Arzuw etmek bilen çäkli umyt.
1 minut alar
Eýsem, arzuw näme? Adamzat näme üçin arzuw edýär? Umyt näme? Adamzat näme üçin umyt edýär? We arzuw, nädip umyt bilen çäkli bolup bilýär?
Arzuw. Arzuw etmeklik üçin höwes we isleg gerek. Öz başarnygyň bilen ýetip biljek ähli zadyňyzy arzuw edip bilersiňiz. Haýsy hem bolsa bir maksada isleg dörese, maksada ýetmeklik üçin höwes dörär. Arzuwyň matematiki formulasy “Arzuw = Isleg + Höwes”-dir. Arzuw etmeklik öz eliňizde. Arzuwa ýetmeklik üçin menziller geçmek ýene öz eliňizde.
Umyt. Umyt etmeklik üçin arzuw gerek. Ýöne, Umyda öz başarnygyňyz bilen ýetip bilmeýäňiz. Belli bir wakanyň netijesiniň siziň islegiňiz boýunça emele gelmegini islemegiňiziň netijesi umytdyr. Umydyň matematiki formulasy “Umyt = Isleg + ynam”-dir. Arzuwyň dowamlylygyna iterýän faktor höwesdir. Umydyň dowamlylygyna iterýän faktor ynamdyr.
Arzuwyňyzdaky maksada ýetip bilmeseňiz, arzuwyňyz ýitip biler. Emma, belli bir wagt soňra täzeden arzuw döräp biler. Arzuwyň tersine Umyt ýykylsa täzeden dikelmez. Isleg we höwes döretmek aňsat. Adamzatda, ynam döretmeklik kyn.
Şonuň üçin. Käbir zatlar. "Arzuw etmek bilen çäkli umyt" bilen galýar. Ne maksada ýetmek üçin menziller geçip bilýär ne-de umyt etmek üçin ynamy bar. Menzilleri geçmese-de, ynamy bolmasa-da şol wakanyň öz isleýän netijesini bermegi üçin "arzuw etmek bilen çäkli umyt" bilen ýaşaýar.
Türkmen diliniň baý bolmagynyň aşygy hökmünde, käşkä şul wakany bir sözde jemleýän söz bolsady.