Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

GAÝGY (hekaýa)

4 minut alar

(Ýakup Ömeroglunyň «Iki Çynar» kitabyndaky «Gaýgy» («Sıkıntı») atly hekaýasy)

  Onuň işi dogry edip etmedigine ynamy ýokdy.

Kimiň üçin dogry?

Nämä görä dogry?

  Aslynda, ol bu işi etmegi birnäçe ýyldan bäri isleýärdi, ýa-da isleýän ýaly görünýärdi. Bu işi mundan öňem birnäçe gezek etmek isledi, ýöne hötdesinden gelip bilmändi. Bolmanyna-da gaty bir gynanmandy. Emma, indi Hilminiň içindäki gaýgy barha möwç alýardy. Gaty köp kişiň imrindigi örän gowy işi bardy. Aýlygy-da az däldi. 

Paýtagtda, merkezde şunuň ýaly işi barka, onuň Gazagystanda işlemek islegi näderejede dogrudy. Ýaşdy, sallahdy. Ol bu wagt gitmän, haçan gitmeli, eýsem?

 – Merkezi Aziýada ekologiki meseleler gaty agyr. Aral deňzi guraýar, Semeýde ýadro synaglary sebäpli nesil yzarlaýjy keselleriň derejesi gaty ýokarlandy. Aral betbagtçylygy gün-günden köpelýär, Aralyň daş-töweregi  ýaşaýyş üçin amatsyz derejä gelip, beýleki sebitleri-de çölleşdirýär.  Toprak aşa doýgun zäherlenmiş. Eger, daşky gurşaw meselesinde talabalaýyk bir iş edilmese, soňra gaty giç bolar – diýipdi ol bir ýygnakda. 

  Çykyşyny gaty begenen ministr:

  • Hilmi, seniň aýdanlaryň gaty dogry. Ekologiýa ylmy-barlag merkezi üçin 

hünärmen gözleýäris. Eger kabul etseňiz, Sizi bu ylmy-barlag merkezinde işe belläýin – diýeninde: 

 –  Minnetdar bolaryn, hormatly ministr – diýipdi. 

 –  Onda resminamalaryňyzy beriň, pasportyňyzy-da taýýarlaň.

 – pasportym bar, hormatly ministr, özem wiza talap edilmeýän görnüşinden.

Ýaşuly ministr gülümsiräp: 

  • Bolýar, onda goşlaryňyzy taýýarlaň. Men Size jaň ederin – diýeninden 

bäri ýaňy on gün geçipdi welin, eýýäm ol ýolagçy bolup howamenzilindedi.

Edilmeli zerur işler hakynda pikirlerini aýdanynda: «Ine, Size mümkinçilik, öňe sürýän pikirleriňizi bilelikde amala aşyralyň.» – diýildiginde, yzy çekilmegi, özüne gelişdirmezdi. Hat-da, muny uly bir pursat hasaplaýardy.

Dünýäniň iň uly daşky gurşaw betbagtçylyklarnyň biriniň çözgüdi üçin taslamlaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik aljakdygyna begenýärdi, ol aslynda.

Örän gysga wagtyň içinde meýilleşdirilen bu ýolagçylyk onuň ene-atasy üçin-de aňsat kabul edilerli däldi. Olar adatdakylary ýaly aladalanýandyklaryny Hilmä belli etmän, oňa goldaw bermäge synanyşdylar. 

Hoşlaşanlarynda kakasy Hilmä:

– Oglum, sen bizi alada etme, işiňe üns ber – diýipdi. 

Hawa, onuň «bizi alada etme» diýen sözünde käbir sowallaryň bardygy-da äşgär duýulýardy. Iki sany garry adamyň durmuşy-da onuň bu ýolagçylygy bilen birden üýtgedi. Emma, köplenç çagalaryň ene-atalarynyň durmuş meselelerini çözjekdigine bildiren ynamy ýaly duýgy bilen, munuň üstünde kän bir pikir etmedi.

  Içindäki bu gaýgylar bilen çemodanlaryny bagaja berdi, haýal ädimleri bilen ýöräp barşyna uçara mündi-de, penjirä ýakyn oturgyçlaryň birinde otyrdy. Uçaryň kiçijik penjiresinden daşaryk seredip, çyralar bilen yşyklandyrylan zemine göz gezdirdi. 

  Uçar doludy.

  Adatça, öz gapdalynda oturan ýolagçylar bilen salamlaşyp: «Barjak ýeriňize sag-aman baryň. Ýoluňyz ak bolsun» diýerdi, ýöne bu gezek ýanyndakylara salam berenini, bermänini hem bilmeýärdi. 

  Uçaryň uçuşa taýýarlanmasy, hoşamaý howaýoly işgärleriniň başagaýlygy we bildirişi Hilminiň biraz ünsüni sowupdy.

  Uçaryň uçuşa girişip, ýokary galyp başlamagy bilen, Hilminiň içindäki gaýgysy-da köpele-köpele ähli zady öz içine aldy. Gaýgysy şeýle bir agdykdy welin, hamana dünýäniň bir böleginde Hilminiň gaýgysy, beýleki bir böleginde bolsa dünýäniň hakyky ýaşaýyş durmuşy dowam edýän ýalydy. 

  Uçar uçup guşuçar belentligine galanyndan soňra, howaýoly işgärleri täzeden aýlanyp başladylar. Şol wagt onuň oturgyjynyň jübsüne gysdyrylgy duran howaýoly şereketiniň žurnalyna gözi düşdi. Hilmi göwünli-göwünsiz žurnalyň sahypalaryna göz aýlamaga başlady. Žurnalda kosmos bilen baglanyşykly birnäçe suratly bir makala bardy. Galaktikalar, ýyldyzlar, planetalar we olaryň hemralary gap-gara bir zemin ýüzünde kiçijik bir açyk nokatlar ýaly görünýärdiler. Hilmi esli wagt oňa göz gezdireninden soňra, zurnalyň gözükdirmesi boýunça dünýäni görkezýän kiçijik nokady tapdy.

 –  Diýmek, bu biziň dünýämiz! – diýe  pikirlenip otyrka, ýüzünde birgeňsi ýylgyryş peýda boldy. 

  Elbetde, Hilmi öňden-de kosmosyň içinde dünýäniň we beýleki plenatalaryň nähili görünýändigini bilýärdi, ýöne bu agşam bu surat onuň üçin köp manylydy. Hilminiň mundan birnäçe ýyl ozal Wana işe bellenen mahalynda ýolagçy bolup awtobusa münen pursady göz öňüne geldi.

  Ol awtobus bilen Wana ugrady. Şol gün hem Hilminiň şuňa meňzeş gaýgylary bardy. Awtobus Kyrşehiriň töwereklerinde depeden düzlüge tarap barýardy. Hilmi awtobusyň öňdäki oturgyçlarynyň birinde oturan ýerinden düzlüge dogry uzalyp barýan ýola seretdi, ýol aşaklygyna egrilip gidýärdi. Ýollarda bar bolan ýük awtoulaglary Hilminiň oturan ýerinden has kiçijik bolup görünýärdi. Uly ýük awtoulaglary adaty oýunjak ulaglar ýaly görünýärdi. 

  Bu görnüş bilen ýüzbe-ýüz bolan Hilmi, şol wagt özüniň bolşundan has-da ulaldan durmuş meseleleriniň içinde bogulman, meselä uzaklykdan seredip bilmekligiň nähili zerur zatdygyna düşünip, özüni rahatlandyrypdy.

  Şol güni ýatlap, elindäki žurnalda ýer alan kosmos fotosuratynda dünýä nokadyny barmagy bilen yzarlap, gaýtadan tapdy. Şol kiçijik nokadyň içinde ýaşaýan özi barada pikir etdi... 

  Içindäki gaýgylar birden çişirilen şar ýaly pyssaryp kiçeldi. Ol kiçeldikçe, gaýgylary hem kiçeldi.

  Düşnüksiz bir ses bilen: «Dünýämiz» – diýip ýylgyrdy we uçaryň penjiresinden göz aýlady.

  Gijäniň garaňkylygynda ýyldyzlar görünýärdi.

Türk dilinden türkmen diline terjime eden Toýly Jänädow

18 |
|