1 minut alar
Arzuw etmek bilen çäkli umyt.
Eýsem, arzuw näme? Adamzat näme üçin arzuw edýär? Umyt näme? Adamzat näme üçin umyt edýär? We arzuw, nädip umyt bilen çäkli bolup bilýär? Arzuw. Arzuw etmeklik üçin höwes we isleg gerek. Öz başarnygyň bilen ýetip biljek ähli zadyňyzy arzuw edip bilersiňiz. Haýsy hem bolsa bir maksada isleg dörese, maksada ýetmeklik üçin höwes dörär. Arzuwyň matematiki formulasy “Arzuw = Isleg + Höwes”-dir. Arzuw etmeklik öz eliňizde. Arzuwa ýetmeklik üçin menziller geçmek ýene öz eliňizde. Umyt. Umyt…