Teswirler (4)

Ýüklenýär...
User Avatar

Birini tanamak isleseň göni özünden sora diýilişi ýaly...

2 minut alar

Soňky aýlarda köp kişiniň dilinde “ChatGPT” sözi aýdym boldy diýsek ýalňyşmarys. Indi, bu “ChatGPT” näme? Geliň özünden sorap göreliň:

Türkmen dilinde ChatGPT

ChatGPT- 2022-nji ýylyň Noýabr aýynda OpenAI kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan tälimli robot dilidir. Jikme-jik berýän jogaplary we bilimleriň köp ugurlary boýunça berýän anyk jogaplary bilen çalt üns çekdi. 
ChatGPT-niň esasy aýratynlygy, tekst gutusynda adamlaryň berjek soraglaryna tebigy jogaplar berip bilmesidir. Mundan başga-da ChatGPT nämeler edip biler? 
- Kod ýazmaga kömek edýär;
- Makala ýazmaga kömek edýär;
- Terjime işlerini edip berýär;
- Hekaýa we goşgulary ýazyp berýär;
- Düşünmeýän bir mowzugyňda sana düşünükli bir dilde maglumat berýär. 

Diňe bular bilen çäklenmän başga-da bir näçe soraglarymyza jogap alyp ýa-da içimiz gysan wagty söhbetdeşlik hem edip bilýäris. Elbetde, türkmen dilinde hem sorag berip bilersiňiz. Emma, intäk iňlis dili ýaly doly we dogry maglumatlar girizilmedigi sebäpli jikme-jik dogry jogaplary alyp bilmeris. 

Google gözleg motory ýaly, ChatGPT-den köp soraga jogap alyp bilýäris. Şeýle-de bolsa, gözleg motorlaryndan tapawutlylykda, ChatGPT maglumat tälimli robot, bolanlygy üçin hödürläp biljek maglumatlary tälim berlen maglumat çeşmesi bilen çäklenýär. Şol sebäpli, bütin internet dünýäsini we Google gözleg motory ýaly häzirki makalalary gözden geçirip jogap bermesi mümkin däl. 

Maglumat çeşmesini nireden alýar?

Maglumatlarynyň esasy çeşmeleri bolsa, kitaplar, web sahypalary we dürli makalalar bolup durýar. Bu maglumatlar hem 2021-nji ýyla çenli bolan maglumatlar çeşmesidir. ChatGPT-ni häzirki günlerde mugt ulanmana mümkinçiligimiz bardyr. Mundan başga-da, OpenAI ChatGPT ulanyjylaryna ChatGPT-ni mundan beýläk-de türgenleşdirmek we sazlamak üçin ulanyp boljak maglumatlary ýygnamagy dowam etdirýär. ChatGPT gysga wagtda özüni görkezmäni başardy.

Bu makalany ýazmagymyň maksady, sizlere biraz hem bolsa bu mowzuk boýunça gyzyklanma döretmek we gözleg etme endigini gazandyrmak. :) 

98 |