...

Gözel arzuwlar

@Belki
Arzuwsöýer

Özüm barada hiç zat aýtjak däl. Goý her kim meni öz nazarynda özüçe açsyn. Hristoforyñ "Hindistanyna" Magellanyñ "Amerika" diýşi kimin...

Dag we çukur ýa-da asla ugradylmajak hat

DAG WE ÇUKUR ÝA-DA ASLA UGRADYLMAJAK HAT 1 Salam kaka! Söýgüli ýazyjym Kerim Aş-Şaziliniñ aýdyşy ýaly "Başlamak hemişe kyn". Ejeme sensiz durmuşa başlamagyñ kyn düşüşi ýaly maña-da saña hiç haçan ugratmajak hatyma başlamak kyn düşýär. Dogrusy, sensiz geçen ýigrimi dört ýylyñ içinde jemlenen oñat we ýaramaz duýgularymyñ, başdan geçirmelerimiñ haýsysyndan başlajagymam bilemok. Şu ýigrimi dört ýylyñ içinde ýüregimde bir-ä çukur döredi, birem dag. Çukur --- ýoklugyñ döreden ullakan boşlugyndan emele gelen çukur. Dag --- her…

Ýatlamalarymda ýaşaýan ýyllar

Meniñ kämahallar halys güýmenere pişe tapman,kämahallar bolsa hut ýüregimiñ emri boýunça fotoalbomymyñ gatlaryna çümüp gidäýme endigim bar. Ine-de çagalyk,ýetginjeklik ýyllarymy özünde jemlän sahypalary könelişip giden fotoalbomym.Muña garamazdan ondaky her fotosuratyñ ýatlamasy göwnüme täze ýaly,ol suratlary düşülen pursatlar dek düýn ýaly ýadymda.Adatça,men näz-nygmatdan doly saçagyñ başyna oturdylan myhmanyñ birbada haýsy nygmatdan başlajagyny bilmän kösenişi ýaly,ol suratlaryñ haýsysyny synlajagymy bilmän kösenýänem bolsam,häzir beýle däl.Häzir haýsy suratlary synlap,haýsy ýyllara dolanjagymy anyk bilýärin.Meni bilimden,buýsançdan,tolgunmadan,şatlykdan,gussadan ýetdik paýyny almak bilenem çäklenmän…

"Dostlar gitdi, bulaşypdyr hasaby"

Ýagmyrly günleriñ biri.Elimde saýawanym,serimde dostluk hakdaky pikirlerim bilen işe barýan.Zemine sary ýol ýasan ýagyş damjalary saýawanyma degip çyt-çyt ses edýär. "ÝAŞASYN ADAMYÑ HEM TEBIGATYÑ ARASYNDA GÜWLÄP DURAN SAZLAŞYK" Arasynda güñläp duran sazlaşyk". Serimdäki pikirleriñ köpüsi şahyrlaryñ şygyrlary bilen utgaşýar.Poeziýa tutuş durkuñ bilen berilmek bu bolsa gerek.Çünki,dostluk hakdaky pikirlerimi oýaranam oñat görýän şahyrlarymyñ biriniñ setirleridi: "DOSTLAR GITDI, BULAŞYPDYR HASABY" Dostluk.Göräýmäge ýöntemje,manysy düşnükli sözlerden biri ýaly.Emma her haýsymyz muña özümizçe düşünýän ýaly.Durmuşymyzdaky boşluklary dostlarymyz bilen doldurjak bolýas.Kimdir…