2 minut alar

Ertiriň Alp Arslany, Fatyh Soltan Mehmedi kimlerdir?!

Ertiriň Alp Arslany, Fatyh Soltan Mehmedi kimlerdir?! Şu taryha yz galdyran gahrymanlara bir serediň! Döwrüň kynçylyklaryna garamazdan isledikleri ýeňişi aldylar. Ýöne nähili?! Hiç bir agaç azapsyz miwe bermez. Alp Arslanyň goşuny Malazgirde mejbury gitmedi. Olar ýeňişe ynanyp, hemmesi bir ynançda söweşdiler. Eger Alp Arslan adaty soltan bolsa bu ýeňişi almak ähtimallygy ýok. Ol döwrüň talaplaryna görä hereket etdi. Garşysyndaky goşuny plany bilen duzaga düşürmegi başardy. Bu plany jahyl adamyň başarjak zady däl. Ýeri gelen-de ylym…

2 minut alar

Akyl bilen Zehiniň arasyndaky tapawut näme?

Akyl we Zehin köplenç biri-biri bilen bulaşýan düşünjelerdir. Şeýle-de bolsa, bu iki düşünjäniň arasynda käbir tapawutlar bar. Akyl , adama mynasyp bolan "pikir etmek" ukybydyr. Bu ýerde pikirlenmek, meseleleri çözmek, karar bermek we analitiki pikirlenmek ukyby bar. Mysal üçin, matematika meselesini çözmek ýa-da diskussiýany logiki taýdan öňe sürmekdir. Zehin , adamyň umumy düşünje ukybyna we öwrenmek ukybyna degişlidir. Zehin, ölçenip bolýan aýratynlykdyr we IQ synaglary ýaly testler bilen ölçelip bilner. Zehin hem aňy öz içine…

2 minut alar

Tehnologiýanyň adamzada peýdasy we zyýany.

Tehnologiýa durmuşymyzyň ähli ugurlarynda ulanylýar we çalt ösýär. Tehnologiýanyň geljekde durmuşymyzda möhüm rol oýnajakdygy şübhesiz. Şeýle-de bolsa, tehnologiýanyň peýdalary bilen birlikde käbir kemçilikleri hem bar. Bu makalada tehnologiýanyň geljegimiz üçin peýdalary we zyýany barada durup geçeris. Peýdalary: Aragatnaşyk: Tehnologiýa adamlara biri-biri bilen has çalt we aňsat aragatnaşyk gurmaga mümkinçilik berýär. Telefon, internet we e-poçta ýaly gurallaryň kömegi bilen hatda dünýäniň beýleki künjegindäki adamlar bilen hem derrew aragatnaşyk gurup bileris. Netijelilik: Tehnologiýa iş durmuşynda öndürijiligi ýokarlandyrýar.…

3 minut alar

BAZAR

Söwdanyň bar ýerinde hökman bazar bolaýmaly. Adamlar özlerine gerekli zatlary almaly, satmaly,sowmaly,gazanmaly… Tejende hem üç sany bazar bar; Arzuw bazar, Gök bazar we mal bazar. Hepdäniň dördünji we bazar günleri Arzuw bazar açyk galan günleri bolsa Gök bazar(Mal bazar diňe bazar güni açyk).Arzuw bazar beýleki bazara garanyňda has uly. Oňa goňşy etrap,şäher,obadaky(Duşak,Babadaýhan,Sarahs,Altyn asyr) ilat gelýär. Bazar güni hemme kişi üçin bereketli gün. Ýagny herekede bereket. Satyjylar,alyjylar, köçede durýanlar, taksistler, galtakçylar(taçka). Maşgalalarda köplenç rollar bölünen. Produkta…

3 minut alar

Déjà vu we ylym

Geçen makalamda belleýşim ýaly, biz düýşi oýa wagtymyz hem görüp bilerismi? Biziň oýa wagtymyzda görýän täsin zadymyz, has dogrusy ýatlamamyz bu düýş däl. Onuň ylmy ady déjà vu. Adamlar dežawýu effektini düýş bilen baglanyşdyrýarlar, çünki olar bolup geçýän hadysany ýadynda galan düýşleriniň käbir elementleri bilen meňzeş görýärler . Irki döwürlerde dežawýu başgaça oýa wagtynda görülýän düýş diýilse, häzirki wagtda bu çaklama ýalňyş diýlip bellenildi. Dežawýu-bu näme? Bu sözi siz, köplenç, kinofilmlerde, telewidenýelerde, gündeki durmuşyňyzda eşdip…

Déjà vu we ylym

2 minut alar

#4. C++ programmirleme dilinde maglumatlary girizmek we endl funksiýasy

Salam hemmäňize! Bu makalada maglumatlary girizmäni öwreners we öwrenen zatlarymyzy ulanyp tejribe geçers. Makalany okap başlamakdan öň " #3. C++ programmirleme dilinde üýtgeýän ululyklaryň düşündirilişi " makalany okamany maslahat berýän, çünki şu makala şol makalanyň dowamy. Ilki bilen maglumatlary girizmäni öwreneliň. cin funksiýasy iostream kitaphanasyna degişli bolup, ol funksiýa maglumatlary bize girizmäne mümkinçilik berýär. Meselem, doglan ýylymyzy soraýan programma düzeliň: #include <iostream> using namespace std; int main() { int yyl; cout<<"Doglan yylynyzy girizin: "; cin>>yyl;…

#4. C++ programmirleme dilinde maglumatlary girizmek we endl funksiýasy
Profil suraty

Med Rahym

@M3drahym

·

5 minut alar

Nesibe (bolan waka)

Uzak gijäni çirim etmän geçiren Arslan otlynyň Aşgabada golaýlaýandygyny daş-töweregindäki adamlaryň hysyrdylaryndan aňdy. Bu pursat ol özüni gaplap alan gorky gatyşykly näbelli duýgulara erk etmäge çalyşdy. Özi bilen deň, mümkin ondan hem beter gijäni binjalyk bolup geçiren garşysynda oturan ejesinden nazaryny sowup, aladaly gözlerini gizlejek boldy. Ine-de otly soňky duralga gelip ýetdi. Ýolagçylar yzly-yzly orunlaryny boşadyp başladylar. Arslan üçin bolsa ýolbelediň açyp goýan gapysyna tarap ädim ätmek onuň güýç-gaýratyny synaýan ýalydy. - Oglum, bizem ýuwaşlyk…

3 minut alar

#3. C++ programmirleme dilinde üýtgeýän ululyklaryň düşündirilişi

Salam hemmäňize, şu makalada üýtgeýän ululyklar we olaryň görnüşleri barada gürrüň beriler. Makalany okap başlamakdan öň " #2. C++ programmirleme diliniň sintaksisyna giriş (using namespace std, int main(), #include) " makalany okamany maslahat berýän, çünki şu makala şol makalanyň dowamy. Ýönekeý dilde aýdamyzda üýtgeýän ululyk ( rus dilinde : переменная ; iňlis dilinde : variable ) bu maglumatlaryň gutusydyr. Adyndan belli bolşy ýaly üýtgeýän ululyklar programmanyň işiniň dowamynda üýtgedilip bilner. Meselem, “ x ” üýtgeýän…

#3. C++ programmirleme dilinde üýtgeýän ululyklaryň düşündirilişi

3 minut alar

Günde näçe düýş görülýär jahanda? Müňmi? Millionmy? (G.Ezizow)

Nähili pikir edýärsiňiz? Biziň çagakak iň halamaýan zadymyz nämedi? Meniň pikirimçe, köpleriň jogaby, elbetde, uky bolsa gerek. Çünki çagalar işjeň hereketde bolýarlar, köp zatlary bilmek we tejribede barlap görmek isleýärler. Şonuň üçin hem olar, köplenç, uklamakdan "gaçýarlar". Emma uly adamlar olaryň tersine. Olaryň iň ejir çekýän zatlarynyň biri ukusyzlyk. Çünki biz ulaldygymyzça pikirlerimiz, aladalarymyz, ýerine ýetirmeli borçlarymyz köpelýär, çylşyrymlaşýar. Sözümizi jemläp aýtsak, adam özüniň uka mätäçligi esasynda çagalyk döwründen daşlaşýanlygyna düşünýär. Ählimiziň hem bilşimiz ýaly,…

Günde näçe düýş görülýär jahanda?
Müňmi? Millionmy? (G.Ezizow)

2 minut alar

#2. C++ programmirleme diliniň sintaksisyna giriş (using namespace std, int main(), #include)

Hemmäňize salam. Bu makalada С++ programmirleme diliniň sintaksisi bilen kiçiräjik tanyşlyk geçiler. Makalany okap başlamakdan öň " #1. C++ programmirleme dilini ulanyp, öz ilkinji programmaňyzy düzüň " makalany okamany maslahat berýän, çünki şu makala şol makalanyň dowamy. C++ dilinde ýazylan kodlama seredip göreliň: #include <iostream> using namespace std; int main() { cout<<"Salam!"; } 1-nji kodlama Şu kodlamada indi her setiri bir-birdan seredip göreliň. #include <iostream> Berilen kodlama C++ programmirleme dilinde “ iostream ” kitaphanany birikdirýär,…

#2. C++ programmirleme diliniň sintaksisyna giriş (using namespace std, int main(), #include)