Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

GEZELENÇDÄKI PURSATLAR

8 minut alar

       (Hekaýa türk ýazyjysy Ýakup Ömeroglunyň «Iki çynar» kitabyndan)

Ahmet bu sebitdäki tokaýyň içinden geçýän ýoluň köp öwrümlidigini eşidipdi, ýöne bular ýaly kändir öýdüp pikir etmändi. Kesgin öwrümleriň biri gutarmanka, başga biri başlaýardy.  Gije ulag sürmegi halamaýan Ahmediň sagat ilerledikçe, gahary-da halys degnasyna degip başlady.

            Ahmet aýaly we çagalary bilen gezelenje çykypdy. Uzak ýyllap görüşmedik dosty Hüseýin hem, onuň gezelenje çykan sebitinde ýaşaýardy. Ahmet, telefonda bu ýerlere gezelenje geljekdigini aýdanynda, Hüseýin örän tutanýerlilik bilen:                   –  Hökman bize-de geliň, bir gije-de bolsa, meniň öýümde galyň – diýipdi.             Çagalary bu çakylykdan hoşal bolmasalar-da, kakalaryny örän höwesjeň görensoňlar, garşy çykmadylar. Ahmet, çagalaryň ene-atalarynyň dostlary bilen wagt geçirmek islemeýändiklerini eýýäm bilýärdi.

         Olar Hüseýinlere myhman barmaly wagtyndan gaty gijä galdylar. Tokaý ýollarynyň öwrümleri uzadykça uzaýardy. Dar ýollara zordan sygan ýük ulaglaryna bu ýerden geçmeklik örän kyndy.

         Ahmet dostuna: «Agşam sagat ýedide öýüňize bararys» diýip söz beripdi, ýöne ol sagat dokuzda-da ýoldady. Ahmediň Hüseýiniň öýüne näwagt myhmançylyga baryp biljegi belli däldi.

         Çagalary we aýaly oňa ýol argynlygyny belli etmezlige synanyşsalar-da, örän birahatdylar. Çünki, onuň hatyrasy üçin bir gije myhmançylyga galmaga razy bolduklary öýe-de giç barýardylar.

         Tokaýyň içinde ykjam telefonlary-da bir-de tutsa, bir-de tutmaýardy. Ykjam telefonlaryň tutýan seýrek ýerleriniň birinde dostundan SMS geldi.  Hüseýin SMS ýazgysynda: «Men gyssagly gitmeli boldum. Siz meniň öýüme myhmançylyga geliň. Men Size öýümiň ýerleşýän ýerininiň elektron salgysyny ugradýaryn» - diýip ýazypdyr. 

         Bu näme diýdigi bolduka, indi? Hüseýin öýden çykan bolsa, onuň öýünde hiç kim ýokdur. Çünki, aýaly ýogalandy, çagalary bolsa başga şäherlerde ýaşaýar.

         Ahmet Hüseýiniň öýüniň ýerleşýän ýeriniň elektron salgysyna nädip düşünmelidi? Onuň kellesi garyşdy-da:

         –  Hany, gideliň, bakaly – diýip seslendi. Kiçiräk bir ýer bolsa-da, belki,

myhmanhana tapmak mümkin bolar.      

         Ahmet Hüseýiniň öýden çykmaly bolandygy baradaky habary çagalaryna aýtmakdan ýaýdansa-da, ahyrsoňy olar-da gelen şol SMS-i okadylar. Ahmediň aýaly: «Belki-de, onuň gyssagly bir işi çykandyr. Biz barýançaga çenli yzyna gaýdyp geler» – diýip, ýanýoldaşyna göwünlik berdi. 

           – Elbetde, şeýledir. Hüseýiniň gyssagly bir işi çykandyr, ýogsam ol öýünde hökman bolardy. Ilki bilen myhmançylyga çagyr, myhmanlaryň geler wagtynda-da öýüňden git. Ýok, ýok, Hüseýin olar ýaly adam däldi. Ýöne, talyplyk ýyllaryndan bärem gaty köp wagt geçipdi. – Ahmediň aňyny dürli oý-pikirler gurşap aldy.  Wagt bolsa örän çalasynlyk bilen ilerleýärdi.

         Ahmet çagalaryň ýol arlygyny sowmak üçin, degişme äheňinde:

         – Ulagly gije gezelenç etmekligiňem özboluşly bir hezilligi bar – diýdi. Degişme gülkünç bolmasa-da, çagalar kakalarynyň göwni üçin gülümsirediler.

         Ahmet şähere ýakynlaşyp başlanynda, ykjam telefonlarda işläp başlady. Ýöne, Hüseýin ykjam telefonyna edilen jaňy almaýardy. Olar Hüseýiniň iberen elektron maglumatyndaky ýol kartasyndan myhmançylyga barjak öýüniň ýerleşýän ýeriniň salgysyny gördüler.  

         Ahmet sagat 11-e golaýlanda şähere giripdi. Hüseýin dostunyň eden jaňlaryna henizem jogap berenokdy. Ahmet elektron maglumatdaky ýol kartasyna görä, şäheriň merkezi diýip pikir eden ýerlerinden geçip barýarka, gözleri bilen myhmanhana gözleýärdi.

         Kiçiräk bir şäher bolany üçinmi ýa-da dogry ýerlerden geçmedikleri üçinmi, hiç hili myhmanhana belgisi ýokdy.

Hüseýinden: «Öýe ýakynlaşanyňyzda maňa habar beriň» - diýip SMS geldi. Ahmet: «Indi, Hüseýin bilen telefonda habarlaşyp boljak, öýdýän» - diýip, täzeden jaň aýlady. Ol dostundan baran jaňy hiç hili açmaýardy, ýöne SMS ugradýardy. Ahmet ýene-de telefonyna gelen SMS habary okady. Hüseýin: «Men şu wagt ýygnakda» - diýip ýazypdyr.

Ýygnak gije sagat 11-de. Ahmet bolsa öwrümli tokaý ýollarynda ulag sürmeklikden gaty ýadapdy, eýýäm.

Myhmanlar nawigasiona gözegçilik edip, Hüseýiniň öýüniň köçesine girdiler. Öý şäher merkezinden uzakda ýerleşýärdi. Hat-da, şäheriň soňky öýlerinden biridi. Öýüň arka tarapy tokaýyň alkymydy.

Myhmanlar öýüň öňüne gelip, ulagdan düşdüler. Sesleri goňşusynyň öýünden, Hüseýiniň bagly howlusyndan gelýändigi belli bolmadyk iki it bar güýji bilen üýrýärdi.

Hüseýiniň öýünde yşyk ýokdy. Myhmanlar öýüň howlusynyň derwezesini açjak boldular, emma gulply eken. Ahmet ýüzünde sanlar bolan gutyny gördi we derwezäniň «jaň düwmesi bolup bilermikä» diýip seretdi-de, bir-iki ýerine tötänleýin degdi.Ýöne, ol başga zatdy. Şäheriň bu iň soňky köçesinde çyralaryň yşyklary hem örän pesdi. Myhmanlar fonara derek ykjam telefonlarynyň yşyklaryny ulanýardylar.

Ahmet şol wagt köne jaň düwmesini gördi, ýöne onuň uzak wagt bäri ulanylmaýandygy daşky görnüşinden bellidi. Ýöne, şonda-da başam barmagy bilen jaň düwmesine basdy.  Bir ýandan bolsa, öýden sesiň gelmesine garaşýardy.        –   Ýok, bu işlemeýär – diýdi, Ahmet. Ol yzyna öwrülip, uludan demini aldy. Şol wagt telefonyndan täze bir SMS gelendigini habar berýän ses ýaňlandy. Ol dessine telefonyny açyp,dostundan gelen SMS ýazgysyny okady. Hüseýin SMS ýazgysynda: «Maňa elektron poçta salgyňyzy ýazyň» - diýip ýazypdyr.

          – Bu näme diýdigi boldy, indi – diýdi, Ahmet. Onuň çagalary-da dosty Hüseýinden gelen SMS habary okaýardy. Myhmanlar öz aralarynda gürleşip otyrkalar, itlerde has güýçli ses bilen üýrýärdiler.

         Myhmanlar ýary gije köçäniň ortasynda galdylar, Hüseýin bolsa, olardan elektron poçta salgysyny soraýar.  Ahmediň ogly: «Elektron poçta salgyňy ýaz, kaka. Göreli, hany näme bolarka?» - diýdi. Kakasyna oglunyň diýenini etmeklikden başga çäre ýokdy.  Ahmet gysga bir SMS bilen, şahsy elektron poçta salgysyny ýazyp ugratdy. Şol bir wagtda hälki işlemedik jaň düwmesini, indi işlemegi mümkin diýip täzeden basdy.

          – Bu öýüň howlusynyň derwezesiniň jaň düwmesi işlänok öýdýän, kaka – diýdi, gyzy.

          –  Näbileýin gyzym,  indi-hä işlemegi mümkin diýip basdym – diýdi-de, Ahmet  başambarmagyny jaň düwmesiniň üstüne täzeden eltdi. Ol dostunyň öýüniň howlusynyň derwezesiniň  köne jaň düwmesini basan mahaly, telefonyna ýene-de bir SMS geldi. Hüseýin: «Şahsy elektron poçtaňyza giriň we ol ýerden meniň Size ýazjak hatlarymy okaň» diýip ýazypdyr. Haýran galyjy duýgular bilen Ahmet telefonyndan şahsy elektron poçtasyny açdy. Hüseýinden gelen hat bardy. Ahmediň gyzy, ogly we aýaly elektron poçta gelen bu hatyň näme many aňladýandygyny anyklamaga synanyşýardylar.  Ogly: «Kaka, bu paroly derwezäniň sanly gutusyna giriziň diýýär» diýmek bilen, kakasyndan telefony almak üçin elini uzatdy. Ahmet telefony ogluna berdi. Ogly öýüň howlusynyň derwezesiniň ýanynda ýerleşýän sanly guta kakasynyň şahsy elektron poçtasyna gelen 5438 san belgisini girizen badyna derweze açyldy. Myhmanlar muňa haýran galyjylyk bilen öýüň howlusynyň derwezesiniň içine tarap bir ädim ätlediler.

         Girselermi, girmeselermi? Daş-töwereginde hiç kimse ýokdy. Myhmanlaryň her biri öýüň howlusynyň derwezesinden girip, dogry edýärismi diýip pikir eden wagty Ahmediň şahsy elektron poçtasyna ýene bir hat geldi.

          –  Bu kodlary öýüň howlusynyň iç ýüzündäki sanly guta giriziň. – Ýene, dört san belgili täze bir kod gelipdi. Öňki gelen kodlaryň öýüň howlusynyň derwezesini açanyndan soňra, bu kodlaryň hem işe ýarajakdygyna ynanýardylar.

          Myhmanlar öýüň howlusynyň iç ýüzünde ellerindäki ykjam telefonlarynyň çyrasy bilen indiki sanly gutuny gözleýän mahallary, gyzy:

           –  Kaka, ine bärde – diýip, bir guty görkezdi. Hakykatdanam, öýüň howlusynyň iç ýüzündäki diwarda öňki sanly gutudan has uly, ýüzünde  sanlar bolan we sanly bölegi ýagyşdan we günden saýawan görnüşli kiçiräk gorawaç bilen goralýan sanly guty bardy.

           Ahmediň ogly telefona seredip, 4417 san belgisini gaty sesli aýtdy we bu kod sanly düwmä girizilende näme bolýandygyny bilmeklik üçin, okan san belgilerini gutynyň ýüzündäki sanly düwmelere girizdi. San belgileri sanly düwmä girizilen badyna, gutynyň sanly böleginiň aşagyndaky kiçiräk çekme özüne tarap açyldy. 

            Myhmanlaryň hemmesi gorky we biynjalyklyk bilen kiçijik çekmäniň içine seretdiler. 

            –  Bir açar bar – diýip, aýtdy ogly. 

            –  Al – diýdi kakasy. Myhmanlar geň galdylar. Hakykatdanam, bu çekmede kiçijik açar halkanyň ujuna dakylan  ýekeje açar bardy. Ogly tolgunmak bilen, çekerden açary aldy. Bu açaryň halkasynda «Öý gapysy» diýlip, elde ýazylan hat bardy. Açar halkasyna seredip: «Indi näme etmelikä?» – diýip durka, telefondan täze SMS gelendigini habar berýän ses eşidildi. Hüseýin Ahmede ýazan SMS ýazgysynda: «Hoş geldiňiz. Ol öýümiň daşky girelgesiniň açary. Sowadyjyda Siziň üçin taýýarlan naharym bar. Aşhanada gazyň üstünde duran kitirde çaý suwuny-da taýýarlap goýdum. Aşagyny ýakyň, menem barýaryn.» – diýip ýazypdyr.             Myhmanlar ellerindäki açar bilen öýüň daşky girelgesiniň gapysynyň gulpuny açmaga başladylar. Itleriň sesleri has-da güýçlenýärdi, ýöne goňşy öýüň howlusyndan eşidilýärdi. Ahmet öýüň daşky girelgesiniň gapysyny açanyndan soň, maşgalasy bilen öýüň içine girdi. Öýüň myhman jaýynyň ortarasynda myhmanlar üçin nahar stoly taýýarlanypdyr we Hüseýiniň aýdyşy ýaly, sowadyjyda olar taýyn nahar hem bardy.            

         – Ilki bilen, gazyň üstündäki suwly kitiriň aşagyny ýakyň – diýdi-de, Ahmet özüni diwanyň üstüne goýberdi. Olar demlenen çaýlaryndan heniz bir owurt owurtlamankalar, Hüseýin hem öýüne geldi. Işleýän kompaniýasynyň gyssagly bir iş ýygnagy üçin, baş müdirleri şäher daşyndan gelmişdi. Hut şu nukdaýnazardan-da, adatdan daşary iş ýygnagy geçirildi.  

        –  Ilki bilen, bagyşlaň, Siziň eden telefon jaňyňyza jogap berip bilmedim –  diýdi-de, Hüseýin öz dostundan ötünç sorady.  

        –  Köne jaň düwmesine näçe gezek basdyň, Ahmet – diýip, Hüseýin öz dostuna seredip, degişme bilen gülýärdi. 

        – Men näbileýin, maňa tanyş bolan, umyt beren ýeke-täk enjam oldy –  diýip, Ahmet hem gülýärdi.           

        – Hüseýin aga, sen nireden bilýäň kakamyň köne jaň düwmesinebasanyny – diýip, Ahmediň ogly söze goşuldy.   

        –  Öýümiň howlusynyň  içki we daşky kameralary ykjam telefonyma gurnalan bolansoň, öýümiň howlusynyň kameralaryna ykjam telefonymyň ekranyndan seretdim. Siziň öýümiň howlusynyň derwezesindäki köne jaň düwmesine ýöne basyp, duranyňyzy görüp, ýygnakda gülmän zordan saklandym.  

                                                    Türkmen diline terjime eden: Toýly Jänädow  

30 |
|