Teswirler (2)

Ýüklenýär...

Bilim ýatdan çykar, emma halypa hiçwagt

2 minut alar

Ol gün beýleki günlerden biraz tapawutlydy. Okuwçylaryň çekindikleri ýöne hosdarlary deýin gowy görýän mugallymlaryndan käbirleri ýokdy. Okuwçylaryň arasynda dürli görnüşde gepler bardy. Şonda hem olaryň gelmeklerine umyt bilen garaşýanlar bardy. Olardan biri hem Alydy. Aly mekdebiň abraýyny bilimi bilen ösdürmäge jyrjaşýardy. Onuň mugallymdan ýakyn halypasy Kemal mugallymyň hem bugün soňky ders berdigi gün boljakdy. Emma mundan Aly bihabardy. Kemal mugallym Aly we dostlaryny dersden soň ýanyna çagyrdy. Durmuşa söýgi bilen seredýän bu oglanlar belki bugünden soň öýkeli serederler. Kemal mugallym aňsat gaharlanmazdy. Bu gezek hem owadan ýylgyryşy bilen:

“Oglanlar,ýatdan çykarmaň biz bir maşgala ýalydyrys. Hiç wagt bir-biriňizi ýatdan ýykarmaň. Bu bir durmuş herhili ýagdaý bar. Onuň saňa näme getirjegi belli bolmaz. Edil ummanda ýüzýän gämi ýaly şemalyň ugry bilen hereket etmeseň batarsyň. Bu tupanlarda wagtlaýyndyr.” diýip okuwçylara soňky ýumuşy tabşyrdy. Şol günden bäri Alynyň ýüregindäki tupanlar gowşamady. Jandan eziz görýän halypasyny ýatladykça gözleri ýaşdan, kalby hasratdan dolýar. Kemal mugallym hem mekdepden gitmeli bolupdy.

Bu gün Aly ýurduň iň uly uniwersitetinde oňat bilim alýar. Hemmesine Kemal mugallymyň bilim we durmuş barada beren dersleri arkaly. Aly olaryň hiçbirini ýatdan çykarmady, çykarmazam.

Käbirlerimiz mugallymçylyk diýip möhüm hasaplamaýarys. Belki häzirki döwürde internet arkaly mugallymsyz bilim alyp bileris, ýöne terbiýe aňsat alyp bilmeris. Ýatdan çykarmaň iň gowy dertdeş mugallymyň bolmagydyr.

 

355 |
|