Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ýewraziýa ýazyjylar birleşigi merhum Myratgeldi Söýegowy hatyralady

1 minut alar

Ýewraziýa ýazyjylar birleşigi 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda 73 ýaşynda aradan çykan meşhur türkmen dilçi alymy, türkolog, medeniýeti öwreniji, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Myratgeldi Söýegowy hatyralap, resmi web sahypasyna onuň terjimehaly barada maglumat ýerleşdirdi.

  Merhum Myratgeldi Söýegowyň terjimehaly baradaky maglumat Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň resmi web sahypasynda neşir edilen Ýusup Akgülüň galamyna degişli bolan  «Türkmen dilçi alymy, akademik Myratgeldi Söýegow aradan çykdy» diýen habarda beýan edilýär. 

Meşhur türkmen dilçi alymy, türkolog, medeniýeti öwreniji, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Myratgeldi Söýegowyň aradan çykmagyna uly gynanç bildiren Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň başlygy, ýazyjy Ýakup Ömerogly  Ýusup Akgülüň ayb.org.tr web sahypasyna neşir edilen «Türkmen dilçi alymy, akademik Myratgeldi Söýegow aradan çykdy» diýen terjimehally habarynyň sylkasyny özüniň şahsy Facebook sahypasynda goýup, halk köpçüligi bilen paýlaşdy. 

  Ýazyjy Ýakup Ömeroglynyň şahsy Facebook sahypasynda paýlaşan bu habarynyň teswirinde Türkiýäniň meşhur dilçi we edebiýatçy alymlary, görnükli ýazyjy-şahyrlary türkmen dilçisi, akademik Myratgeldi Söýegowyň aradan çykmagyna uly gynanç bildirip, «Allah rehmet eýlesin, mekany jennet bolsun» diýen sözlerini ýazypdyrlar.

 Toýly Jänädow

20 |
|