DAŞKY GURŞAWY GORAMAK – DÖWRÜŇ MÖHÜM WEZIPESI

Häzirki döwürde dünýäde ekologiýa meseleleri iň möhüm ugurlaryň birine öwrülýär. Daşky gurşawy goramak, howanyň arassalygyny üpjün etmek we tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak her bir döwletiň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Türkmenistan hem bu ugurda halkara derejesinde giň başlangyçlary öňe sürýän döwletleriň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasaty halkyň saglygyny goramaga, tebigy baýlyklary aýawly saklamaga we olardan rejeli peýdalanmaga, ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň şäherdir obalarynda…

EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY – BAGTYÝAR DURMUŞYŇ BERK KEPILI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak hem-de tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeginde ekologik deňagramlylygy saklamak, howanyň arassalygyny üpjün etmek we ýaşyl zolaklary giňeltmek boýunça möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin ygtybarly şertleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Eziz Diýarymyzda geçirilmesi däbe öwrülen…

TEBIGAT – MILLI BAÝLYGYMYZYŇ EGSILMEZ ÇEŞMESIDIR

Türkmenistanyň täsin tebigaty dünýäniň iň özboluşly tebigy giňişlikleriniň biri hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň çar künjegindäki daglar, çöller, tokaý zolaklary we suw baýlyklary tebigatyň ajaýyp sazlaşygyny emele getirýär. Şeýle baýlyklar diňe bir Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň däl, eýsem halkymyzyň ruhy dünýäsiniň hem möhüm bölegidir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigaty goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek döwletimiz tarapyndan ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmen topragynyň her bir künjeginde tebigatyň özboluşly gözelligi duýulýar. Amyderýanyň…

TÜRKMEN TEBIGATYNYŇ GAÝTALANMAJAK GÖZELLIGI

Türkmen tebigaty – bu diňe bir daglar, düzler ýa-da derýalar däl, eýsem halkymyzyň ruhy dünýäsini, milli gymmatlyklaryny we müňýyllyklardan gözbaş alýan ýaşaýyş medeniýetini özünde jemleýän beýik baýlykdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny goramak, olary aýawly saklamak we geljekki nesillere ýetirmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu bolsa, ýurdumyzyň ähli künjeginde tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we ýaşyl zolaklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde öz…

TEBIGY BAÝLYKLARY GORAMAK – DÖWLET SYÝASATYNYŇ MÖHÜM UGRY

Türkmenistanyň tebigy baýlyklary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň we döwletimiziň durnukly ösüşiniň esasy binýatlarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, olary gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek boýunça giň gerimli döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler diňe bir ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem ekologik abadançylygy pugtalandyrmaga hem gönükdirilendir. Türkmen topragy tebigy baýlyklaryň dürli görnüşlerine örän baýdyr. Ýurdumyzda nebit…

Nädip hakyky erkek bolmaly?

Disclaimer ⚠️: Bellik mowzukda siziň şahsy düşünjelerňize, pikirleriňize garşy pikirleriň bolmagy ähtimal! Öňünden duýdyrmady diýmäň we bu pikirler awtoryň şahsy pikirleri bolup hakykat bolmaga dalaşgärlik etmeýär we bu mowzukdan aljak täsirlenmeleriňize we kararlaryňyza awtor jogapkär däl! Nädip hakyky erkek bolmaly? Bellik 2: ⚠️ bu tema diňe erkekler üçin, 18 ýaşdan kiçilere we gyzlara, zenanlara aýallara (umuman femine jandarlara) okamak gadagan! ❌ Salam erkekligiň nämedigne düşünmeýän mikrotestasteronuslar we estrogenuslar. Nädip erkek we hakyky maşgalanyň kakasynyň nähili…

Nädip hakyky erkek bolmaly?

Geñ galdyryjy maglumatlar

1.Eger adamyn gözi bir kamera bolsady onda 576 mega piksel bolardy. 2.Çalt gaharlanyan adamlar köpsi gaharly däl streslidir. 3.Dünýäde adamlaryñ sanyndan towuklaryñ sany köpdür. 4.Ýylanlaryñ eşdijilik ukyby ýokdyr. 5.Balykgulagyñ 25.000- e golaý dişi bolýar. 6.Eger 3 minutlyk sowuk duşa girseñiz onda 40 kalori ýakarsyñyz. 7.Ýangyn söndüriji enjamy kimiñ oýlap tapany belli däl. Sebäbi patenti ýangynda ýok bolupdyr. 8.Eger myşsañyz (pres) güýçli derejede agyrýan bolsa onda; nemli palatensany mikrawolnowkada 30 sekuntlap gyzdyryñ. Soñra agyrýan myşsañyza ýapyñ.…

MILLI BAÝLYKLARYMYZ – ÝURDUMYZYŇ YKDYSADY KUWWATY

Ýurdumyzyň baý tebigaty we onuň egsilmez baýlyklary halkymyzyň milli buýsanjy bolup durýar. Eziz Diýarymyzyň çar künjeginde ýerleşýän ýerasty we ýerüsti baýlyklar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň berk binýadyny emele getirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu baýlyklary aýawly peýdalanmak, gorap saklamak we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Ülkämizde nebit-gaz pudagy milli ykdysadyýetimiziň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýerasty baýlyklarymyzy ylmy esasda özleşdirmek boýunça häzirkizaman tehnologiýalarynyň giňden…

Söýgi näme üçin gutarýar?

Hemmämizem ömrümizde bir gezegem bolsa söýgi diýlen zad-a, ýa-da halk dili bilen aýdylanda "yşk oduna" düşüp görendiris. Birine söz aýdandyrys, ýa-da bize aýdylandyr, ýa-da ikimizem bilsegem, biri-birimize aýtman, seredişip halap, ýa-da platoniki bolan daşyndan ony söýüp, guwanyp gezendiris. Köp kişi söýgi üçin gaty gaýgylanyp, aglap, hatda janyna hem kast edip bilýär. Söýgi barada şuwagta çenli örän köp zat ýazylyp, aýdyldy. Köpümiz käbir sitata sözlerine gabat gelýändiris bu babatda, meselem "bagt – söýülmekdir" , "söýgi –…

Söýgi näme üçin gutarýar?

Är-aýal gatnaşygyndaky çaprazlyk döwürleri

Är-aýal gatnaşyklarynda esasan hem iki döwürde ýiti çaprazlygyň ýüze çykýandygy mälimdir. Onuň birinji döwründäkisine psihologiki, ikinji döwründäkisine seksual gatnaşykdaky çaprazlyk diýilýär. 1. Psihologiki çaprazlyk köplenç ýaş çatynjalaryň bilelikde ýaşap başlan ilkinji ýyllarynda ýüze çykýar. Ýaş juwanlaryň hüý-häsiýetleri, gündelik durmuş endikleri, edep-terbiýesi, pikir-garaýyşlary biri-biriniňkä çapraz gelýär. Durmuşykino ýaly diňe gowulykdyr, süýjülikdir, şadyýanlykdyr öýden ýaş çatynjalaryň öňünden her dürli näsazlyklar, päsgelçilikler, özara düşünişmezlikler, öýke-kineler, kemsitmeler çykyp başlaýar. Ozal eje-kakanyň aladasy bilen gurşalyp ýören ýaşlara, bir-biregiň diňe gowy…