyň netijesinde halkymyz öz döwletiniň eýesi hökmünde täze taryhy döwre gadam goýdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda amala aşyrylan beýik işler halkymyzyň döredijilik güýjüniň, zähmetsöýerliginiň we Watana bolan çuňňur söýgüsiniň netijesidir.
Garaşsyzlygyň esasy güýji halkyň agzybirliginde we jebisliginde jemlenýär. Döwlet bilen halkyň arasyndaky berk ynam, umumy maksatlara bolan ygrarlylyk ýurdumyzyň ösüşiniň esasy daýanjy bolup durýar. Her bir amala aşyrylýan özgertmäniň, her bir döredilýän täze mümkinçilikleriň merkezinde adam, onuň abadan durmuşy we bagtyýar geljegi durýar. Şonuň üçin hem, Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuş üpjünçiligi, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, ykdysadyýet we beýleki möhüm ugurlarda giň gerimli işler alnyp baryldy. Döwrebap şäherleriň gurulmagy, täze önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegi, ýaş nesliň bilim almagy üçin döwrebap şertleriň üpjün edilmegi Garaşsyzlygyň halkymyza beren mümkinçilikleriniň aýdyň beýanydyr.
Mukaddes Garaşsyzlyk milli mirasymyza, ene dilimize, medeniýetimize we ruhy gymmatlyklarymyza bolan söýgimizi has-da güýçlendirdi. Garaşsyz döwlet hökmünde türkmen halky özüniň baý taryhyny, gadymy däp-dessurlaryny we medeni mirasyny dünýä ýüzüne giňden tanatmak mümkinçiligine eýe boldy. Milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak bilen bir hatarda, döwrebap ösüşiň gazananlaryny özleşdirmek hem ýurdumyzyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri boldy. Geçmişimize hormat, şu günümize buýsanç we geljegimize ynam bilen garamak Garaşsyzlygyň beren beýik ruhy baýlygydyr.
Eziz Diýarymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli daşary syýasaty bilen dünýäde uly abraýa eýe boldy. Halkara hyzmatdaşlykda özara hormat, ynanyşmak we deňhukukly gatnaşyk ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasaty ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki ornuny has-da pugtalandyrdy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi hem halkymyzyň parahatçylyga bolan ygrarlylygynyň, ynsanperwer garaýyşlarynyň aýdyň beýany hökmünde çykyş edýär.
Şanly 35 ýyllyk taryhy ýol Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş, döredijilik we rowaçlyk ýolunyň subutnamasydyr. Bu döwürde halkymyzyň agzybirligi, zähmetsöýerligi we Watana bolan söýgüsi bilen uly üstünlikler gazanyldy. Garaşsyzlyk bize milli buýsanjymyzy hem-de öz geljegimizi öz güýjümiz bilen gurmak bagtyny berdi. Şonuň üçin hem, bu mukaddes gymmatlygy gorap saklamak, ony dabaralandyrmak we geljekki nesillere ýetirmek Watanymyzyň her bir bagtyýar raýatynyň mukaddes borjudyr.
Halkymyzy eşretli, bolelin, parahat zamanada ýaşadýan, ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli başlangyçlary mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Kuwwatly döwletimiziň ýaşyl baýdagy hemişe belentde parlasyn, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şan-şöhraty ebedi dowamat-dowam bolsun!
Agabaý ÝEGŞEMOW,
“Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi” jemgyýetçilik guramasynyň
agzalyk işleri boýunça hünärmeni.