2 minut alar
Ene-atalaryň çagalaryna sarp edýän wagty we gymmaty.
Ilkinji okuwa gadam basan wagtlarymda eýýäm gelejekde näme bolmak isleýänimi duýýardym diýsem ýalňyşmaryn. Sebäbi meniň başlangyç synp mugallymym bolan Keýik mugallymy şeýle bir gowy görýärdim, mugallymçylyk işini şeýle bir ýürekden edýärdi welin intäk 7 ýaşymdakam hem muny syzyp bilýärdim. Okuwda özüme iň ýakyn görýän adamym bolupdy. 18 ýaşymda orta mekdebi tamamlanymdan soňra uniwersitet okamak isleýärdim. Türkiýe döwletinde Necmettin Erbakan Uniwersitetine Başlangyç Synp Mugallymçylyk bölümünü gazandym. 4 ýyl içinde okuwymy tamamladym 1 ýyl tejribämi (internship) etdim…